Almagül Mehemowa

Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Almagül Mehemowanyň sungat älemine aralaşanyna indi ep-esli ýyl bolupdyr.  Ol edil beýleki kärdeşleri ýaly, artist bolmagy ýaşlykdan arzuw etdi. Tagta etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan hojalygynda doglan gyzyň ýaşlygy şol obada, soňra şahyr Durdy Gylyjyň adyny göterýän daýhan hojalygynda geçi. Ol oba gelýän teatr toparlarynyň oýunlaryna, birinem sypdyrman hezil edip tomaşa etdi. Mekdebiň çeper höwesjeňler gurnagynyň konsertlerinde birnäçe gezek kiçeňräk sahnalara gatnaşdy.  

Şu zatlaryň özem onda teatr sungatyna bolan söýginiň oýanmagyna, onuň “hökman artist bolaryn” diýip aýgytly karara gelmegine itergi berdi. Köňül arzuwy Almagüli 1971-nji ýylyň başynda Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň bosagasyndan ätletdi. Teatra işe girmek beýle bir kyn düşmedigem bolsa artistleriň neneňsi hupbat bilen, der döküp keşp döredişlerini görensoň, artistlik käriniň käbir adamyň pikir edişi ýaly ýöne sözüňi ýat tutup sahna çykaýmaly iş däl-de, uly zähmetdigine, ejirli kärdigine Almagül işe başlan günlerinden göz ýetirip ugrady.  Egerde iki göwünli bolan bolsa Almagül teatrdan gidibermelidi. Onsoňam oňa artistligiň iň pes aýlygyny belläpdirler. Sebäbi onuň teatr ugrundan heniz gutaran okuw jaýy ýokdy. Ýöne Almagül gitmek üçin gelmändi.     

 Ony tiz “Gara saçlar” gülküli oýnunda dördünji dublýor edip bellediler. Şunuň bilenem iş tamamlandy. Onuň bilen režissýor işlemedem. Sebäbi bu keşpde birinji bolup teatr ugrundan okan artist durdy. Onsoňam režissýor “ýörite teatr bilimli artistimiz barka obadan gelen, heniz teatr sahnasyny görmedik artist bilen işleşip azara galmak nämä gerek?” diýip pikir edendir-dä.     

 Ýöne Almagül munuň üçin režissýordan öýkeläp durmady. Ol heniz şol döwürler keşp üstünde bolýan öýkäniň, dawa-jenjeliň nämediginem bilenokdy. Almagül ýekeje taýýarlygam sypdyrmady. Artistleriň öz keşpleriniň sözlerini aýdyşlaryny, sahnada hereket edişlerini pugta üns berip öwrendi. Režissýoryň olara edýän belliklerini özüne sapak edindi. Şeýdip, ol beýleki teatr ugrundan okuwly artistler ýaly bolmasa-da, keşbe özüçe taýýar boldy. Emma Almagüli teatr sahnasyna goýbermediler. Iki-üç aýlap öýünden-ilinden aýrylyp gidilýän tomusky iş sapara möwsümi geldem welin, keşp tabşyrylmaly bolanda, ilkinji görkezilişde-de oýnamaly bolanda, ady tutulmadyk artisti gereklediler. Teatryň döredijilik topary iş sapara gidenden bir aý geçip-geçmänkä, ony direktoryň ýanyna çagyrdylar. “Almagül, sen Türkmengala, toparymyzyň yzyndan gidip “Gara saçlarda” oýnamaly. Artistimiz näsaglapdyr”. Şol günüň ertesi ýaş artist Türkmengalada häzir boldy. Şeýdibem ol, gör näçe spektakldan soň, özem iş sapara gerek bolansoň özüniň ilkinji keşbini – Sonany oýnady.       

Keşbini özüçe bilýänem bolsa, ilkinji gezek sahna çykmaly bolansoň Almagülüň çekineni, ýaýdanany, her aýagyndan putluk daş asylan ýaly bolup sahna çykmagy tebigy ýagdaý. Sebäbi ol sahnada özüniň ilkinji ädimini ädýärdi. Ilkinji ädim bolsa, hiç wagtam ýeňil bolanok.      

