Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedow

 1952-nji ýyl. Altyn güýz. Daşkendiň teatr instituty ilkinji türkmen toparyny kabul etdi. Ýigrimi sany ýetginjek. Ýigrimi sany joşgunly ýürek. Artyk Jally, Öwezdurdy Gara, Akmyrat Hümmet... Türkmen teatr-kino sungatynyň şöhle saçjak ýyldyzlary. Artyk Jally ilki nazarda hemmeleriň ünsüni çekdi. Çakgan göwreli, syrdam bedenli. Dogumly, edenli. Bürgüdiňki ýaly sowuk, gönümel nazar... Ol adamlarda garyşyk duýgy döredýärdi. Emma hiç kimi parhsyz galdyrmaýardy. Şol güýz  Akmyrat Hümmedowda welin, hiç kimiň gözi eglenmeýärdi. Gara ýagyz ýigit çepiksidi. Giň maňlaýly, gönümel burny, ony has-da hortaň görkezýärdi. Bir gün ol özüniň Aman Gulmämmedow bilen duşuşyklary barada söz açdy. Ynanmadylar. “Aý, Mülkbagşy obasynyň sähraýy oglanydyr-da. Göwün ýüwürdýän bolsa, ol bir zyýanlykly zat däl, goý ýüwürtsin. Diňlä-de oturyň” diýerdiler.

                                                                                                                                           *     *     *
1949-njy ýyl. Marynyň mugallymçylyk mekdebiniň çaklaňja zaly. Darajyk sahna. Onda G.Muhtarow bilen G.Seýitliýewiň “Kümüş gapyrjak” spektakly gidip dur. Höwesjeň artistler. Gowuşgynsyz hereketler, solgun içgepletmeler. Emma giň maňlaýly garaýagyz ýigdekçe welin ezber görünýär. Ol mekdep direktory Myllygyň keşbinde çykyş edýär. Sahnada akylly kütek, çygrydar, emma özi barada iňňän ýokary pikirde bolan adamyň keşbi janlanýar. Direktor güýçliniň ýanynda mylaýym, onuň sesi-de, keşbi-de ýumşaýar. Ejiziň ýanynda welin şir-peleň. Sesi haýbatly, durky gedem. Öz garşydaşyny topraga-tozana garmaga taýýar...       

Spektakl gutardy. Heniz sahnanyň täsirinden saýlanmadyk Akmyrady teatryň baş ýolbaşçysynyň ýanyna çagyrdylar. Ony daýanykly, peşeneli adam garşy aldy-da:

-    Men Aman Gulmämmedow. Ýer titräp, jaýymyz ýykylansoň, bir ýyldan bäri Maryda.      

Akmyrat sypaýyçylyk bilen ýylgyrdy:

-    Men sizi tanaýan. Sahnada görýärdim.

-    Sen onda biziň oýunlarymyza tomaşa edipsiň-dä. Gaty gowy, ynha, menem seniň goýan spektaklyňy synlamaga geldim. Baş ýolbaşçyňyz habar edäýdi. Ýogsam, bilmän galjak ekenim.        

Akmyrat  bu gezek dil ýarmady. Ol söhbetdeşine gözlerini gyrpman seredýärdi. Dogrusy, häzir Gulmämmedowdan başga zat gözüne-de ilenokdy. Ýaýdanjyrap, oýurganyp durşuna: “Häzir başlar. Özüňe başga güýmenje tap diýer” diýip, geň-enaýy duşuşygyň ahyryna garaşýardy. Duşuşyk hakykatdanam geňdi. Akmyrat meşhur artist bilen söhbet beýle asuda başlanar öýtmändi. Ol igenje, hatda gahar-gazaba-da kaýyldy. Birdenem beýle sypaýyçylyk, mylaýymlyk. Ýaş oglan geň galmazça, aljyramazça däl-di.     

Akmyrat Hümmedow Marynyň köçesi bilen haýdaşlap barýar. Onuň şatlygy gursagyny ýaraýjak bolýardy. “Sende zehin bar. Guýma gursak zehin bar. Seniň jaýyň-mekanyň teatr bolmaly. Teatra gel...” Aman Gulmämmedowyň bu sözleri onuň gulagynda ýaň berip durdy. Ol ýaň tegelek üç ýyl kesilmedi.    

