Dursun Ahmedowanyň DEGIŞMELERINDEN

«O-la Şemşat gelnejem»

Dursun Ahmedowa bilen Ýagşymyrat Akyýew sahnada elmydama är-aýalyň keşbini janlandyrýan - eken. Bu ýagdaý olaryň arasyndaky dostlugyň has-da pugtalanmagyna getiripdir.

Günlerde bir gün Ýagşymyrat aganyň öýüne giçden soň kimdir biri yzyny üzmän jaň edýärmişin. Ol bu telefon jaňlary ogullaryna gelýändir öýdüp pikir edensoň, olara telefony galdyrmagy gadagan edýär. Bu ýag- daý iki-üç gün dowam edipdir. Ahyryn Ýagşymyrat Akyýew ogullaryny ýanyna çagyryp, olara käýemäge başlapdyr. «Şu günden şeýläk, gije hiç kime jaň gelmelem däl, hiç kim jaň etmelem däl» diýip, çyny bilen aýdypdyr. Muny eşiden körpe ogly: «Kaka, ol-a, Şemşat (Dursun Ahme- dowa) gelnejem. Sen bu günler dynç alyşda bolaňsoň, özüniň täze keşbi barada maslahatlaşjak bolup jaň edýän eken. Şu gün ýolda gabat gelen- de aýtdy» diýäýipdir.

Şypahana öz aýaly äkitsin!

Dursun Ahmedowa nobatdaky zähmet rugsadyna çykyp, Baýramaly şypahanasyna gidýär. Ol ýerde-de özi ýaly deň-duşlaryny güldürip hezil berip otyrka, ýanyna bir garryja aýal gelipdir-de: «Gyzym Şemşat, Aşgabatdan şu ýerlere saglygyňy bejertmäge gelipsiň. Ýanyň bilen adamyň Ýagşynam alyp gelseň bolmaýarmy!» diýip, oňa ýüzlenipdir. Bu gürrüňe Dursun Ahmedowa aňk-taňk bolupdyr. Emma basym onuň Ýagşymyrat Akyýewi özüniň adamsydyr öýdüp pikir edýändigine düşünipdir-de: «Wiý, Ýagşymyrady öz aýaly äkidibersin!» diýip, jogap beripdir.

Ýekeje gezegem aýdym aýdyp görmedim

Şemşat Ahmedowanyň janlandyran sahna eserinde aýdym aýtmaly ýeri bar eken. Ol söýgi aýdymyny şunça jan edip, aýtjak bolsa-da hiç bolmaýarmyşyn. Onuň düşen ýagdaýyny aňlan režissýor:
— Şemşat söýgi bilen aýtsan-a. Sen näme ýekeje gezegem öň söýüp görmediňmi? — diýip sorag beripdir. Häliden bäri aýdyma hiňlenip, bokurdagy gyrlan Şemşat gelneje-de:
— Wah, söýüp gördüm-le, ýöne ýekeje gezegem aýdym aýdyp gör- medim — diýip jogap beripdir.

 

Taýýarlan Annamuhammet Baýmuhammedow