Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa bilen söhbet

Teatr diýlende onuň sahnasynda keşpleri döredip, ýüreklerimizden orun alan artistler göz öňümize gelýär. Döreden ençeme keşpleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan ussatlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa. Ýakynda biz onuň 40 ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýän Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolup, döredijilik ýoly barada söhbetdeş bolduk. Gürrüňimiziň başy sungat atly jadyly dünýäniň özüneçekiji güýjüniň ilkinji täsirleriniň dörän pursatlaryndan başlandy. 

— Biz urşuň yz ýanynyň çagalary. Çagakam urşa gidip dolanmadyk ýigitlerimiziň yzynda galan gelinler, eneler öýümize gelerdiler. Şonda olara dessanlary sesli okap bererdim. Heniz 3-4-nji synp okuwçy wagtym «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Saýatly-Hemra», «Hüýrlukga-Hemra» dessanlaryny, «Görogly» şadessanynyň esli ýerini ýatdan bilýärdim. Şol ýyllaryň durmuşy mende sungata bolan ilkinji höwesi döretdi, ýaşaýşy söýmegi öwretdi. 

— Teatr sahnasyndaky ilkinji ädimleriňizi hem ýatlaýsaňyz. 

— Meniň sahnada ýerine ýetiren ilkinji keşbim Sapar Öräýew bilen Annamuhammet Gylyjowyň «Köýten nalasy» spektaklyndaky Ýaňylyň keşbi boldy. Dogrusy, men ondan öňem birki keşp döretdim, ýöne turuwbaşdan özbaşdak giren ilkinji keşbim şol boldy. Pýesalaryň diňe özüme degişli ýerini däl, eýsem, dolulygyna ýatdan bilerdim. Teatra işe baryp, birinji gezek sahna çykanymda, Annageldi Kyýasow: «Bä, bu gyz edil sahnada dünýä inen ýaly» diýipdi. Bu maňa berlen iň ýokary baha diýip hasap edýärin. Teatr sahnasyna gelenim bäri 130-dan gowrak keşbi döredendirin. Olaryň köpüsem baş gahrymanlaryň keşbi. Baýram Gurbanowyň «Syrly sowgadynda» Bibiniň, Ata Atajanowyň «Aýzadasynda» Aýzadanyň, özbek dramaturgy Haýtmat Resulyň «Bahardaky başagaýlygynda» Muhtabarhonyň, tatar dramaturgy Ryza Hamidiň «Myrryh ýyldyzynyň şuglasynda» Zarimanyň, Täşli Gurbanowyň «Söýgi mertebesinde» Aýjahanyň, Begi Suhanowyň «Gadyrly myhmanynda» Jemalyň, Baýram Abdyllaýewiň «Teleke» spektaklynda Altynyň, Gurbandurdy Nazarowyň «Bir bakyşda» spektaklynda Hakyl ejäniň keşplerini ýerine ýetirdim. Taňryberdi Hojakgaýewiň «Aýjemal» spektaklynda öňler baş gahryman Aýjemalyň keşbini ýerine ýetiren bolsam, soň Aýjemalyň ejesiniň, onuň gaýynenesi boljagyň keşbinem döredip gördüm. 

— Sahnada keşp döretmekde ilkinji sapaklary kimden aldyňyz? 

— Meniň ilkinji halypam — öz ýoldaşym, ömrüniň 40 ýylyny teatr sungatyna bagyşlan Kakajan Akmyradow. Ol sungat ýoluna şol wagtky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda başlapdy. Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sona Myradowa, Isidor Gromow, Aman Gurbandurdyýew, Nurmuhammet Keşşikow ýaly ussatlar bilen bile işleşdi. Ol käte çaý başynda özara gürrüň edenimizde: «Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Myradow bir gezek telewideniýede çykyş edende: «Men öň: «Kiçi keşp ýok, kiçi artist bar» diýlip, sözüň owadanlygy üçin aýdylýandyr öýdýärdim. Ýöne «Şa gyzy» spektaklynda Kakajan Akmyradowyň döreden nökeriniň keşbini režissýor hökmünde Aman Gulmämmedowyň Otellosy bilen, Bazar Amanowyň Ýagosy, Ýamamotasy bilen, Ata Durdyýewiň «Ataň takdyryndaky» baş keşbi bilen arkaýyn deňäp bilerin» diýipdi. 

