Annamyrat Berdiýew, Türkmenistanyň halk artisti

— Aktýorlyk sungaty hakda şeýle bir kesgitleme bar: «Aktýoryň şahsy dünýägaraýşy onuň döredijiliginiň düýp özenidir» diýilýär. Ine, şu söz kim tarapyndan aýdylan hem bolsa, juda ýerlikli aýdylypdyr. Sebäbi öz şahsy dünýägaraýşyň, içki baý medeniýetiň, bilimiň bolmasa, köpüň öňüne çykmak kyn.
                                                                                                                                                     *     *     *     

Sahna çykanyňda, her hili üýtgeşik geýim geýeniň bilen ýa-da ýüzüňi grimläniň bilen şol zatlaryň aňyrsynda hakyky özüňi gizlemek asla mümkin däl. Aktýorçylyk tehnikasy näçe güýçli bolaýsyn, esere şonuň şahsy goşandynyň agramy ýeňil bolsa, onuň şol ýeňilligi edil aýnada ýaly görner durar.
                                                                                                                                                    *     *     *    

Artist üçin iň bir zerur zat, ol-da özüne çekijilikdir. Tomaşa zalynda oturyp, spektakla seredende, tomaşaçy her artiste aýratyn göz bilen seredýär. Ol her artistiň hereketini, geplemän duran pursatyny sypdyr- man synlap otyr. Sebäbi şol artist oturan tomaşaçy bilen dil tapýar. Şeýlelikde sahna bilen zalyň arasynda baglanyşyk döreýär. Munuň özi teatr sungatynyň öz öňünde goýýan maksadynyň berjaý edilmegidir. Şeýle gatnaşyk tomaşaçyny teatra örkleýär.
                                                                                                                                                    *     *     *       

Her hili ussat artistem bolsa, režissýorsyz hiç zat edip bilmez. Režissýor filosof, psiholog, ähli meseläniň beýemçisi bolmaly. Ol her artistiň şahsyýetini gowy bilýär, onuň gözýetiminden ugur alýar, şony gerekli ugra gönükdirýär. Şol ugurdan gyşaranda oňa hemaýat berýär.