Teatr - jadyly dünýä

(Oýlanma) 

Teatr!.. Siz teatrda bolup gördüňizmi? Siz teatry meniň söýşüm dek söýýärsiňizmi? Eýsem, siz hyjuwdyr joşgundan doly juwan kalbyňyz hem yhlasyňyz bilen teatry söýýärsiňizmi? 

Men ol ýerde özüniň ähli täsinligi, gözelligi hem-de ýesir ediji syrlylygy bilen tutuş älem-jahany görýärin! Meniň garşymda gögüň ebedi mawy gümmezi, zeminiň asuda giňişligi, gök öwsüp oturan agaçlar hem-de göwnüňi dokundyrýan giň sonarly meýdanlar peýda bolýar. Teatryň mata bulutlary, kendir mata çekilen Aý-Gün we ýyldyzlar, daragtlar, deňizdir derýalar meniň hyjuwly duýgularymy joşa getirip, gudrata garaşýan göwnüme gojaman zeminiň gözelliklerini taryp edýär.

Eýsem, siz her gezek teatrdan öz köňlüňizi duýgular bilen dolduryp, çykyp gaýdanyňyzda täsirlenmeden kalbyňyzyň heýjanlanýandygyny duýýarsyňyzmy? Teatrda inçe sungatyň ähli jadysynyň, mylaýymlygynyň hem mähirliliginiň jemlenýändigini syzdyňyzmy? Eýsem, ol duýgularymyzyň soltany dälmi? Eýsem, teatryň kalbyňa salýan täsiri edil ümmülmez sähralarda gopýan tupanyň çäge syrgynlaryny ýokary göterişi deý duýgularymyzy heýjana salýan güýç dälmi? Eýsem, başga haýsy sungat duýgular arkaly aklyňy haýran edýän şeýle güýje eýekä?

Sahnada öz hökümini ýöredip, belentlige göterilýän ynsan durmuşynyň ruhy dünýäsi orta çykýar. Taryhyň ylymlaryň arasynda esasy orna eýe bolşy deý, teatr sungaty hem beýleki sungat eserleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Adam ykbaly hemişe-de adam üçin gyzykly bolupdy, ol mundan beýläk-de şeýle bolmagynda galar. Şoňa görä-de, sahna eseri – spektakl adamyň baky göreşini, mertebesini, maksadyny hem wezipesini janlandyrýar. Onuň esasy çeşmesi bolsa akyl ýetirip bolmaýan syrly durmuşyň many-maksadyna ymtylmakdyr.

Teatr sizi bu hysyrdyly dünýäden, wagtlaýyn bolsa-da, sogrup alyp, täsinlikleriň giň dünýäsine atarýar. «Hakykatda teatr näme?» diýip, soraýanlara köp gabat geldim. Men olara «Teatr – hakyky sungat öýi, bu öýe giren badyňyza aýagyňyz ýerden üzülip, durmuşyň gündelik aladalaryndan saplanarsyňyz!» diýip, jogap berdim.

Teatryň gapysyndan ätläniňizden bir ýakymly nämälim duýgy sizi gaplap alar. Ol duýgy siziň göwnüňizi göterer. Haýsydyr bir düşündirip bolmaýan bagtyýarlygyň şirin nagmasy ýüregiňizi öz goýnuna düýrläp alar. Giň teatryň tomaşa zalyny dolduryp oturan töweregiňdäki ynsanlar seniň sabyrsyzlyk bilen garaşmalaryňy deň çekişýärler, sen olar bilen bir duýguda gabatlaşýarsyň. Bu zynatly ajaýyp gyrmyzy perde bolsa, hyjuwdyr joşgunlaryň deňzi mysaly, sahnanyň aňyrsynda asyrlaryň paýhasyna eýe bolan gudratdyr gözellikleri pynhan saklaýandygyny size ýatladýar.

Ine, tomaşa zaly! Siz bu ýerde indi öz durmuşyňyzda ýaşamaýarsyňyz. Siziň sowuk «meniňiz» söýgi alawlarynyň içinde gaýyp bolup, ol ýerden siz öz ruhy dünýäňizi timarlap, üstüni doldurýan gözellikleri hem-de ýagşylyklary susup alarsyňyz. Durmuşda kynlyk bilen gazanan üstünlikleriňiz, geçen belentli-pesli menzilleriňiz baradaky pikirleri bu ýerde unudarsyňyz.

