Medeniýet ŞAHBERDIÝEWANYŇ ÝATLAMALARYNDAN

— 1964-nji ýylda ýurdumyzyň ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda «Leýli we Mežnun» atly opera sahnalaşdyrylýardy. Maňa bu operada Leýliniň keşbini döretmek ynanylypdy. Köpden bäri, kalbyma ýakyn hasaplan bu keşbi döretmegiň arzuwynda bolamsoň, gije-gündiz diýen ýaly Leýli gyzyň başdan geçirýän täsin wakalaryny özümiňki ýaly kabul edip, onuň ýerine ýetirýän aýdymlaryny ilik-düwme diýen ýaly öwrenýärdim.        

Şol günleriň birinde zehinli kompozitor Nury Halmämmedow teatra gelip, maňa täze aýdymlaryň notalaryny görkezdi. Ol belli artist, kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» atly çeper filmi üçin aýdymlary ýazandygyny gürrüň berdi. Kompozitor N.Halmämmedow bu çeper film üçin «Hüwdi», «Aýnanyň aýdymy» atly öz ýazan aýdymlaryny ýerine ýetirmegimi haýyş etdi. Men onuň teklibine begendim. Öz ýanymdan bu aýdymlary içginden-içgin öwrenip ýerine ýetirmegiň aladasy bilen boldum. Ol aýdymlaryň notalaryny maňa goýup, birnäçe günden habar tutjagyny aýdyp gitdi.   

Kompozitor N.Halmämmedowyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolamsoň, onuň hemişe ajaýyp aýdym-sazlary döredýändigine begenýärdim. Onuň ýaşlygyna garamazdan milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýandygyna buýsan- ýardym. Aradan birnäçe gün geçenden soňra ol ýene-de meniň ýanyma geldi. Şonda men oňa bu aýdymlary zehinli aýdymçy Güljan Hümmedowa görkezmelidigini aýtdym. Sebäbi men şol günler Leýli gyzyň aýdymlaryny aýtmaga uly höwes bildirip, täze sahnalaşdyrylýan operada çykyş etmek isleýärdim. Bu opera meni özüne imrindirip, erkimi elimden alypdy. Mundan başga-da Güljan Hümmedowa zehinli aýdymçydy. Men öz boýdaşymyň bu aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirjekdigine ynanýardym.

Kompozitor N.Halmämmedow meniň pikirimi alga alyp, aýdymla- ry G.Hümmedowa beripdir. Ol aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Aý-gün aýlanyp çeper film tomaşaçylara görkezildi. Kinorežissýor A.Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» atly çeper filmi dün- ýäniň köp döwletlerinde geçirilen halkara kinofestiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bu çeper film arkaly dünýäniň sungat muşdaklary milli medeniýetimiz, sungatymyz bilen ýakyndan tanyş boldy. Belli aýdymçy G.Hümmedowanyň ýerine ýetiren aýdymlary çeper filme aýratyn bezeg berip, onuň milli öwüşginde bolmagyna täsir etdi.      

Bu wakadan bäri, ep-esli ýyl geçdi. Ýöne halkyň hakydasynda hemişe ýaňlanýan aýdymlaryň owazy serime dolanda men şol yzda galan ajaýyp pursatlary ýatlaýaryn. Has dogrusy, şol ajaýyp pursatlar kalbyma dolup, ruhumy belende göterýär. Şonda göz öňümde milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan kom- pozitor N.Halmämmedow bilen aýdymçy G.Hümmedowanyň nurana keşpleri janlanan ýaly bolýar.