Watan hakda söz açsaň...

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy esasynda goýlan adybir sahna oýny hakda söhbet

 

Uzak garaşdyran arakesmeden soň, bu gün teatryň tomaşaçylary ýetikdi. Edil şu pursat teatr bilen tomaşaçylaryň arasynda bitewi bir sazlaşyk döräpdi. Bu ýere ýygnanan sungat muşdaklary ömürboýy Watan didaryny küýsäp, bütin ömrüne Watan zaryny çekip ýaşan zenanyň ykbaly hakyndaky oýna tomaşa edýärdiler. Bu ýere gelenler edil dil birikdiren ýaly, birde ellerini eňeklerine diräp, birde dyzlaryna urup, birde başlaryny ýaýkap... özlerinden biygtyýar oýundaky wakalar bilen ýaşaýardylar. «Watan-ow, Watan!» diýip döken gözýaşlaryndan ýaňa gözleri sokur bolan garry enäniň halyna gynanyp, owasyndan biygtyýar syrygýan gözýaşlaryny sylýanlar-da az däldi. Hamala, olara näbelli güýç perman berip duran ýalydy. Ol güýç täze eseri döredijileriň birleşen tagallasynyň miwesidi.

Şol gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň täze möwsümi açylyp, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy esasynda zehinli režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan oýny dowam edýärdi. Bu eseriň çeperçilik gymmaty barada aýdara zat kän. Ýazyjy-şahyrlaryň öz duýgularyna çümüp, sagatlap gürlemegi mümkin. Drama bolsa beýdip bilmeýär. Ol wakalary hereket arkaly sahnada janlandyrýar. Dogry, onda hem pelsepe, pikir, duýgy bolmaly. Ýöne bu gözel düşünjeler hereketler arkaly açylyp görkezilýär. Bu sahnada durmuşyň bir bölegi janlandyrylýar. Hakyky durmuş wakalary esasynda ýazylan eser tomaşaçynyň uklap galan duýgularyny, irkilen hakydasyny oýarýar. Zehinli suratkeş, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Myrat Haýtyýew oýnuň sahna bezeginiň üsti bilen dramaturgyň, režissýoryň pikirini ösdüripdir we baýlaşdyrypdyr. Sahnada ak reňkli serwitallaryň pelsepewi manysy bar. Ak reňk, aslynda, ýatdan çykmaýan wakalaryň sahnadaky aňlatmasy. Watanyň serwitallarynyň hoş owazy baş gahryman Gülbahar mama üçin mukaddes hem eziz. Oýnuň başynda onuň hyýalynda ýaşlyk döwrüni janlandyran pursady gyzlaryň aýdýan «Noý-noý» aýdymy serwitalyň owazyny ýatladýar. Heý, giň howlyny, şahalaryny yranda ýakymly saz çalyp berýän baglary, bu bereketli topragy terk edip bolarmy?! On iki ýaşly gyzjagaz öz hossarlarynyň, obadaşlarynyň şeýle eşreti taşlap, ýat illere göç etjek boluşlaryna hiç düşünip bilmeýär. Onuň öz dogduk depesindäki erkin öwsen şemaly, şahasynda guşlar aýdym aýdýan baglary hiç zat bilen çalşasy gelmeýär. Näme üçin ulularyň şuňa akyly çatmaýarka?! Gyzjagaz şonuň üçin gyzgyny doly gaýtmadyk tamdyrda, soňra leýlisaçyň kölegesinde özüni gizleýär. Ol çaga dilinde näler Watanyň nämedigini düşündirjek bolýar, ýöne naçaryň kän zada güýji ýetmeýär. Gülbahar mamanyň çagalyk keşbini ýaş artist Meňlitäç Döwletowa ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ýaşlykda ykbal nesibesi ýat ile çeken Gülbahar mamanyň ömrüniň köp bölegi şol depäniň üstünde geçýär. Uzakly gün depäniň üstünde gaýralygyna — Watan sary seredip, ýalynly ýüreginiň oduny «Gysym gumuň dertlerime dowa-leý, dowa-leý, //Adyň seniň dillerimde doga- leý, doga-leý...» diýen ýaly zaryn hiňlenmä çalymdaş aýdymlary bilen egismek isleýär. Şol ýerde ýüregine biraz aram tapýar. Sebäbi ol körem bolsa, şol ýerde oturyşyna köňül gözleri bilen öz Watanyny görüp bilýär, onuň baglarynyň sesini diňleýär, howasynyň ysyny alýar. Soňky nesiller üçin näjaýrak eşidilen sözlerde hakykatyň jany bar. Çünki Watan mukaddesligi hakyndaky düşünjeler adaty sözleriň çäginden has giň ahyry. Ony hemmeleriň aýdýan sözleri bilen gaýtalamagyň näme hajaty bar? Gülbahar mamanyň Watan hakyndaky sözleri başgalaryňka meňzeş däl, ýöne şol sözleriň aňyrsynda çuňňur pelsepe we hakykat ýatyr. Sebäbi ol heniz on-on iki ýaşlaryndaky gyzjagazka özgeleriň görüp, duýup bilmedik Watan ezizligini duýup ýetişýär. Gülbahar mamanyň Watan diýip çekýän ahy-nalasy ýüregiňi endiredýän şygyr setirleri bolup zybanyndan dökülýär. Bir gezek şol depede oýnap ýören on-on iki ýaşly oglanlar Gülbahar mamadan ýaşyny soranlarynda, ol: «Men siziň bilen deň-duşduryn» diýip jogap berýär. Ýetmiş ýaşly kempiriň bu sözlerine düşünmän, çagalar gülüşýärler. Şonda Gülbahar mamanyň: «Nämä gülüşýäňiz, bezzatlar? Heý, şu ýat ilde ýaşap bolýarmy? Meniň diňe öz Watanymda ýaşan ýaşym ýaşdyr, Watandan jyda düşelim bäri gury göwre men, gury göwre!..» diýen sözlerini tolgunman, dideleriňi ýaşlaman diňlemek mümkin däl. Ol sözler Watan diýen mukaddesligiň nähili gymmatly zatdygyny bütin aýdyňlygy bilen hakydaňda janlandyrýar.

Gülbahar mama öz ýaşaýan tamyna penjiredir gapy-da goýdurmaýar. Bütin ömrüne olaryň ornuna köneje şal tutup ýaşaýar. Ondan-mundan gulagyna ýetýän gürrüňlerden namys edýän ogly: «Jaýa gapydyr penjire goýduraly» diýip, özelenipler haýyş etse-de: «Il näme diýse, şony diýsin. Işik-aýna goýup, meni bu ýerde hemişelik alyp galjak bolma. Ynha, Watana baraly, näme gaýratyň bolsa şol ýerde görkezersiň» diýýär. Bu jümle soňky demlerine çenli Watany görmek umydy bilen ýaşan ýüzläp Gülbahar mamalaryň ýürek sedalary, köňül islegleri.

Sahna eserinde her bir gahrymanyň öz häsiýeti bolmasa, beýle sahna eseri soňky nokada çenli ýetip bilmeýär. Häsiýetiň, ýagny her bir ýerine ýetirijiniň içki we daşky keşbindäki ynsana mahsus sypatlaryň ýüze çykyşy bilen sahna janlanyp başlaýar. Tomaşaçy bolsa özüni teatrda däl-de, durmuşyň jümmüşinde, ýaşaýyş akymynyň içinde ýaly görýär. Hakyky ylham bilen ýazylan eserleriň gahrymanlary diri bolýar. Olaryň häsiýetleri göze ilýär. Gülbahar mamanyň bakyýete göç etmeziniň öňüsyrasy ogluna edýän wesýetini hem tolgunman diňlemek mümkin däl: «Indi maňa pugta gulak sal, oglum. Amanadymy tabşyramsoň, meni şool gaýraky depäniň üstünde depin ediň. Men şu töwerege ilki gelemde, obamyzy görjek bolup çykan şol depämiň üstünde özümi biraz rahat duýýan. Özem meni jaýlanyňyzda, ýüzümi hökman Watana bakdyryp jaýlaň! Onsoňam, Hudaý halap, haçandyr birwagt ata Watana ýol açylaýsa, hökman ol ýeriniň gumundan getirip mazarymyň üstüne sepgin! Ýene-de bir aýtjagym..., meniň gözlerimi ýumdurjak bolup azara galmaň. Barybir, olar ýumularam öýdemok. Gaýtam, olar açyk dursun! Bu gözlerim häzir görmesede, o dünýäde görer. Goý, men o dünýäde-de şol beýik depeden dogduk obama seredip ýataýyn...».

