ARTISTIŇ ÝANDEPDERÇESINDEN

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Batyr Çaryýew çeper döredijilik bilen meşgullanyşy ýaly, öz kesbi bilen bagly pikir ýöretmelerini-de ýandepderçesine belläp goýýar.

*     *     *

Käteler öz-özüme: «Režissýordyr sahna suratkeşiniň döredýän keşbine görä, geýmeli diýen egin-eşiklerinden gowy oýnajak bolgun!» diýip sargaýaryn. Muny nämeden diýýärin. Bir gezek döredijilik saparynda esgeriň keşbinde çykyş edýän artistleriň biri: «Ynha, beýleki ýoldaşlarym-a öz eşikleri bilen oýnaýarlar. Menem şeýdäýeýin» diýip, jogapkär režissýora ýüzlenen. Muňa režissýor sypaýyçylyk bilen: «Ýok, birinjiden-ä, sen beýleki ýoldaşlaryň ýaly aşpezdir daýhan ýigidiň keşbinde däl-de, esger ýigidiň keşbinde, ikinjidenem, seniň esger lybasyň özüňden gowy oýnaýar-a!» diýipdir. «Öz-özüme diýýärin» diýmäm hem şunuň üçin.

*     *     *

Artistiň döredýän keşbine görä, diňe onuň ýüzüne ýelmenen sakgaldyr murtuň däl-de, ýüzüniňem sakgal-murta gelişmegi gerek. Ýürek ýüzüňem-gözüňem aýnasy ahyryn. Sakgal-murtly, owadan grimli bolubam keşbiňi ýürekden ýerine ýetirmeli diýjek bolýanyma düşünensiňiz-le...

 *     *     *

«Seret, neneň görýäň meniň oýnaýşymy?!» diýýän ýaly, bir gözi tomaşa zalyndaky kimdir birine seredýän, bir gözi hem sahnadaky bile çykyş edip duran ýoldaşlaryna seredýän artistiň gözüni «Bir gözi Aýa bakýar, bir gözi şetdaly kakýar» diýil- ýänine meňzetse-de bolardy.

*     *     *

Ýene-de bir zat. Sahnada sözüň bir zat diýip, hereketiň başgaça bolsa, «Men näme diýýän, dutarym näme diýýär?!» diýlen söze çalymdaş bolar eken.