Olaryň ikinji duşuşygy 1952-nji ýylda Aşgabadyň gök bazarynda boldy. Tötänleýin boldy. Şol duşuşyk hem Akmyradyň ykbalyny çözdi. Aman Gulmämmedow bu gezek ezber ýapyşdy. Bary-ýogy iki günüň içinde Akmyrady Daşkende ýollady. Özem, köpleri geň galdyrdy. Emma meşhur artist näme iş edýändigini bilýärdi. “Balykçy balykçyny uzakdan tanar” diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar ahyryn.     

Akmyrat Hümmedowyň okuwy gutarandan soň döreden Trufaldinosy (Goldoni, “Iki aganyň hyzmatkäri”), türkmen sahnasynda döredilen iň bir özboluşly keşpleriň biridir. Trufaldino köp-köp milli sahnalary bezän keşp. Ol keşbi täzeden okamak, oňa täze, özboluşlylyk girizmek, bir söz bilen aýdanyňda, ussatlyk. Akmyrat Hümmedowyň Trufaldinosynda gülki başlangyç onuň häsiýetiniň tebigatyndan dömüp çykmaýar. Ol akylly, mekir. Iňňän töwekgel hyzmatkär. Öz güni üçin gülki. Başga sözler bilen aýdanyňda wäşilik onuň öz maksady ugrundaky göreşde hem galkany hem gylyjy.      

Akmyrat Hümmediň döredijilik ýoly dag-ýapgydyny yzarlap barýan ýoda meňzeýär. Onuň belendi-pesi, kötel öwrümleri az däl. Artist ep-esli wagtlap nusgawy eserlere-keşplere ýüzlenmedi. Belkäm, çynlakaý çakylyk bolan däldir. Belli bir zat aýtmak çetin. Diňe bir zat hakykat: ol öz döwürdeşleriniň keşbini hyjuw bilen döretdi.    

Hangeldi sürüji (G.Muhtarow, G.Seýitliýew “Şadyýan myhman”), Sary traktorçy (G.Muhtarow, “Bagbanyň gyzy”) keşpleri ýatda galypdyr. Olam sebäpsiz ýere däl. Gahrymanlaryň häsiýetlerinde, durmuş ýagdaýlarynda umumylyk bardy. Ýok, ýok, men keşpleriň gadyr-gymmatyny gaçyrýan meňzeşlik barada gürrüň etmeýärin. Gürrüň durmuşda bolan garaýyşdaky umumylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik barada gidýär.        

Hangeldi sürüji sap ýürekli, göwni açyk ýigit. Eli arassa, niýeti päk. Sapar traktorçy-da zähmetden gaçanok. Onuň yhlasy-başarnygy işe-zähmete siňýär. Olara şöhratparazlyk ýat, wezipelerini bir sere galdyrmak üçin ylganoklar. Olaryň durmuşa garaýyşlary-da sagdyn, hiç bir ýerde taýýar bagtyň ýokdugyna oňat düşünýärler. Şonuň üçinem kynçylyklar olary ejizledenok, gaýta durmuş wakalaryna içgin, paýhasly garamaga iterýär. Olaryň hakyky ynsanlyk tebigaty, hakyky ynsanlyk mertebesi kynçylyklar bilen bil tutuşanlarynda ýüze çykýar. Olar öz ynsanlyk mertebelerine gadyr goýýan adamlar.      

1968-nji ýylda Abdylla Ýakybow Tirkiş Jumageldiýewiň “Derdeser” spektaklyny sahnalaşdyrdy. Akmyrat Hümmet Hezret Hekimowyň keşbinde çykyş etdi.    

Hezret Hekimowyň keşbi artiste hunaba baryny ýuwutdyrdy. Dogry, keşp güçýli, gapma-garşylykly duýgulara, öwüşgünlere baý däldi. Hezret bir hyjuwyň adamsydy. Hannasdy. Ähli zada: durmuşa-da, adamlara-da maşgala-da gara nebsiniň gözi bilen baha kesýär. Akmyrat Hümmet öz gahrymanynyň bahyl häsiýetini, gara nebsiniň ýesiridigini örän ýerlikli serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarýar.        

