Türkmenistanyň halk artisti Aman Baýramberdiýew

 Geçen asyryň 1963-nji ýylynyň tomus aýlarynyň başy bolsa gerek. Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutyny tamamlan oglan-gyzlaryň on üçüsi Aşgabada gelipdi. Ynha, indi teatr muşdaklary A.Gulmämmedow adyndaky türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň düýbüni tutan şol artistlere – on üçler diýýärdiler. Şolaryň biri-de Aman Baýramberdiýew bolmaly. Ol şol ýyllardan başlap ýaşlar teatryny teatr edenleriň saýlantgylarynyň biri boldy. Diňe sahnada keşp döretmek däl, ol bu teatryň ähli işlerine işeňňir gatnaşyp, onuň ody bilen girip küli bilen-de çykdy.

Ol teatrda goýulýan spektakllaryň ençemesinde režissýoryň kömekçisi boldy. 1979-njy ýylda ol Moskwanyň iki ýyllyk ýokary režissýorlyk kursuna okuwa girýär. Ony tamamlan ýyly hem teatrda Begi Suhanowyň “Baharyň yssy güni” diýen sahna eserini sahnada goýýar. Şondan soň ol alty ýyla golaý wagt bu teatryň ýolbaşçysy-da bolup işledi. Ýolbaşçy hemme işe gatnaşmaly, hemme işi çözmeli, bitirmeli. Toparda döredijilik, tertip-düzgün meselelerem ýüze çykman duranok. Ol şol işleriň ählisine-de seretmeli, her birinem oňyn çözmeli. Ýöne bu zatlar döredijiligine hiç hili päsgel bermedi. Onuň ýiti zehini bilen dürli halklaryň dürli döwürdäki sahna gahrymanlary tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy.       

Biz bu ýerde Aman Baýramberdiýewiň sahnada döreden keşplerine baha bermegi maksat edinmedik. Bu barada, goý, onuň bilen bile işlän, ýakyn aragatnaşyk bolan adamlar söhbet açsyn.     

Türkmenistanyň halk artisti Täçbibi Gapurowa:

-    Men Aman Baýramberdiýew bilen spektakllarda oýnamadym. Ol başga teatrda işledi.  Ýöne onuň döreden sahna gahrymanlaryndan habarly. Artist artistiň döredijiligi bilen tanyş bolmaly.

Mömin, Aman Durdiýew, Ýago, Weli Kaýumhan...gör, ol nähili keşplerde oýnady. Ol keşpler artistiň döredijiliginde görnükli yz galdyrdy. Elbetde, ol gahrymanlar artistiň akyl-paýhasyndan iýmit boldy. Onuň zehininiň has durlanmagyna-da uly mümkinçilik döretdi. Diňe şu gahrymanlaryň özi-de Aman Baýramberdiýew barada gürrüň etmäge doly esas döredýär. Emma onuň döreden keşpleri barmak basyp sanardan köpdür. Artist Baýramberdiýewi sahnada synlanyňda onuň çeýeligi, hereketiniň sazlaşyklygy has aýdyň görünýär. Onuň ajaýyp zehini, oňat sesi bar. Arassa dil, arassa ses teatrda artiste iň esasy gerek zat. Amanda şol bar. Aman her sözüň öz äheňini tapmaga, onuň basymyny, dyngy belgilerini ýerli-ýerinde goýmaga gaty ökde artist. Dil halkyň akyl-paýhasynyň ölçegi diýilýär. Aman şoňa oňat düşünýär. Oňat düşünýär diýmegimiň bir sebäbi bar. Biz Aman bilen “Türkmenfilm” kinostudiýasynda köp filmleri türkmen diline geçirmäge gatnaşdyk.

Şonda ol ilki bilen terjime edilen filmdäki keşbiň tekstini eline alyp, gözden geçirýär. Göwnüne ýaramadyk sözleri ýa terjimeçi bilen ýa-da filmiň terjime režissýory bilen maslahatlaşyp, ony degerli söz bilen çalyşýar. Onsoň filme ses bermäge başlanmazdan öň ol birki gezek görülýär. Şol hem Amana ýeterlikdir. Onsoň onuň ekrandaky ses berýän baş gahrymanynyň keşbine girişi bizi – töwerekdäki artistleri haýran galdyrýardy. Onuň gahardan ýaňa saňňyl-saňňyl edip durşy-da, berk hem çürt-kesik aýdýan sözleri-de edil ekrandaky hereket edýän gahrymanlaryňkydan üýtgeşik däldir. Onuň çeýnäp-çeýnäp, labyzly aýdýan sözlerini diýsene! Artist bolup Aman Baýramberdiýew bilen filmlere ses bermäge gatnaşmak, onuň bilen taý bolup işlemek janyň ujy, hezil edinýärsiň. Ol, filmlere ses bermegiň gizlin syrlaryny bileni üçin iş wagtynda hiç bökdençlik çekenok. Edil opera dirižýory ýaly, seniň gürlemeli wagtyňy-da üm bilen aýdyp durandyr. Gaty seýrek bolaýmasa, onuň bir görnüşi iki gezek gaýtalaýan wagty gaty azdyr. Dogrusyny dogry aýtmaly, özüm-ä Aman dagy heniz mekdepde okaýan wagtlary-da filmleri türkmen diline geçirmäge gatnaşardym. Ýöne onuň ýaly tiz wagtyň içinde bu işiň abyny-tabyny bilmändik. Bu artistde üşük bar, zehin bar. Zehinli adam her bir işde-de özüni tanadýar. Amanyň adamkärçiligi-de her bir zada degýär. Ol oňat ýoldaş.        

