Oguljeren Gurbangeldiýewa

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Oguljeren Gurbangeldiýewanyň basyrylgy ýatan zehininiň ýüze çykmagyna sebäp bolan zadyň tötänlikdigi çyn.       

Bir gezek teatr Alty Garlyýewiň “Başlyk” atly sahna eseri bilen obalara döredijilik iş saparyna çykypdyr. Şol wagt Oguljeren Gurbangeldiýewa hem öz adamsy bilen, ýurdumyzyň meşhur teatr hem kino artisti Gulkişi Gulmyradowyň ýanynda eken. Garaşylman durka sahna eserinde Sonanyň keşbini ýerine ýetirýän artist keselleýär. Nätmeli? Oýuny goýbolsun etmelimi ýa-da bir çykalga tapmalymy? Teatryň şol wagtky režissýory Asker Babaýew kän ikirjiňlenmän şol keşpde Oguljeren Gurbangeldiýewany synap görmegi ýüregine düwýär. Daş keşbi, hereketi sahna gelşip duran gelin köp ýalbartman, haýdan-haý işe girişýär. Tötänlikde hem gyssagara taýýarlanylan bu keşp o diýen şowly bolmasa-da,  Oguljeren Gurbangeldiýewanyň teatr sahnasyndaky ilkinji synanyşygy hökmünde ýatlamaga mynasyp. Şoldur-da-şoldur, Oguljeren Gurbangeldiýewa öz ykbalyny teatra ymykly baglaýar.      

Ondan bäri kän wagt geçipdir. Oguljeren Gurbangeldiýewa kän keşplerde çykyş edip, teatra abraý getirýär, il-günüň gyzgyn söýgüsini gazanýar.    

Käte geçen ýoluňa ser salyp, ony paýhas eleginden elemek, halka eden peýdaňy saldarlap görmek adama mahsus gowy häsiýetleriň biri. Bu döredijilik adamlary üçin has zerur. Sebäbi ömrüň bir menzilindäki üstünlikleriň ikinji menzil üçin nusga bolýar.     

Artistiň öz ömür ýoluna ser salara, ýatlara zat kän. Eger ynsan ömrüni barha belende galyp basgançaklar bilen deňeşdirsek, onda  Oguljeren Gurbangeldiýewanyň ýeten belentliginde döreden her bir keşbi bir basgançagy aňladýar.     

 ...Zalyň içinde ses-seda ýok. Hemmeleriň nazary sahnada. Goşa oglunyň agysyny aglap, iki elini göge tutup bozlaýan enäniň zaryn sesi hemmäni üýşendirdýär. Uruş, talaňçylyk ony jigerbentlerinden aýryp, ýalňyz goýupdyr. Ol diňe öz perzentleriniň zaryny çekmän, bütin iline düşen betbagtçylykdan perýat edýär. Bu Oguljeren Gurbangeldiýewanyň dramaturg Taňryguly Taganowyň “Kökenli ýüzügindäki” Magtymgulynyň ejesi Orazbagtyň keşbinde çykyş edýän sahnasy.       

Zehinli artistiň ýatda galýan beýle keşpleri ýeke däl. Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Jennet” spektaklyndaky Sabyr eje, Güseýin Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasyndaky Bike eje, “Gömülgenindäki” Nataşa, Tirkiş Jumageldiýewiň “Ykraryndaky” Şasenem, “Derdeserindäki” Sadap, Bekge Pürliýewiň “Meniň mugallymymdaky” kapitan, Çary Aşyrowyň “Ganly sakasyndaky” Dursun, Ata Atajanowyň “Dost ýakynmy, doganyndaky” Hatyja, Kerim Gurbannnepesowyň “Taýmaz babasyndaky” Mamyş, Ýazmyrat Mämmediýewiň “Ene topragyndaky” Hajar palçy – ine, artisti belentlige ýetiren basgançaklaryň esasylary. Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň dakylmagy onuň asylly zähmetine berlen mynasyp bahadyr.        

Teatryň baş režissýory Bally Ýakubow bu artistiň zehinine göwniýetijilik bilen gürrüň beripdi: - Oguljeren ussat artist, adamkärçilikli kärdeş. Teatryň döredijilik toparynyň bähbidini mydama ýokary tutýardy. Ynanylan keşp kiçi ýa uly bolsun, parhy ýok. Tomaşaçynyň ýadynda galar ýaly edýärdi.      

