Myrat Orazmuhammedowyň DEGIŞMELERINDEN

Dellekhanada    

Bir gün Myrat dellekhana baryp, dellege degişme bilen ýüzlenip:

—    Inim, meniň saçymy deň iki bölüp, keýwany tanamaz derejede bejer!—    diýipdir.    

Dellekçi ýigit hem degişgen ekeni, ol biraz salym Myradyň saçyna dümtünen bolup:

—Agam, meni bagyşlaň, men saçyňyzy bejerip biljek däl! Sebäbi sa-çyňyzyň tarlarynyň sany jübüt däl ekeni — diýipdir. 

«Aýna bilen gürleşdim»   

Bir gün aýaly Myrada garap:

—    Waý, Myrat, esli wagtdan bäri maňa tiňkäňi dikip dursuň welin, bir zat diýjek bolýaňmy? — diýipdir.     

Onda Myrat:

—    Keýwany, men ýap-ýaňy saňa diýmeli sözlerimi gürläp-gürläp, içimi boşatdym.    

Aýaly:

—    Nirede? — diýip soranda, Myrat gülüp:

—    Içki jaýdaky aýnanyň öňünde — diýip jogap beren.

Açylan syr     

Bir gün Myrat gahary gelip, ýanynda oturan dostuny günäkärleýär:

—    Menem gel-gel, saňa dagy syrymy ynanypdyryn diýsene. Şu wagta çenli dost bolup gezsek-de, seniň beýle ýagdaýyň bardygyny bilmändirin. Asyl sen syr saklap bil- meýän ekeniň-ä.

Onda dosty:

—    Wah, men syrsaklap bilýän-le. Ýöne menden eşidenler syr saklap bilenok-da — diýip jogap beripdir.

Çykalga     

Bir gün teatrda sahna gidip durka Myradyň ýasama murtunyň bir tarapy gopaýýar. Ol diňşirgenen bolup, «Meni biri çagyrýar öýdýän diýip perdäniň aňyrsyna geçýär. Emma grimçini tapmaýar-da, murtunyň beýleki çetini hem aýryp, yzyna dolanýar. Sahnada aýalynyň keşbini döredip duran kärdeşi bu ýagdaýy bildirmejek bolup:

—    Kim çagyrýar eken — diýip, oňa ýüzlenýär. Myrat:

—    Hiç-le, sertaraş gelipdir — diýip, bu ýagdaýdan aňsatlyk bilen çykalga tapýar.

 

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW