Türkmenistanyň at gazanan artisti Agamyrat Amanmyradow

Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyny tamamlandan soň Agamyrat Amanmyradowy öz obasyna, Sakarçäge etrabyna işe iberdiler. Işleýän ýeri öz eziz obasy bolsa-da ýürek Aşgabady – Mollanepes adyndaky teatry küýseýärdi. Gazetden okap teatrda haýsy oýnuň bolýanyny bilerdi-de “Görsene, bu gün “Keýmir kör” bolýar eken, wah şu wagt ýene bir gezek göräý-de weli, barmaklaryndan gan daman zalym Nedirşany Bazar Aman oýnaýandyr. Heý, şu Gylyç Berdiň Warryk Batyry oýnaýşyny diýsene” diýip, içini hümleder ýörerdi...     

 Agamyrat Amanmyradow bir gün gazetden üýtgeşik bildirişi okady. Ol bildirişi Agamyrat edil özi üçin berlen ýaly gördi. Çünki gazetde Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanynda artist taýýarlaýan teatr-studiýasynyň açylandygy, şol studiýa ukyply ýaş oglan-gyzlaryň kabul edilýändigi ýazylypdyr. Ol bu habara çäksiz begendi. Resminamalaryny jemläp, bilini berk guşap Agamyrat ýene-de Aşgabada geldi.

Uly synaglardan üstünlikli geçip, indi ol gije-gündiz şol arzuwly teatrynyň içinde. Gündiz teatr studiýasynda okaýan bolsa, agşamlaryna bolsa spektakllaryň köpçülik sahnalaryna gatnaşardy. Teatryň jadyly sahnasyna ilkinji basan ädimi Agamyradyň durmuşynda iň uly waka bolup galypdy. Teatr-studiýasyny tamamlandan soň ony Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrda işe galdyrdylar. Şeýlelikde, Agamyrat şo-ol bir wagtky arzuwyna ýetdi. Akademiki teatryň artisti boldy. Uly sahna ussatlary: A.Gulmämmedow, B.Amanow, A.Durdyýew, M.Çerkezow, A.Bekmyradow, G.Herräýew, G.Berdiýew, S.Myradowa dagy bilen bir gapydan girip, bir gapydan çykdy, bir sahnada oýnady. 

-    Maňa başda ýatdan çykmajak uly hupbatlar beren keşp, ine şu bolmaly – diýip, Agamyrat Amanmyradow albomdaky suratlaryň içinden N.Pogodiniň “Kreml kurantlary” spektaklyndan Ruhanyň keşbindäki suratyny bize uzatdy. Agamyradyňw grim, kostýum bilen tanalmaz ýaly üýtgedilen şekili. Hawa bu keşp onuň ilkinji keşbi bolmaly. Bu keşbiň aşa kyn düşeniniň sebäbi Agamyradyň aýdyşyna görä, keşbiň möçberiniň ulylygynda ýa-da çylşyrymlylygynda däl. Ýokm bu spektaklyň baş gahrymany Zabeliniň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow oýnaýardy. Ana, gepem şonda-da. Sahnada Agamyradyň Ruhanysy bilen A.Gulmämmedowyň Zabelininiň ýüzbe-ýüz bolup diklenýän wagty ýaş artist has aljyrady. Ula hormat, kiçä sylag düzgüni hökmany bolşunda terbiýelenen Agamyradyň gözleri Aman agaň görejine düşende ol bütinleý özüni ýitirerdi. Aýtmaly zatlaryny ýatdan çykaryp gara dere batardy. Sahnada bile oýnaýan adamyň görejini görmänem oýnap bolýarmy näme?! Agamyradyň kyn ýagdaýyna gowy düşünen Aman Gulmämmedow bir gezek oýun gutaraýan badyna sahnadan göni öz grim jaýyna çagyrdy-da:

-    Agamyrat, seniň ýaşuly artistlere goýýan hormatyňa düşünýän. 

Sylaşyk ýaly zat bolmaz. Ýöne bilip goý, sahna çykanymyzda hemmämiz deňdiris. Sahnada awtoryň permany bilen gurnalan durmuşda öz alyp barýan ýodajygyňda ataň gabat gelse-de sylaşyk üçin ýumşaklyk etmeli däldir. Şol ýumşaklyk ilki bilen sahnada gabat gelen ataňa, soň özüňe, netijede bolsa bütin spektaklyň hiline hyýanat etdigiň bolar. Üstünlik arzuw edýärin – diýip, onuň elini gysypdy.     