Oguljeren Gurbangeldiýewanyň döreden keşplerini synlaýan her bir teatrsöýüji baş režissýoryň aýdanlary bilen ikirjeňlenmän razylaşar.       

Şagirtsiz ussany miwesiz daragta meňzedýärler. Bu babatda-da ussat artistimiziň dili gysga bolmady. Teatryň artistleri Gözel Gurbanowa, Olýa Rozyýewa, Gözel Döwletowa, Ogulhajar Nyýazberdiýewa dagy ony öz hakyky halypalary hasaplaýarlar.           

Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguljeren Gurbangeldiýewa “Aýratyn tabşyryk”, “Aýna” filmlerinde hem çykyş etdi. 
             
 Kakabaý Gurbanmyradow.                                                                                                                                                          *     *     *

Haýsydyr bir artistiň döredijiligi barada söhbet açylanda ilki bilen onuň teatr sungatyna bolan çäksiz söýgüsi, heniz mekdepde okap ýörkä oýnan keşpleri, soňra tamamlan okuw jaýy hakynda giňişleýin gürrüň edilýär...     

Döredijiliginiň käbir sahypalaryny yzarlajak artistimiziňki welin munuň tersine, düýpgöter başgaça. Ol ýaşlygynda artist bolmaklygy asyl-ha arzuw etmändi.     

Sebäbi onuň ýaşlygy pajygaly ýyllara gabat gelipdi: urşa ugran obadaşlaryna, kowum-garyndaşlaryna derek bilini bek guşap, tylda çekýän gahrymançylykly zähmeti bilen betpäl duşman bilen söweşýänlere kömek edýärdi.

Şu sebäpli-de okuwyny dowam etdirip bilmändi. Onuň inçeden, hysyrdyly sungat ýoluna baş goşmagyna bolsa durmuşda gabat gelen tötänlik sebäp bolupdy.      

Türkmen teatr we kino sungatyny ösdürmekde öçmejek yzlar galdyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Gulkişi Gulmyradow bilen duşuşmagy, soňra bolsa olaryň ykballaryny çatylmagy Oguljeren Gurbangeldiýewanyň teatr sahnasyna çykmagyna, uly at-abraý almaklygyna itergi bolupdy.     

Oguljeren ýoldaşynyň işleýän ýerinde -  Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda tehniki işgär bolup işe başlady. Sungata höwesi artyp barýan ýaş gelniň daş keşbiniň sahna gelüwligine, arassadan owazly sesine pisindi oturan režissýor Asker Babaýew ony 195-nji ýylda dramaturg Alty Garlyýewiň “Başlyk” sahna eserindäki Sonanyň keşbine synap görmekligi maksat edinýär. Oba gyzlaryna mahsus bolan ýygralyk, keşbiň hötdesinden gelip bilmen diýen gorkusy bu ilkinji işi barada agyz dolduryp gürlärlik derejesine ýeterden has bärde saklapdy. Ýöne, şol ilkinji işini Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguljeren Gurbangeldiýewa soň-soňlaram uly tolgunma, buýsanç bilen ýatlapdy. Çünki şol keşpden onuň durmuşynyň täze sahypasy başlanypdy: 

-    Sahna çykmaly bolan halatym režissýoryň teklibine razylaşanyma 
baý ökündim-ä. Zaly dolduran tomaşaçylaryň öňüne çykmaly. Oýun başlanyndan süňňüme gowşaklyk aralaşdy, ellerim-aýaklarym saňňyldap dur asyl. Misli oda girjek ýaly ýaýdanyp durun. Şonda ýoldaşym bilen režissýor meni itekläp diýen ýaly sahna çykarypdylar...         

Oguljeren Gurbangeldiýewanyň Kemine teatrynyň sahnasynda döreden soňraky keşplerini synlanyňda onuň ilkinji ynanylan keşbini şeýle kynlyk bilen çykaranyna asla ynanasyň-da gelmeýär.      

Bu zehinli artistiň döredijilik ýoluna göz gezdireniňde onuň keşpleriniň aglabasy öz döwürdeşler-u, sada zenanlar. Güseýin Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasyndaky” mährem Bike ejesi, dramaturg T.Taganowyň “Kökenli ýüzügindäki” Orazbagty, “Gömülgenindäki” Nataşasy, T.Jumageldiýewiň “Ykraryndaky” Şasenemi, “Derdeserindäki” ýuwaştap Sadaby, B.Pürliýewiň “Meniň mugallymymdaky” jemgyýetçilik düzgün-terbini bozujylaryň garşysyna gaýduwsyzlyk bilen göreşýän polisiýa wekilini, Ç.Aşyrowyň “Ganly sakasyndaky”  bagryndan önen balalarynyň üstünde kökenek gerýän, ýarawsyzlygyna garamazdan, gijesini gündiz edip olar üçin döwüm çörek gazanýan Dursuny, A.Atajanowyň “Dost ýakynmy- doganyndaky” Hatyjasy we ýene onlap keşpler položitel diýilýän gahrymanlardyr.    