— Döredijilikli zähmet ýoluňyzda başga-da ençeme halypalar bilen iş salyşmak nesip edendir?! 

— Döredijilik dünýäsine gadam basanyňdan soň, hemişe öwrenip gezmeli. Şol ýolda her kimden bir zat öwrenýärsiň. Onsoň şol adamlar seniň ömürlik halypalaryň bolup galýar. Sabyr Annagylyjowa, Akmyrat Hümmedow, Gözel Ataýewa, Bäşim Öwezmyradow, Sapar Şamyradow ýaly ussatlaryň ählisi meniň halypalarym. Olaryň hersi giden bir dünýädi. Şu ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Baýram Gurbanow barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Ol diňe bir sahnada däl, eýsem, dramaturgiýada hem meniň halypam. Onuň ussatlyk mekdebini geçmegim netijesinde, «Yşkyň ummany», «Söýgi ummanynda küreksiz» atly pýesalarym sahnalaşdyryldy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndaky Gadymy Merw ýadygärlikleri baradaky rowaýatlaryndan täsirlenip, «Bu ajap galada Watanym bardyr» atly pýesamy ýazdym. Nesip bolsa, ol hem tomaşaçylarymyza ýetiriler diýen tamam bar. 

— Kino sungatynda döreden keşpleriňiz barada-da gürrüň edäýeli. 

— Häzirki döwürde ençeme kinofilm surata düşürilip, halkymyza ýetirilýär. Şolardan «Gökderäniň aýdymy», «Maksatly ýürekler», «Ýürek ýylysy» ýaly birnäçe kinofilmde enäniň keşbini ýerine ýetirdim. Kino sungaty özbaşyna gyzykly dünýä. Ondaky keşpleri janlandyranyňdan soň, teatrdaky ýaly zol-zol gaýtalap oýnalmasa-da, ýüregiňde hemişelik galýar. Şol filmlerdäki enelerim meniň ömrümiň bir bölegi. Ýöne özüm üçin-ä teatr sahnasynyň yssysy has aýratyn. Sebäbi ömrüň şunça ýylyny sarp edeniňden soň, teatr ikinji öýüňe öwrülýär. 70 ýaşandygyma garamazdan, sahnadan daşlaşyp bilemok. Nobatdaky zähmet rugsadyna çykanam bolsam, köp wagtymy şu ýerde geçirýärin. Sahna — kalplaryň kämil keşbi diýsem ýerine düşer. Teatra bir gezek gelen adam, soň ýene geler durar. Biziň-ä kalbymyz göze görünmeýän ýüp bilen teatr sahnasyna baglanan ýaly.

Şonuň üçinem gyzym Patma-da, oglum Parahatgulam teatr sungatyna ykbalyny bagladylar. 

— Döredijilik ýoluňyzda ýatda galyjy wakalar bolandyr. Şolar dogrusynda hem gürrüň etsek. 

— Gahryman Arkadagymyz medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen ada mynasyp boldum. 2011-nji ýylda “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. Mundan başga-da, paýtagtymyzda geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly festiwala, Hazarýaka döwletleriniň arasynda Gazagystan döwletinde geçirilen halkara festiwala gatnaşyp, baýrakly orna eýe bolduk. Ol ýerde daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen pikir alyşdyk, tejribe topladyk. Bularyň ählisiniň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň biz barada edýän aladalary bar. Türkmen milli sungatyny dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. 
— Arzuwlaryňyz hasyl bolsun, halypa. Bizem size mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris. 

Laçyn BERDIMYRADOWA.