 Aman Gulmämmedowyň bu aýdan ýerlikli sözleri Agamyrat üçin uly waka boldy, güýç berdi, erkinlik berdi. Eger ol şu sözleri gijiräk eşiden bolsa entek-entek köp horlanmaly bolardy. Çünki onuň sahnada bile oýnamaly artistleriniň köpüsi Agamyrat üçin elýetmez döredijilik şahslardy.

-    Bä, seredip otursak ondan bäri eýýäm ep-esli ýyl geçipdir. Özüme-de ýalan ýaly... Durmuşyň beýle ýyndamlygyny! Ululy-kiçili, ýagşyly-ýamanly 50-den gowurak keşp oýnalypdyr – diýdi-de Agamyrat bir topar keşplerdäki suratlaryny bize uzatdy. Ol suratlara gözümiz düşende biziň aňymyzda dürli ýyllaryň spektakllary, keşpleri janlanyp başlady. Olaryň hemmesi diýen ýaly biziň öwran-öwran görüp, ömürlik ýadymyzda galan spektakllardy. 30 ýylyň dowamynda 50-den gowrak döredilen çeper keşpler, 50-den gowrak bir-birine meňzemeýän dürli-dürli häsiýetler. Şol häsiýetleriň surat şekillerine biz ser salýarys...      

Ine bu Bazar Amanowyň “Keminesindäki” Reýis, bu surat bolsa B.Jakyýewiň “Atanyň takdyryndaky” Şarşeke, a bu bolsa W.Şekspiriň “Nadaranyň nogtalynyşy” gülküli oýnundan Winçenso, bu suratlar bolsa: Nazar Nazarowiç, Gurt, Tolibow, Täjiýew, Suhan gaty, Wasiliý, Frankopberg, Arslan baý dagy we başgalar, umuman bularyň hemmesini saldarlamak, seljermegä beýle-de dursun, hatda agzamagam mümkin däl. Çünki Agamyrat Amanmyradowyň döreden keşpleri sanardan kän, artistiň şol keşpleri sanardan kän, artistiň şol keşpleriň her birine siňdiren yhlasydyr zähmetlerini göz öňüne getirmegem ýeňil däl. Her bir artistiň her bir keşbine siňdirýän yhlas-zähmetleri, görýän hupbatlary onuň diňe özüne aýan bolaýmasa, daşyndan gelip seljerjek bolýan adam artistiň yhlasyny kemsidäýmegi mümkin. Şeýle jogapkärçiligi duýýanam bolsak şol keşpleriň birnäçesini agzamagy hökmany bildik...     

Tirkiş Jumageldiýewiň “Harmandälisindäki” lybasdyr grimine çenli jüpüne düşen Arslan baý. Bu baý Agamyradyň täzeçe çemeleşmeginde öňki sahnada köp görlüp ýürege düşen baýlara meňzemeýän, göreniňde gözleri we beýleki kabul ediş duýgulary ýadatmaýan özboluşly baý bolupdyr.        

Dramaturgiýanyň hiliniň gowşaklygyna garamazdan D.Baýlyýewiň “Petigarasyndaky” Gurdy Agamyradyň yhlasy bilen düýpli keşbe öwrülipdir. Özüniň ujypsyzja bähbidi üçin 7 gije-gündizläp şagal bolup uwlamalam bolsa hezil edip uwlaýan biziň döwrüň “Gurtlarynyň” wekilini Agamyrat Amanmyradow täze-täze öwüşgünler bilen bezäp ökdelerçe döredip bilipdir.      

Dramaturgiýa gowşagam bolsa artistdir-režissýoryň uly tagallalary bilen kähalatlarda şular ýaly şowly keşpleriň çykaýmasam bolýar. Emma dramaturgiýanyň umumy pesligi zerarly şol şowly keşpleriň atsyz-owzarsyz ýitip gidýänine ýüregiň awaýar.       