Ýaş artist soňam birnäçe spektaklda keşp berdiler. Ýene-de 2-nji dublýor edilip bellenipdi. Keşp tabşyrylmaly bolanda, ilkinji görkezilişde ony oýnatmadylar. Oňa derek uzak iş sapara welin hezil edip iberdiler. Şeýdip Almagül tas ýedi golaý “iş saparyň artisti” boldy. 

Ýöne ol munuň üçin ruhdan düşmedi. Sebäbi ol teatr ugrundan okap almadyk bilimini şu ýerde, sahnada almalydygyna düşünýärdi.   

Şonuň üçinem ol özüniň bellenen oýny bolsun, bolmasyn, teatrda gidýän taýýarlyklaryň ýekesinem sypdyrmady. Ady tutulmasa-da, taýýarlyk gidýärkä zalda tä iş gutarýança oturyp, ýoldaşlarynyň taýýarlyk edişlerini synlady. Režissýoryň edýän belliklerine üns berdi.     

Iş sapary döwründe oýnamaly bolanda ýoldaşlarynyň özüne edýän belliklerinden netije çykardy. Şonda her gezek sahna çykmaly bolanda “Nädip şular ýaly oýnap bilerkäm? Nädip şulara zyýan ýetirmän oýnap bolarka? Teatry arzuw etdiň, ine işe-de geldiň. Ýöne nädip gowy edip oýnamaly?” diýip, az alada galmady. Yhlas etdi. Onuň jan edýänini gören kärdeşlerem oňa kömege geldiler.

“Çekinme, sözleriňi dogumlyrak aýt”. Bu, halypa artist Mämiş Begejikowanyň oňa häli-şindi aýdýan sözleri, maslahatydy.   

Sahna sözleýşiňe üns ber. Sözleýşi bar artist ýaragy bar ýalydyr. Sende şol ýogam däl, ýöne kelte gaýdýaň. Çekinibräk aýdýaň. Sözüňi tomaşaça dolulygy bilen anyk ýetir.  Oýunçy ýoldaşyň äheňine girme. Sende başarnygam bar, ýöne ony baýlaşdyr. Häzir nähili etseň, şonlugyna-da gidersiň. Soň düzetmek kyn bolar”  

 Bu sözler uçursyz zehinli artist, merhum Çary Ataýewiň Almagüle berýän maslahatydy. Atamyrat Gurbandurdyýew, Mülki Durdyýew, Atamyrat Ataýew, Narjan Halmyradowa ýaly Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň zehinli artistleri Almagüle keşbi neneňsi döretmelidigi barada maslahatlar berip, ýoldaşlyk, kärdeşlik goldawyny edip durdylar.     

Şeýlelikde artist ilhalar keşpler döretmedigem, tomaşaçylaryň gözüne ilmedigem bolsa, onuň özi üçin başky ýedi ýyl teatr ugrundan okuw, özboluşly tejribe mekdep boldy.       

Ýazyjy Ahmet Gurbannepesowyň “Derňewçi-78” gülküli oýnundaky tam süpüriji aýal Bibi eje. Bu artist Almagül Mehemowanyň hut özüne tabşyrylan ilkinji keşbi, onuň döreden ilkinji keşbi. Bibi eje öz gününe kaýyl bolup ýören, diňe öz işini bilýän adam. Onuň edaradaky bolgusyz gürrüňler, goh-galmagal bilenem işi ýok. Emma haçan-da galplygy görende, nejis adamlar bilen gabatlaşanda welin, hälki öz işi bilen gümra bolup ýören ýuwaş aýal pert-pert, batyrgaý gepläbem bilýär, adamyň ýüzüne gelibem. Şeýdibem ol bir wagtky obadaşy Medally adamyň ýüzüniň perdesini syrýar.

