ORAZ HAJYMYRADOW

Milli teatr sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussatlar barada söhhet açylanda özüňden biygtyýar tanymal teatr artisti režissýory Oraz Hajymyradow hakyndaky ýatlamalar seriňe dolýar. Onuň bilen bile işleşmek miýesser eden artistleriň ýakymly ýatlamalaryndan çen tutsak, ol belent adamkärçilikli artist we režissýor bolupdyr. Sungata baglan ömründe tanymal režissýor milli teatr milli teatr sungatymyzy täze çuňňur many-mazmunly spektakllar bilen baylaşdyrmagyň aladasy bilen ýaşapdyr.          

Onuň teatr sahnasynda döreden dürli häsiýetli sahna gahrymanla- rynyň keşpleriniň nusgalyk keşpler bolşy ýaly, onuň režissýor hök- münde sahnalaşdyran spektakllary hem häli-häzire çenli öz çuňňur many-mazmuny bilen tomaşaçylary tolgundyrýan spektakllar hasapla- nylýar. Sada terjimehally tanymal režissýoryň çagalygy obada geçýär. Şol ýyllar hem ol çaga ýüreginde teatra uly orun berip, haçanda bolsa, bir wagt täze spektakllary sahnalaşdyryp, tomaşaçylary begendirmegiň arzuwy bilen ýaşaýar. Onuň Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň aktýorçylyk bölüminde okan ýyllary ýatda galyjy wakalara baý bolýar. Ol uly şäherleriň biri bolan Moskwanyň ähli teatrlaryna aýlanyp, çuňňur many-mazmunly, dartgynly wakalara baý spektakllara tomaşa edýär. Onuň göwnüne bolmasa, şeýle many-mazmundaky spektakllar diňe tomaşaçylary tolgundyrman, eýsem režissýoryň özüni hem çuňňur pelsepä atarýan ýaly bolupdyr. Şol sebäpli ol drama eserlerinde beýan edilýän wakalary inçelik bilen yzarlap, olaryň ilki bilen jemgyýete edýän täsirine düşünmäge çalyşýar. 1955-nji ýylda şol wagtky «Türkmenfilm» kinostudiýasy «Aşyr aganyň hötjetligi» atly sazly-liriki çeper filmi surata düşürmäge başlaýar. Kinostudiýanyň çeperçilik geňeşi täze çeper filmde baş gahrymanlaryň biriniň keşbini döretmegi Oraz Hajymyraowa ynanýar. Kinonyň edebi esasyna laýyklykda, ol mekir Aşyr aganyň agtygy Ýazgüle aşyk bolýan Gurban atly ýigidiň keşbini janlandyrýar. Ýaşlaryň arasynda dörän söýgä Aşyr aga garşy çykýar. Aşyr aganyň keşbini ýurdumyzyň tanymal artistleriniň biri Sary Garryýew döredýär. Türkmen kino sungatynyň gözbaşynda duran tanymal aktýorlar bilen bile kino surata düşen ýaş artist O.Hajymyradow bu keşbi ynandyryjy döredýär. Şol döwrüň kino tankytçylary bu çeper filme syn berenlerinde onuň döreden keşbiniň şowly çykan keşpleriň biri bolandygyny aýratyn belläp geçýärler. Kino sungatyndaky ilkinji üstünliginden ruhlanan ýaş artist teatr we kino režissýorlary bilen döredijilik hyzmatdaşlygynda bolýar.   

Sungata baglan ykbaly ony milli teatr sungatymyza ömrüni örkläp, birnäçe ajaýyp spektakllary sahnalaşdyran, halypa režissýor Ý.F.Feldman bilen duşurýar. Ol bu zehinli režissýoryň tälim beren ze- hinli artistleriniň birine öwrülýär. Ýaş artist tanymal režissýor Ý.F.Feld- manyň ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda sahnalaşdyran spektakllarynda ýatda galyjy keşpleriň birnäçesini döredýär. Ol «30-njy ýyllar», «Derňewçi» ýaly spektakllarda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen döredýär. Onuň döreden keşpleriniň biri-de belli artist we dramaturg Bazar Amanowyň «Mollanepes» atly dramasyndaky Mollanepesiň keşbidir. O.Hajymyradow yşk mülküniň şasy Mollanepesiň keşbini gaýtalanmajak ussatlykda döreden artist hasaplanylýar. Teatr sahna- synda bu spektakl birnäçe gezek sahnalaşdyrylýar. Ýöne onuň döreden Mollanepesiniň keşbi häli-häzire çenli nusgalyk keşpleriň biri bolup gelýär. Bu keşpde ol yşk mülküniň şasy Mollanepesiň şahyr ýüreginiň owazyny, onuň öz söýgülisine bolan yssy mährini has ynandyryjy we ýatda galyjy edip döretmegi başarýar.     