Garagalpak dramaturgy Sapar Hojanyýazowyň “Söýmedige süýkenme”  atly spektaklyna uly joşgunly sahna durmuşy miýesser boldy. Spektakly Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda Çary Myradow goýdy. Spektakl Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry üçin-de, Nukusyň akademiki döwlet drama teatr üçin-de uly sepgit boldy. Şol sepgit, şol üstünlik Akmyrat Hümmediň ady bilen, öwüşgünlere baý zehini bilen gös-göni baglanyşyklydyr. 1966-njy ýylda Özbegistanda Türkmenistanyň edebiýatynyň we sungatynyň günleri geçirildi. Kemineli ussatlar Garagalpagystanyň myhmanlary boldular. Akmyrat Hümmedow Nukusyň akademiki drama teatrynyň sahnasynda Godolak baýyň keşbini täzeden janlandyrdy. Hyjuw bilen janlandyrdy.         

Garagalpak sahnasy Akmyrat Hümmedow üçin oňat boldy. Ol nätanyş sahnada, nätanyş artistleriň toparynda çykyş etmelidi. Topar ejiz däldi. Ussatlyk mekdebini geçen topardy. Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Gapurow hem merkezi keşpleriň birinde çykyş edýärdi.         

Godalak baýyň keşbi bir göräýmäge Hezret Hekimowyň keşbini ýada salyp durdy. Nebisjeň, mädesi açyk, şöhratparaz. Öz bähbidine ýetmek üçin känbir serişde saýgarmaga endik etmedik baý. Köne ýörelge, köne serişde... Emma Akmyrat Hümmedow köen ýörelgäniň üstünlige eltmejegini bilýärdi. Hezret Hekimow türkmen topragynyň hannasydy. Godalak baý gaýry millet. Dili, medeniýeti türkmeniňkä ýakyn hem bolsa, gaýry millet. Gaýry häsiýet, özboluşly däp-dessur. Oturyş-turuşynda-da ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Artist durmuş wakalaryna garagalpagyň gözi bilen garamalydy, garagalpagyň ölçegi bilen nyrh kesmelidi.        

Ine-de, mahmal perdeler syrylýar. Sahnada keltejik garaýagyz pyýada peýda bolýar, Ol garagalpak lybasynda. Onuň süýem barmagy garnyna direlip dur, çep eli arkasynda. Gözleri ýylanyňky ýaly kiçi, ýiti, bir görseň, pähim bilen, bir görseňem, haramy hyjuw bilen köräp dur. Baý petekesini horaz ýaly gaýşardyp ýöreýär. Tomaşaçy hoşallyk bilen dem alýar: ol sahnada şöhratparaz, mekir, haramhor, minneti pulundan çekýän garagalpak baýynyň durandygyna ýüregi bilen ynanýar.  Akmyrat Hümmedowyň Godalagy ruhy boýunça-da, nazar-garaýşy boýunça-da garagalpak.       

Godalak ahlak höwesleri hapa, wyždany çeýe adamlaryň asyl nusgasy. 1967-nji ýylda nukusly sahna ussatlary Mara geldiler. Olar ýene-de Akmyrat Hümmedow bilem sahna çykdylar. Godalak bu gezek türkmen dilinde sözledi.    

Akmyrat Hümmedow türkmen tomaşaçylarynyň aňyna wäşi artist hökmünde ornady. Bu-da sebäpsiz ýere däl. Wäşi başlangyçlar onuň çuňňur dramatizme ýugrulan keşplerinde-de syzgyn berip dur. Keminäniň keşbi bolsa (Bazar Amanow, “Kemine”), ony ýurdumyzyň wäşileriniň hataryna goşdy.       

Keminä türkmeniň ulusy-kiçisi belet. Garyp şahyryň, wäşi gezendäniň, betpäl adamlara garşy merdana göreşijiniň röwşen keşbi türkmen ähliniň kalbyna siňipdir. Akmyrat Hümmedow hem şu däp, şu kada bilen gidipdir. Spektaklda-da, sahnada-da Kemine akyldar hökmünde güýçden, tapdan galan Pir bilen söweşýär.  

 

Amanmyrat ŞAKULYÝEW.