Onuň hakyky frontçy weteran däl-de, her hili pirimler edip söweş medallaryny tapan, şeýdibem özüni frontda bolan edip görkezýän näkesdigini ýüzüne aýdýar.       

Bibi ejäniň keşbi – aýdýan sözleri, edýän hereketleri ynandyryjydy, ony döreden artistiň ýüreginden syzylyp çykýardy. Tomaşaçylaram bu keşbi haladylar. Şu keşpdenem Almagülüň geljekki üstünlikleriniň, şowly keşpleriniň başy, onuň hakyky döredijilik terjimehaly başlandy.       

Şu spektakl tabşyrylyp tomaşaçylara 5-6 gezek görkezilensoň, belli režissýorlaryň biri Çary Mommadowy Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryna baş režissýor edip bellediler.        

Çary Mommadow, adalatyň hatyrasyna aýtsak, artist Almagül Mehemowanyň artistlik zehinini açan, onuň uly kämillik ýoluny geçmegine itergi  beren adam. 

-    Ol maňa dürli häsiýetli, dürli ýaşly, dürli milletden bolan, dürli döwürde ýaşan gahrymanlaryň gaty köpüsiniň keşbini tabşyrdy. Ol maňa keşp tabşyranda hemişe: “Almagül, şu keşp hut seniň öz keşbiň. Ýöne şony özüňki etmek üçin şoňa uýmaly, ony kabul etmeli. Şol gahrymanyň ykbalyny özüňki diýip bilmeli. Sen Almagül däl, sen şu gahryman. Sen şuňa ynanmaly” – diýip, her täze keşbi tabşyranda aýdardy. Ol meniň bilen gahrymanymyň içgepletmelerini, gepleşiklerini işlände edil sapak öwredýän misli işledi. Mugallymyň okuwçysyna ýüregi bilen  öwredişi ýaly öwretdi. Şol sebäplem men Çary Mommadowa ömürlik minnetdar – diýip, Almagül režissýora çuň minnetdarlygyny bildirdi.       

Artist mamla. Çünki Alamgül özüniň iň gowy keşplerini, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan keşplerini Çary Mommadowyň Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda goýan “It gyrkýan hojaýyn”, “Baý we batrak”, “Ýetimje”, “Bosaga”, “Doňýürekler”, “Arwah”, “Perwana”, “Görmegeý oglan we owadan gyz hakda rowaýat” we beýleki spektakllarynda oýnady we döretdi.      

Artistiň şu ady agzalan spektakllarda oýnan keşpleriniň ilkinjisi dramaturg T.Hojakgaýewiň “It gyrkýan hojaýyn” gülküli oýnundaky Patdynyň ejesi Ogsoltan ejäniň keşbidir. Baş gahryman Amanly Nuryýewiň Patda petek çekdirip, guraýan “synanyşygynda” Patdynyň berýän gülkünç, nätakyk jogaplaryna jany ýanyp, iki ýana elewreýän, “Oka diýdim, etmediň. Ine okamasaň” diýip oglunyň kellesine urýan sada, gülkünç, her sözi degişmä ýugrulan Ogsoltan eje tomaşaçylaryň ýadynda bolsa gerek. Çünki bu spektakl Türkmenistanyň köp ýerinde, türkmen telewideniýesi arkaly bolsa birnäçe gezek görkezildi.       