Eger-de, günlerde bir gün göwnüň söýgä ýa-da ruhy göterilişe teşne bolup, köpden bäri unudan, amala aşmadyk arzuwyň saýýan söýgüli ynsanyň hyýalyňda janlansa,  bu ýerde şol teşnelik baş bermeýän güýç bilen tutaşar – bu ýerde şol keşp ýene-de saňa görüner, onuň gussa hem söýgi bilen özüňe gönügen nazaryny görersiň, onuň yssy nepesi dünýäňi gaplap alar.
Spektakl başlamazyndan öň yşyklar ýuwaşlyk bilen öçüp ugraýar. Sizi eýýäm üýtgeşik bir dünýä gurşap alýar. Köňlüňiz onuň owazyna maýyl bolmaga taýynlanyp, çuňňur täsirlere garaşýar. Töweregiňdäki adamlar nirädir bir ýere gaýyp bolup, saňa bakyp duran ýapyk perde bilen ikiçäk galýarsyň. Ine-de, ýuwaşlyk bilen perde syrylýar... Gözleriňiziň öňünde tükeniksiz hyjuwlaryň we adam ykballarynyň dünýäsi ýaýylýar! Nazaryňyzy sahna gönükdireniňizde dürli ykbally adamlaryň – juwanynyň, gojasynyň, güýçlüsiniň, ejiziniň ýüzlerini hem-de hyjuwdan uçganaklaýan didelerini görersiňiz.

...Hanha, ol ýerde bir oglanjyk saňa bakyp dur. Ony kimdir öýdýärsiňiz? Ol sen. Ol seniň çagalygyň. Ol gözjagazlaryny balkyldadyp durşuna saňa soragly seredýär hem-de seniň şo-ol çagalygyňda tapmadyk soraglaryňa jogap bermäge çalyşýar. Seniň geçen ýoluň barada saňa gürrüň berýär. Seniň unudandyryn öýden geçmişiň göz öňüňde janlanyp başlaýar.

Aňyrdan ýaş, hyjuwly, görmegeý ýigit sahna çykýar. Ony kimdir öýdýärsiňiz? Ol hem sen, mähriban tomaşaçy. Ol seniň ýaşlygyň. Ol seniň joşup duran kalbyň. Ol seniň gursagyňdaky äleme sygmaýan duýgularyň. Ol seniň söýgiň. Ýatlamalaryňda galan ahmyrly söýgiň. Bir gözele aýdyp bilmedik sözleriň. Belki, göze görünmeýän ganatlaryň. Sen uçup ýörsüň, özüňi hiç kim görýän däldir diýip oýlaýarsyň. Ýok, bu beýle däl. Uçduňmy, diýmek seni görýärler. Seniň gowy niýetleriňi, hyýallaryňy bütin dünýä görýär.

Ine-de, bir ene. Ol mukaddes ädimleri bilen saňa golaýlaýar. Ol seniň eneň. Ol ne beýle gussaly görünýär? Sen oýlan! Mümkin, onuň bu haly öz eneňden seýrek habar alýandygyňy aňladýandyr. Megerem, sen soňky wagtlar ondan habar alýan hem dälsiň?!

Ine-de, bir ak sakgally ýaşuly agras basyp sahna çykýar. Bilýäňmi, ol kim, mähriban tomaşaçy? Ol seniň ataň, pederiň. Ol seni şu güne çenli getiren köküň, damaryň, ömür daragtyň. Seni pentleri bilen ulaldan, hol alyslarda galan aslyň. Ol seniň kimdigiňi, nä haldadygyňy, mundan beýläk seniň nähili adam bolmalydygyňy ýatladýan beýik ynsan. Sen oňa ünsli seret hem-de ony ünsli diňle! Sen bu duýgulara biparh bolup bilmersiň, mähriban tomaşaçy, şonuň üçin hem sen bu ýere – teatra gel!

Ol ýerden çykyp gaýdanyňyzdan soň, siz hökman ýagşy işleri amal edersiňiz. Çünki, bu ýer sizi gowulyga, ýagşylyga çagyrýan ýer.

Ine, bu mukaddes topraklary, mawy asmany, mymyjak bulutlary saňa jady bilen janlandyrýan dünýä – teatr. Sen ony gör, sen oňa gulak as! Şonda seniň kalbyňda, ýaşaýşyňda, ýüregiňde bir ýyljajyk duýgy oýanar. Oýanar-da, seni bir gowy işiň başyny başlamaga çagyrar. Sebäbi sende mukaddes duýgular oýandy. Seni şol işlere ruhlandyrýan ýer – teatr.

Siz teatrda bolup gördüňizmi? Eger bolup görmedik bolsaňyz, haýyş edýärin, hökman geliň! Teatryň dünýäsinde ýaşap görüň! Çünki teatr – ýagşylykdan, hakykatdan başlap, ynsan üçin zerur hem mukaddes bolan ähli duýgulardan, pelsepelerden, pikirlerden söhbet açýar.

 

Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň baş drama teatrynyň režissýory.