USSADYŇ ÝOLY

Milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalar barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar.   

Döredijilik işgärleriniň aglabasyna mahsus bolşy ýaly, onuň sungat bilen içgin gyzyklanmasy çagalyk ýyllary başlanýar. Ol şol döwürler oba mekdebiniň çeper höwesjeňleriniň gurnagyna işeňňir gatnaşyp, deň-duşlarynyň sahnalaşdyran gysgajyk sahnalarynda çykyş edýär. Çagalyk höwesi ony Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyna alyp gelýär. Bu ýerde ol öz döwründe tanymal artistlerimiziň tälim alan belli mugallymlary O.I.Pižowonyň, B.W.Bibikowyň elinde okaýar. Ýatda galyjy wakalara baý bolan talyplyk ýyllary institutda sahnalaşdyrylýan spektakllarda öz ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagy başaran zehinli talyp hemişe mugallymlarynyň öwgüli sözlerine mynasyp bolýar.       

Annamyrat Berdiýew 1964-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, şol döwürdäki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işe başlaýar. Çagalykdan sungata höwesli bolup, bu ugurdan ýokary bilim alan ýaş artist üçin jadyly sungatyň jümmüşine içgin aralaşmaga uly mümkinçilik döreýär. Ol işe başlan gününden milli we doganlyk halklaryň dramaturglary tarapyndan ýazylan spektakllarda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp başlaýar. Ol «Guşgy galasy», «Agtyklam bolsa öýlenjek», «Arabanyň tigri sypýança», «Ezop», «Riçard III», «Ynsabyň yzasy», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyşlar», «Keseki», «Derňewçi», «Tupan», «Romeo we Žulýetta», «Ret bol, ýarag», «Oba gyzy» ýaly spektakllarda gahrymanynyň ruhy dünýäsini tomaşaçylara ussatlyk bilen ýetirýär. 

Özüne ynanylan keşpleri teatr sungatyna mahsus dürli usullar bilen has-da baýlaşdyryp, sahnada gürrüň berilýän wakany tomaşaçynyň edil özüniňki ýaly kabul etmegini başarmagy oňa uly üstünlik getirýär. Bulardan başga-da, teatr režissýorlary bilen ýarym sözde düşünişip bilmegi onuň zehinini zähmet bilen taplamagyna hem-de teatr sungatymyzyň täze öwüşginli sahna eserleri bilen baýlaşmagyna täsir edýär.  

A.Berdiýew türkmen teatr sungatynyň gözbaşynda duran halypa artistler A.Gulmämmedow, B.Amanow, Sona we Suraý Myradowalar bilen bile keşp janlandyrýar. Doga zehini, belent adamkärçiligi bilen halk hakydasynda ebedi galan bu ussatlar bilen bile keşp döretmegi onuň teatr sungatyna bolan yhlasyny has-da artdyrýar. Teatr režissýorlary oňa ussat halypalaryň nusgalyk derejede döreden keşpleriniň üstünde täzeden işlemegi ynanýarlar. Şonda ol şeýle uly ynamy ödemek üçin uzak wagtlap döredijilik gözleglerinde bolýar. 

A.Berdiýewe dünýä belli rus ýazyjysy N.W.Gogolyň «Derňewçi» atly sahna eseriniň baş gahrymany Hlestakowyň keşbini janlandyrmak ynanylýar. Ondan ozal bu keşbi A.Garlyýew, A.Gulmämmedow ýaly sahna ussatlary janlandyrypdy. Onuň döreden gahrymany — Hlestakowy özüni erkin duýýan keşpleriň biri bolup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. 

Sahna ussady alym şahyrymyz A.Kekilowyň «Söýgi» romany esasynda belli teatr režissýory O.Hajymyradowyň sahnalaşdyran spektaklynda baş gahrymanlaryň biri Akmyradyň ýatda galyjy keşbini janlandyrdy. Ozal bu keşbi halypa artistlerimiz A.Alawow, H.Annamämmedow dagy janlandyrypdy. A.Berdiýewiň döreden Akmyrady tomaşaçylaryň aňynda şahyrana hem-de duýguçyl sahna gahrymanyň keşbi bolup galdy. 

Halypa artist teatrdaky esasy işiniň daşyndan dostlukly ýurtlaryň tanymal kino ussatlarynyň dürli ýyllarda surata düşüren çeper filmlerine türkmen dilinde ses bermäge gatnaşdy. Ol «Gulluk romany», «Aýratyn möhüm tabşyryk», «Olar Watan üçin söweşdiler», «Mehanik Gawrilowyň söýgüli aýaly» ýaly ençeme çeper filmlerde dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmen dilinde gürlemegine saldamly goşant goşdy. 

A.Berdiýew hemişe diýen ýaly ýaşlaryň arasynda bolup, olara öz döredijilik ýoly barada gürrüň berip, durmuş hem sungat hakynda pikir alşypdyr. Halypa artist Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda halk dessanymyz esasynda «Ýusup-Züleýha» spektaklyny, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda ýaş artistler bilen «Söýgi duralgasy» atly spektakly täzeden sahnalaşdyrýar. 

Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň milli teatr we kino sungatymyzy ösdürmekde bitiren işleri, özboluşly döredijilik ýoly ýaş zehinler tarapyndan öwrenilýär. 

 

Dünýägözel BEKIÝEWA, 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 
bölümçe müdiri