Täjik dramaturgy Nur Taborowyň “Çatrykda” sahna eserindäki Tolibow bilen Muhammetnur Gurbangylyjowyň “Çalaran başlaryndaky” Baba uruş döwrüniň başlyklary. Bu gahrymanlar päli, pygly, döwri, käri, hat-da hamyrmaýasyna çenli gaty meňzeş. Şularyň ikisinem Agamyrat oýnamaly boldy. Ol köp gözlegleriň ugrunda kän yhlaslar siňdirip, režissýorlardyr kärdeşleriniň başlaryny köp agyrdyp, bir ýerde döredijilik däri-dermany bolsa ulanyp şu keşpleri şeýle ýagdaýlarda gaty ýokanç bolan meňzeşlik keselinden döredijilik tebipleriçe halas etdi. Göýä diýersiň özüniň agzalmaýanyna kemsinen ýaly dörüp oturan suratlarymyzyň içinden biri elimizden typyp ýere gaçýar. Galdyryp görsek, ol surat M.Gorkiniň “Ýegor Bulyçew we başgalaryndaky” Ruhany Pawlin bolup çykýar. Pawline häzire çenli agzamanymyza gözümize çiňerilip oturan suraty görenimizde bir hili özümizi günäli ýaly duýduk. Pawlin hakykatdanam agzalmaga mynasyp keşp. Özüniň gyzyla barabar ajap eýýäminiň gözüniň öňünde köýüp-gidip barýanyna perwana bolup urunýan uly şahs Pawliniň çäksiz pajygasyny Agamyrat Amanmyradow çuňňur duýup ussatlyk bilen tomaşaça ýetiripdi. Şeýdibem Pawlin düýpli keşpleriň biri bolup çykypdy.  Soňra Agamyrat özüniň daşky we içki serişdelerine görä ýaş başyndan uly, ýaşuly artistler bilen dublýor bolup oýnanyndaky gören kynçylyklaryny ýatlaýar. Elbetde at-abraýlaryny, oýnan keşpleri hakda halkyň arasynda rowaýatlar gidip ýören artistlerden soň şolaryň keşplerini olaryň gözleriniň alnynda oýnamak ýaş artist üçin düşündirerden has kynlygy düşnükli zat. Ol bu çylşyrymly ýagdaýdanam ýüňsakal bolman başyny alyp çykypdy.       

Agamyrat dagaşyp ýatan suratlary howlukman ýygnaşdyrmaga başlady-da:

-    Umuman aýdanyňda, eger meniň sahnada bir zatlar elimden geläýýän bolsa şol zatlar üçin men ilki bilen teatrymyzyň uly, kiçi, garaz bütin toparymyza minnetdar – diýip sahna mugallymlaryny ýatlady...   

Ol döredijilik gözlegindäki irginsizligi Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýewden öwrenen bolsa, şol bir sözüň ýüzlerçe äheň bilen müňlerçe many berýänini, umuman söz keşbini, söz manysyna çuňlaşmany Türkmenistanyň halk artisti Bazar Amanowdan öwrendi.

Türkmenistanyň halk artisti Ata Durdyýewden durmuşda döredijilik üçin gerek zatlar bilen gerekmejek zatlary dogry aýyl-saýyl edip öz bütin durkuňy döredijilige jemlemek sapagyny alan bolsa,  Türkmenistanyň halk artisti Atamyrat Bekmyradow Atamyrada sahnada gaýduwsyz bolmagy wesýet edipdi. Agamyrat Amanmyradowyň işleýän toparynda-da uly abraýy bardy. Türkmenistanyň halk artisti  Muhammet Çerkezow Agamyradyň käwagt çakdanaşa köp soraglary bilen ýürege düşýänem bolsa artist üçin iň möhüm zatlaryň biri bolan gowy manydaky bilesgelijiligini belleýän bolsa, teatra gelen gününden bäri bir sahnada egin-egne berip bileje işleşip ýören  Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Berdiýew ilki bilen Agamyradyň adamkärçiliginiň belentligini, soňra onuň bilen bile oýnamagyň ýeňildigini sahnada diňe özi hakda alada etmän, gowy artistleriň däbine eýerip bile oýnaýan ýoldaşyna jany-teni bilen berilen artistlerdendigini aýtdy. Döredijilik ýagdaýynda Agamyrat bilen köp gabatlaşan ýurdumyzda tanymal režissýor Kakajan Aşyrowyň ýanynda ol hakda söhbet açanymyzda:

-    Agamyrat diýilýän artist beýik Magtymgulynyň şo-ol ýigit sada, göni, türkana ýagşy diýýän ýigitleriň hilinden. Döredijilik babatynda aýdanyňda onuň bilen işleşmek hezil.  Ol eseri tutuşlaýyn görüp, öz oýnaýan gahrymanynyň şol eserde tutýan hakyky ornuny dogry tassyklap çuňňur oýlanmany başarýan artist – diýip sözüni tamamlady. 

Onuň eseri tutuşlaýyn duýmaklygy oňa aýratyn içgin aralaşmagy tötänden däl bolmagam ähtimal. Sebäbi ol ýazuw-pozuw bilenem çynlakaý meşgullandy. Onuň dramaturg hökmünde 10-a golaý 1 perdeli sahna eserleri makullanyp, olaryň birnäçesi halk teatrlarynyň sahnalarynda goýuldy

 

Allaberdi Durdyýew, Orazmyrat Gummadow.