Tanymal režissýor Ý.F.Feldman diňe teatrda spektakl sahnalaşdyr- man, milli teatr sungatymyzda öçmejek yz galdyran zehinli artistleri ýetişdirmäge-de saldamly goşant goşan ussatlaryň biri hasaplanylýar. Ol ýaş artiste ýene-de Moskwa şäherine gidip teatr režissýory hünäri boýunça okuwyny dowam etdirmegi maslahat berýär. Halypasynyň maslahatyna eýeren O.Hajymyradow öz öňki okan institutynyň teatr režissýorlaryny taýýarlaýan iki ýyllyk okuwyna girip, ony uly üstünlik bilen tamamlaýar. Ol öz diplom işi hökmünde dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» atly powesti boýunça täze spektakl sahnalaşdyrmaga girişýär.

Tomaşaçylar tarapyn- dan gyzgyn garşy alnan spektakla powestiň awtory tanymal ýazyjy Ç.Aýtmatow hem ýokary baha berýär.

— Maňa režissýor Oraz Hajymyradowyň teatrda sahnalaş- dyran «Elwan ýaglykly serwim» atly spektaklynda Hatyjanyň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Ol belent adamkärçilikli, zehinli režissýorlaryň biridi. Artistleriň ukyp-başarnygyna görä, olara dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döretmegi ynanardy — diýip, Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Alyýewa tanymal režissýory ýagşylykda ýatlaýar.  

Bu ýatda galyjy wakadan köp wagt geçmänkä Germaniýanyň teatr ussatlary hem öz teatrlarynda «Elwan ýaglykly serwim» atly spektakly sahnalaşdyrmaga uly isleg bildirýärler. Olar bu barada powestiň awtory, belli gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowa ýüz tutanlarynda ol bu spektakly türkmen režissýory O.Hajymyradowyň sahnalaşdyryp biljekdigini uly buýsanç bilen aýdýar. Şondan soňra ol Germaniýa gidip, nemes artistleri bilen bu eseri sahnalaşdyrýar. Bu spektakl «Altyn nikap» atly halkara teatr baýragyna mynasyp bolýar.

Ol hemişe dürli halklaryň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini iç- gin öwrenip, olaryň arasyndan milli ruhumyza ýakyn eserleri tapmaga çalyşdy. Şeýle gözlegler bilen ol ilki türkmen ýazyjy-şahyrlaryň milli ruha ýugrulan eserlerine ýüzlendi. Onuň nazary alym şahyr A.Kekilowyň meşhur «Söýgi» romanynda eglenýär. Ol bu romany ilik-düwme diýen ýaly öwrenýär. Romanyň awtory A.Kekilow bilen birnäçe gezek duşuşyp, bu eser esasynda spektakl sahnalaşdyrmak isleginiň bardygyny dile getirýär. Köp wagt geçmänkä bolsa, belli ýazyjylarymyz T.Taganow bilen A.Kekilowyň edebi esasy boýunça taýýarlanan «Söýgi» atly täze sahna oýnuny sahnalaşdyrmaga girişýär. Bu spektakl öz döwründe köpüň halan spektakllarynyň birine öwrülýär. Diňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary däl-de, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bu spektakly görmäge gelýänleriň sany barmak büküp sanardan köp bolýar. Onuň teatrda sahnalaşdyran «Söýgi» atly spektakly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. 

 Onuň sungata bolan çäksiz söýgüsi, tomaşaçylary täze spektakllar bilen begendirmäge bolan islegi ony dünýä edebiýatynyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň ajaýyp eserleri esasynda täze spektakllary sahna- laşdyrmaga ruhlandyrdy. Ol dünýä belli brazil ýazyjysy we dramaturgy G.Figeýredonyň «Ezop» atly pýesasy esasynda spektakl sahnalaşdyrýar. Dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri G.Figeýredonyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar. 

Tanymal teatr režissýory hökmünde adygan Oraz Hajymyradow öz sahnalaşdyrýan spektaklyna ýaş zehinleri gatnaşdyryp, olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak barada alada etdi. Onuň döreden keşpleri, sahnalaşdyran spektakllary häli-häzire çenli ýaş zehinleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. O.Hajymyradow hemişe artistleriň arasynda bolup, olar bilen milli teatr sungatymyzy baýlaşdyr- ýan eserler barada köp pikir alyşdy. Bagtyýarlyk döwrümizde onuň ýetişdiren ýaş zehinleri milli teatr sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar.

 

Çary HAJYMYRADOW, teatr sungatyny öwreniji.