Nurberdi HOJAÝEW, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri:

— Döwrüň beýikligini her bir raýatyň ykbalyndanam bilip bolýar. Bu gün halkymyz bagtyýar durmuşda, eşretli zamanada ýaşaýar. «Işleseň — il tanar» diýleni. Biziň ýurdumyzda çeken zähmetiňe mynasyp baha berilýär. Bizem teatr işgärleri bolup, döwrümiziň belent işlerine mynasyp goşant goşup, döredijilikli zähmet çekýäris. 

Teatr, onda-da çagalaryň söýgüli gurjak teatrynyň öňünde durýan wezipeler örän jogapkärli. Çünki çaga dünýäsi — näzik dünýä. Oňa aralaşmak üçin çaganyň içki dünýäsine düşünmeli. Biziň halk döredijiligi eserlerimizde, aýratyn-da ertekilerde çaga dünýäsine güýçli täsir ediji milli güýç bar. Olar esasynda sahna oýunlaryny goýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Sebäbi ertekileriň gahrymanlarynyň her biri çaga dünýäsine düşnükli keşbe eýe bolmaly.

Olaryň keşplerini ýerine ýetirýän artistlerem öz hereketleri, sesleri bilen çaga dünýäsine ýakyn durmaly. Elbetde, sahna oýny goýlanda, sahnanyň bezegi-de, oýnuň sazy-da artistleriň hereketleri bilen sazlaşmaly. Şonda çagalara niýetlenen sahna oýunlary has täsirli bolýar, şonda çekilen zähmet ýerine düşýär. Biziň Türkmen döwlet gurjak teatrymyzda-da sahna oýunlarynyň her birine ýokary derejede üns berip, yhlas-zähmetimizi siňdirýäris. Haçan-da oýun görkezilip, tomaşaçy çagalarymyz begenip el çarpsalar, onda biziň köpçülik bolup çeken zähmetimiziň ýerine düşendigine göz ýetirýäris.    

Kärim boýunça kompozitor bolamsoň, teatrymyzyň sahnasynda goýlan «Ýartygulak», «Üç ýüz tylla», «Böwenjik», «Pilmahmyt», «Baky rowaýatlar», «Üç öküz» ýaly oýunlara saz ýazdym. Teatrda goýulýan her bir sahna eseriniň saz bezeglerine hem aýratyn ähmiýet berýäris. Çünki sazda-da çaga dünýäsini özüne imrindirýän täsinlik bolmaly. Sahnada artistleriň hereketleri, sahna bezegleri we saz özara dil tapanda, eden işiňden lezzet alýarsyň. Şol hem täze üstünliklere badalga berýär.   

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň teatrymyzda goýlan oýunlaryň ençemesi diňe bir türkmen tomaşaçylarynyň däl, eýsem, beýleki halklaryňam tomaşaçylarynyň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Biz sahna oýunlarymyz bilen ona golaý halkara festiwallarynda üstünlikli çykyş edip, ýörite diplomlara mynasyp bolduk. Russiýa Federasiýasynyň Kazan, Astrahan ýaly şäherlerinde, Täjigistanda, Özbegistanda bolup, halkara festiwallaryna gatnaşdyk. Sahna oýunlarymyz üçin berlen diplomlar ona golaý bolup, olaryň ählisi-de türkmen teatr sungatynyň ösüşleriniň guwandyryjy netijeleri hasaplaýarys.

«Üç ýüz tylla» atly sahna oýnumyz hakda durup geçmekçi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan alnan ertekide çaga psihologiýasyna çuňňur aralaşylýar. Ol ýerde hünär öwrenmek we öwrenen hünäriňden durmuş ýüzünde peýdalanmak, bagtly durmuşa ýetmek meseleleri öňe sürülýär. Halallyk, zähmetsöýerlik we hünär öwrenmek baradaky ündewler ata-babalarymyzyň pähim-parasadynda jemlenýär. Şeýle çuň mazmunly ertekini sahna eserine öwürmek, elbetde, jogapkärçilikli. Ýöne teatr işgärlerimiziň birleşen tagallasy bilen öňde goýlan maksada ýetmek bolýar.     

 Çeken zähmetiňe milli Liderimiz tarapyndan mynasyp baha berilmegi uly buýsançdyr, şol bir wagtda-da jogapkärlidir. Biz teatrymyzda zähmet çekýän döredijilik toparymyz bolup, geljekde-de çagalaryň göwnünden turjak oýunlary sahnalaşdyryp, köpçülige hödürläris. Ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň şatlygyna şatlyk goşjak joşgunly sazlary döredip, il-günümizi begendirip durarys. Bize döredijilikli işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ii-ýurt ähmiýetli işleri geljekde-de rowaçlyklara beslensin!