G.Gurbansähedowyň “Jennet” spektaklyndaky Sabyr ejäniň keşbi Oguljeren Gurbangeldiýewanyň döredijilik ýolundaky ýazylan aýdyň sahypadyr. Uly oba hojalyk arteline ussatlyk bilen ýolbaşçylyk edýän Sabyr ejäniň şahsy durmuşynda näsazlyk ýüze çykýar. Onuň gyzy Jennet Onuň gyzy Jennet keçjal gaýyn enesiniň – Zybagözeliň ýerliksiz igençlerine bäs gelip bilmän atasy öýüne dolanmaly bolýar. Bu drama tomaşa edenler akyl-paýhasa ýugrulan, her bir meseläni alňasamazdan akyl terezisinde saldarlaýan, ýedi ölçäp, bir kesýän sadadan-dogumly enäniň keşbini henizlerem aňlarynda saklaýandyrlar.       

A.Atajanowyň “Aýzada” dramasyndaky Hesel eje ogluny urşa ugradyp, uly ýeňişli dolanjaklygyna umyt bilen onuň ýoluna göz dikip oturan garry. Gelni Aýzadanyň, gyzy Bossanyň at-abraýy, maşgala ojagynyň abatlygy ugrunda çekýän hasratlaryny, edýän tagallalaryny görüp, tolgunman tomaşa etmek mümkin däl.  

 Osetin dramaturgy G.Hugaýewiň “Şatdy-Batdy” gülküli oýnunda Oguljeren Gurbangeldiýewa Abidanyň keşbini döretdi. Onuň Abidasy ýalňyzlykdan halys iren, täzeden bagty synap görmeklige höwesek zenan. Kalby pamyk deý päkize aýala durmuş atly mugallym ýalňyzlykdan ýaman belanyň ýokdugyny öwredipdir. Orta ýaşan zenan özünden kän uludygyna garamazdan Batda ömürlik ýanýoldaşlyk goluny uzadýar. Artist şu keşbiň üsti bilen zenanlaryň durmuşa çäksiz söýgüsini teswirleýär.      

A.Taganyň “Söýginiň haky üçin” dramasyndaky şepagat uýasy-da nägehan urşuň ynsan kalplaryna, synalaryna salan bitmejek ýaralaryna ýüregi bilen gyýylýan eneleriň hilinden. Onuň bu çaklaňja keşbi-de ynsan ömürlerine darkaş gurýan gandöküşikli uruşlaryň garşysyna garşy hökümde ýaňlanýar.    

Şu keşplerden çen tutanlaryň Oguljeren Gurbangeldiýewanyň döredijilik giňişligini çäklidir öýtmekleri ahmal. Aslynda welin ol beýle däl. K.Gurbannepesowyň “Taýmaz babasyndaky” mesligine bäs gelip bilmän her hili wejeralyklardan-da gaýtmajak Mamyşyny, Ý.Mämmediýewiň “Ene topragyndaky” Hajar palçysyny, T.Gurbanowyň “Söýgi mertebesindäki” şerraý Abadany, T.Hojakgaýewiň “Aýjemalyndaky” nebsi özünden öňe düşen Owadanyny synlanlar munuň şeýledigine göz ýetirendirler.      

Oguljeren Gurbangeldiýewa öz hakyky işiniň daşyndan jemgyýetçilik işlerine-de işjeň gatnaşýar. Teatr, il-günüň aladasy onuň ikinji öýi boldy. Ol iki gezek Mary şäher geňeşligine halk wekili saýlanyldy. Zähmetkeşleriň isleglerini kanagatlandyrmakda, arza-şikaýatlaryna seretmekde ol diýseň işjeň hereket etdi. Welaýat zenanlar guramasynyň agzasy hökmünde ol häli-şindi gelin-gyzlaryň duşuşyklarynda, maslahatlarynda çykyş etdi.     

Çeper höwesjeňler toparlaryna kömegini gaýgyrmady. Ol halk teatrlaryna halypalyk goldawlaryny berdi. 

Geldimyrat Mommadow.