BÄSLEŞIK 

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

«Türkmen teatr sungaty» atly bäsleşik 

Bu bäsleşik aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

  •   zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin; 
  •   erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin; 
  •   suratkeşiň iň oňat işi üçin; 
  •   iň oňat saz bezegi üçin; 
  •   ikinji derejeli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin; 
  •   tomaşaçylaryň söýgüsini gazanany üçin; 
  •   iň ýaş zehin üçin. 

Bäsleşik 16-njy maýda jemlenip, iň gowy sahna oýny üçin 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere sowgatlar, Diplomlar gowşurylar. Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryna, sowgatlara mynasyp bolarlar. 

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-00-60, 44-00-55.