Görnükli belarus dramaturgy Alekseý Dudarewiň “Bosaga” dramasynda Almagül Mehemowanyň döreden keşbi barada aýtmazlyk mümkin däl. Baş gahryman Andreý Buslaýyň ejesi 70-e ýeten kempir. Oturyp-turşy agyr. Ýuwaş gyryk sesi enäniň kiçi dilden bärden däl-de ýürek jümmüşinden gaýdýar. Durmuş, arakhor oglunyň ygyp ýörmesi, birdenem ýom-ýok bolmasy ony lagşadypdyr. Nätakyklyk bilen oglunyň “öldi” (emma ölýän başga G.M.) habaryny eşidende, onuň patasyny alnda, dünýäden umydyny üzen, çala gymyldysy bolan janly “jesede” meňzeýär. Enäniň öz ogly üçin ýürek paralaýşy tomaşaçyny elendirýär. Bu spektaklda, artist bolup Almagül bilen bir ýerde işleýän adamsy Gurban Mehemowam Buslaýyň kakasynyň täsirli keşbini döredip, Almagüle mynasyp oýunçy ýoldaş boldy, Buslaýyň ejesiniň keşbiniň tolgundyryjy bolmagyna uly ýardam etdi. 
       

Artist Almagül Mehemowanyň döreden keşpleriniň üstünde ýekeme-ýeke durup geçmäge gazet makalasy mümkinçilik bermeýär. Men diňe olaryň käbirini agzaýyn. Hanzanyň “Baý we batrak” dramasyndaky baýyň baýry mes aýaly Paşşa hanym, ýene bir aýaly, gömülgen ýylanam “çakýan” Hanzada, gyrgyz dramaturgy M.Baýjyýewiň “Doňýürekler” dramasyndaky puluň, baýlygyň ýesiri doňýürek Saýraş, belorus dramaturgy G.Stefanskiniň “Arwah” gülküli oýnundaky gyzy Nastýa üçin aglamjyrap elewreýän sada göwün Marusýa, Uýgunyň “Perwana” dramasyndaky adalatyň goragynda duran merdemsi prokuror Adalat, B.Mämmedowyň “Görmegeý oglan we owdanja gyz hakdaky rowaýat” spektaklyndaky görmegeý oglany jadylap ele saljak bolýan mekir, jadygöý kempir - Nebisjemal. Jemi 50-den gowrak keşp. A.Mehemowa 1986-njy ýylda “Doňýürekler” spektaklyndaky Saýraşyň keşbi üçin ”Iň gowy zenan keşbi üçin” diýen baýragyna we I derejeli diplomyna mynasyp boldy.    

Eýsem Almagülüň keşpleri nähili döreýär? Bu barada onuň özi şeýle diýýär:

-    Men keşbi 2 gezek göçürýärin. Özem gyssanman. Bu maňa 2 tekst edinmek üçin däl-de, her gezek gyssanman göçüremde keşbimiň sözlerini öwrenmek üçin gerek. Soň keşbimi okamok. Ýöne işe gidip barýarkam, şol gün işlejek görnüşimiň sözleri hakda pikir edýän. Öňde-yzda ýoldan gelýän adam ýok bolsa, sözlerimi daşyma çykaryp gaýtalaýan. Ýatjak bolmazdan öň, ir säher bilen oýnajak her görnüşimiň sözleri, hereketleri barada, öz gahrymanymyň içki dünýäsi, daş keşbi barada oýlanýan. Şeýdibem gahrymanymy ýuwaş-ýuwaşdan göz öňüme getirip başlaýan. Bu işde maňa gören durmuş wakalarymam, režissýoryň belliklerem, ýoldaşlarymyň maslahatlaram köp kömek edýär...      

Men Alamgül Mehemowanyň nähili artistdigi barada bu aýdanlarymyň üstüni doldurmak üçin, onuň kärdeşi Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Gurbandurdyýewiň sözlerini getiresim gelýär. “Almagül zehinli, hertaraply artist. Ol berlen keşbi ýüzleý işlänok. Keşbiň içki dünýäsine aralaşýar. Şonuň üçin režissýorlara onuň bilen işlemek ýeňil. Men köp spektaklda onuň bilen   oýunçy ýoldaş boldum. Onuň bilen oýnamak ýeňil. Durmuşda adamkärçiligi ýumşak, mähirli, işde görelde alarlykly adam”.     

 Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlarydyr teatrda berlen köp sag bolsunlar onuň ýadawsyz zähmetine, döredijiligine ýene bir gezek kepil geçýär. 
 

Gurban Mämmedow.