ARTISTLERIŇ DEGIŞMELERINDEN

Ýygnakda        

Aman Gulmämmedowyň teatryň baş ýolbaşçysy wagty ýygnak bolupdyr. Entek Aman aga çykyş etmän- kä, aktýorlaryň biri söz alyp:

—    Ýoldaşlar, ýaňy Aman aga gaty dogry aýtdy. Biz tertip-düzgünimi- zi berkitmeli. Ýoldaşlar, ýaňky Aman aganyň aýdyşy ýaly, oýunlarymyzyňam hilini ýokarlandyrmaly.   

Aý, garaz, her sözüniň öňünden «Aman aganyň aýdyşy ýaly» diýip, uly söz sözläpdir. Soňra ýygnagy alyp baryjy Aman aga söz beripdir. Aman aga:

—    Ýoldaşlar, ýaňky Aman aganyň aýdan sözlerini ýerine ýetirseňiz bolar — diýip, çykyş etmän, ýerinde oturyberipdir.

Gözi gülli bolmaly    

1954-nji ýylyň 14-24-nji oktýabry aralygynda Moskwada Türkmenistanyň edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügi geçirilýär. Ongünlük diýseň üstünlikli geçýär. Aşgabada gaýdyp gelen edebiýat we sungat ussatlaryny ildeşleri gül desseleri bilen garşy alýarlar.

Şyhly Agaýew eli gülli bir zenany görüp, Sary Garryýewe degmek üçin:

—    Sary aga, eli gülli bir zenan elewräp birini gözleýär weli, gelne- jem bolaýmasyn? — diýýär.    

Sary aga säginmän:

—    Meni gözleýäniň eli däl, gözi gülli bolmalydyr — diýýär.

Haý, edeniň bar bol-a     

 Türkmenistanyň belli režissýorlarynyň biri Aman Kömekow bir dosty bilen daşary ýurda gezelenje gidipmiş. Olar del şähere baranlarynda, Aman ýoldaşynyň başyndaky juda gowy tikilen telpegini görüp:

—    Häzir bolgun, telpegiňi aldyraýmagyn, ahmal bolsaň, metro mü- neňde telpegiňi alýandyrlar — diýip, düşündirip gidipdir. Gündiz hersi öz işleri bilen bolup, agşam myhmanhana gelýärler weli, Amanyň ýoldaşy janygyp gürrüňe başlaýar:

—    Sagja bol, Aman jan, aýdanyň gowy bolaýdy, ýogsam telpeksiz galjak ekenim.

—    Ýeri, näme boldy?

—    Näme bolar öýdýärsiň. Bir görsem, metrodan düşüp barýan biri meniň telpegimi duýdurman kellesine geýip, haýdap barýar. Menem ýapyşdym telpegime, zordan alyp ýetişdim. Telpegimi aldymam weli, wagonlar şakyrdaşyp gitdi — diýip, joşup gürrüň beripdir. Soňra bir zat aljak bolup, sumkasyny açypdyr weli, öz telpegi sumkanyň içinde ýa- tyrmyş. Bu ýagdaýy gören Amanyň ýoldaşy:

—    Haý, edeniň bar bol-a — diýip, özüni lampa aşak goýberipdir.