Birinden toý habaryny eşitse, bütin ömrüne: «Toý gaýrada bolýarmy?» diýip umytly garaşan, irde giçde gaýrada, ýagny ata Watanda toýuň boljagyna ýüregi bilen ynanan, «Birdenkä gaýradan toý habary geläýse men aýakbagy bolaýmaýyn» diýip, toý düwünçegini elmydama elýüzde saklan ene oýnuň ahyrynda ata Watanynyň Garaşsyzlyk toýuna «gelýär». Ýöne ogludyr agtygy, gelinleri bilen Gülbahar atly bäbejik — çowluk bolup gelýär. Myhmanlaryň uçardan düşýän pursady juda täsirli. Olaryň haýran galmak bilen ata Watanyň gözelliklerini synlaýyşlary, Gülbahar mamanyň ogly Salyh pälwanyň çowlugyny eline alyp: «Ene, ata Watana geldik, seniň ömürboýy arzuwyny eden toýuňa — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk toýuna geldik» diýip, pyşyrdap aýdýan sözleri islendik ýürege täsir edýär.

Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlary sahna hereketlerini «gürledip» bilýär. Bu pursada çydabilmän, uly iliň bilen ses edip, oturan ýeriňden daşary atylyp çykasyň, sesiň ýetdiginden aglap-aglap içiňi boşadasyň gelýär. «Men nähili bagtly hem baý, çünki meniň Watanym bar!» diýip gygyrasyň gelýär. Gözýaş diňe bir gynanjymyzyň däl, düşündirip bilmeýän sözlerimiziň beýany.

Men tomaşaçy hökmünde Döwrangeldi Agalyýewi we Perhat Hudaýberenowy ynsan kalbyna täsir edip biljek inçe usullary sungatyň dilinde döredip bilendikleri üçin gutlasym gelýär. Oýnuň şu pursady hiç bir tomaşaçyny biparh goýmaýar. Ine, dramaturgyň aýtjak bolýan pikirine düşünen režissýor şu ýerde oýnuň gazygyny kakýar. Ine, sungat şu ýerde öz tomaşaçysynyň, aýratyn-da, ýaş nesliň aňyna Watan hakyndaky iň mukaddes sözi aýdyp, öz maksadyna aňryýany bilen ýetýär.

Gahrymanlaryň kysmatyny öz kysmaty saýyp, keşp oýnaman, sahnada ýaşaýan artistler oýny oýun edýärler. Gülälek Şaýmerdanowa, Döwlet Hojanazarow, Aýna Rozyýewa ýaly onlarça artistiň ýerine ýetirýän keşpleri arkaly Watan mukaddesligi, halkymyzyň däpleri, ajaýyp zamanamyzyň beýik ösüşleri, «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde Ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň dünýä türkmenlerine hossarlyk ganatyny gerşi çeper açylyp görkezilýär. Dramaturg bilen režissýoryň kalby biri-birine düşünse, sahna eseri maksadyna ýetýär. Watanyň jandan-da ileri görülýän beýik gudratdygyny, Watandan aýra ýaşaýşyň jebriniň çekip-çydardan çökderdigini täsirli açyp görkezýän bu sahna eserinde şol iki kalp biri-birine örän gowy düşünipdir. Şoňa görä, biwatan kişileriň kalbynyň başdan geçirýän ahwallaryny inçe duýgular bilen kämil derejede tomaşaça ýetirýän «Watan jandan ileri» atly oýnuň uzak ýaşajakdygyna, Watan gymmatyny ýaş nesliň aňyna ýetirmekde örän ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýarys.

 

 

Mahym ROZYÝEWA