Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Aýmämmet Işangulyýewiň edebi eseri esasynda, Guwanç Baýmedowyň režissýorlyk etmeginde çagalar üçin «Garry möjek hakynda» atly sahna oýny sahnalaşdyrylýar.
Täze spektaklda tokaý jandarlarynyň başdangeçirmeleri beýan edilip, oýunda halypa artistler P.Hojanepesow, N.Hallakowa we ýaş artistler A.Berdiýewa, Ş.Saryýew çykyş edýärler. Spektaklyň sahna bezegini Ç.Töräýew, saz bezegini M.Nuryýew ýerine ýetirýär. Täze sahna oýny çagalara dost-doganlyk, agzybirlik, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelerimizi beýan edýändigi bilen tapawutlanýar.