Annamyrat Saparmuhammedow: 

-    Men artist Aman Baýramberdiýew bilen Mollanepes adyndaky drama teatrynda az wagt işledim. Soňra ol türkmen döwlet synag ýaşlar teatr-studiýasyna işe geçdi. Ýöne köp wagt onuň bilen türkmen telewideniýesiniň “Siziň üçin, körpeler” atly gepleşigine bile gatnaşdyk. Ol Aman daýy, men Garagöz – güjügiň keşbinde çykyş etdim. Diňe bu däl. Aman Baýramberdiýewiň sahnada döreden gahrymanlaryna-da durmuşdaky tutýan ornuna-da bir adamça belet. Gürrüňi “Siziň üçin, körpeler” atly gepleşikden başlasym gelýär. Biz Aman aga bilen bu gepleşige köpden bäri gatnaşyp geldik. Gepleşikdäki towşan, kirpi, Garagöz, köşek ýaly ýaşajyk haýwanlar köpleriň hemişelik dostuna öwrüldi. Bu işde Aman Baýramberdiýewiň uly paýy bar. Ol şol ýaşajyk haýwanlar bilen gürleşen wagty örän sada hem mähirli gepleşýärdi. Şeýdip hem ol köpleriň ynamyna girdi.      

Artist Aman Baýramberdiýew körpeler bilen diňe bir ekranda däl, hatda ol teatr sahnasynda-da köp duşuşyklar geçirýärdi. Ýekeje mysal, türkmen döwlet synag ýaşlar teatr-studiýasy A.Amanmyradowdyr kompozitor D.Hydyrowyň “Aman daýy” diýen spektaklyny sahnada goýdy. Bu ýerde-de artist Aman Baýramberdiýew baş gahryman Aman daýynyň keşbinde oýnady. Bu kiçi ýaşly çagalar üçin niýetlenen spektakldyr. Muňa garamazdan, bu spektakla mekdep okuwçylarydyr uly ýaşly adamlar-da tomaşa etdi. Spektakla gatnaşýanlaryň Aman Baýramberdiýewden beýlekileriniň hemmesi haýwanlardyr. Umuman, ol körpeler bilen iň köp iş geçiren artistleriň biridir. Ol diňe bir teleýaýlymda ýa-da teatrda däl, mekdep okuwçylary bilen bolýan duşuşyklara-da işeňňir gatnaşdy. Şol duşuşyklarda-da ol körpe nesliň häsiýetini, “dilini” öwrenýär. Bu bolsa artist üçin iň bir derwaýys zat. Meniň özüm-ä, Aman Baýramberdiýew bilen bile işleşenime, onuň bilen telegepleşiklerde çykyş edenime örän şat. Ondan öwrenere zat köpdi.      

... Şu ýerde Aman Baýramberdiýewiň döredijiligine has mahsus bolan bir zady bellemek galýar. Ol hem onuň döreden sahna gahrymanlarynyň özüne dartyjy güýji hakda. Ol güýç artistiň döreden keşpleriniň ahlak jähtden ýanbermezliginde, ruhy taýdan sagdynlygynda. Ynha, onuň “Ömrüň örki” spektaklyndaky gahrymany Aman Durdyýew, “Ak gämidäki” ömrüni tebigaty goramaga bagyş eden, päk göwünli goja Mömini. Ol keşpleriň her biriniň içki duýgusynyň, häsiýetleriniň açylyşy biri-birinden üýtgeşik. Artist Aman Baýramberdiýewiň döreden şu hem beýleki birnäçe keşpleriniň hut şu günüň talabyndan ugur alýandygyny, olaryň döwrüň mertebesidir ähmiýetini saklaýandygyny açyk aýdyp bolar. Artist öz döreden her bir keşbiniň ykbalyna adamkärçilikli çemeleşýär. Şonuň üçinem onuň döreden gahrymanlary sahna çykanda tebigy, ynandyryjy hereket edýär. Şu günüň talabyndan ugur alan şol gahrymanlar döwrüň mertebesine saklady, öz ähmiýetinem.   

 Artist Aman Baýramberdiýew režissýor Durdymämmet Oraýewiň  ozalky ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda goýan “Öýlenmek” (Koçkarýew), “Wanýa daýy” (Wanýa daýy), “Otello” (Ýago)... ýaly spektakllarynda esasy keşplerde çykyş edip, dürli röwüşdäki keşpleri janlandyryp tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

 

Nyýazgeldi Gurbangeldiýew