Atamyrat Bekmyradow

-    Atamyrat Bekmyradow hakda bir zat ýazyp beräýseň...     

Redaksiýanyň buýran bu ýumşy meniň teatr hakda, artistler hakda, dramaturgiýa hem spektakl hakda bilýän zatlarymyň ählisini çugdamlamagymy talap edýärdi, sebäbi häzirem onçakly uzak bolmadyk ömrüniň agramly tarapyny teatr sungaty bilen berk baglanyşdyran, sahnanyň özüniň öýi, hem ojagy, hem dynç alýan ýeri saýan adam hakda, atly ussatlaryň eserlerinden, durmuş ýolundan, ýatlamalaryndan öwrenip ýören “okuwçy” hakda, galyberse-de, bälçireşip, degşip ýören dostuň, syrdaşyň hem ýürekdeşiň hakda galama ýapyşaga-da, bir zat ýazaýmak, onda-da okyja hödürlär ýaly zat ýazaýmak aňsat däldi. Köp wagtlap ikirjeňlenip gezdim, käbir žurnalistleriň edişi ýaly, artistiň öýüne baryp, zerur “maglumatlary” almakdan, oýnalan keşpleriň uzyn sanawyny sugşuryşdyryp goýbermekden, onuň bilen duşuşan hem hoşlaşan mahalymyzyň görnüşini bermekden çekindim. Şeýden bolsam, menden Atamyradam razy bolmazdy, onuň kärdeşlerem, ýumşy buýranam razy bolmazdy, okyjylaram.    

Uruş gutarandan soňrakky ýyllaryň biriniň tomus aýlarydy. “Drama teatr gelipmiş” habary Tejene ýaýranda, adamlaryň som-saýak bolýan döwrüdi, iki-üç gün öňünden petek alnyp, oýna gitmäň şaýy tutulyp ýörülýän pursatydy. Tomaşa görmäge isleg bildirýänleriň sany çensiz çaksyz bolansoň, biz ýalylara asyl miltem edip bilmeýärdi. Ýöne bir-iki gezek bagtym getirdi, teatryň içinde işläp ýören tanyşlarymyzyň biri, her näme bolsa-da, maňa teatra äkitjekdigini aýtdy. Ol diýeninem gögertdi. Yzkyrak hatarlaryň birinde jaýlaşyp, “Zöhre-Tahyra” tomaşa edenim şu günki ýaly ýadymda.

Diýseň edenli, görmegeý, egin gyrmyzy donly, başy ak telpekli, boýy kelteräk bolsa-da, örän gujurly hem çakgan Tahyrdan gözüňi aýyrmak mümkin däldi, men onuň aýdýan her bir sözüne hakykatdyr diýip otyrdym. Tahyry sandyga salyp, çyrpynyp ýatan derýanyň ortasyna zyňyp goýberenlerinde, girdaba özüm düşen däldirin öýtmändim. Bu pajygaly şekil düýşüme-de giripdi. Mende bu duýgulary oýaran Atamyrat Bekmyradowdy.      

Ertir gelsem, demir ýolçular klubynyň sahnasynda “Allan aganyň maşgalasy” gidip dur. Wäşi, alçak, çakgan,sypaýy hem menikli talyp ýeke aýagynyň üstünde pyrlanyp ýör, onuň aýdýan sözleri gülmez ýaly däl, hereketlerini biperwaý synlar ýaly däl. Ol tüýs talyp, biziň arzuw edip ýören talybymyz. Mende bu duýgulary-da oýaran Atamyrat Bekmyradowdy.      

Teatra gidenimizde egnimize geýýän köýnegimiziň gelenimizde öl-myžžyk bolýan döwründen, artistleriň oýnaýan keşpleriniň düýşümize girýän pursatlaryndan oba göçdi diýýänleri. “Bu adamlaram özlerimiz ýalymyka ýada...” diýip ikirjeňlenilýän mahallaram bizden arasyny açdy. Ýol söküp, özümizden ululara ýalbaryp gidýän teatrymyz bilen aramyz hem ýakynlaşdy. Emma ýokarda aýdan täsirlerim birjigem könelenok, olarda durmuşyň yzy bar, olarda teatra höwes döreden adamyň keşbi bar...     

Men şol adam bilen oba çykýaryn, şähere aýlanýaryn, merkezden uzakdaky etraplara gezelenje gidýärin. Uludan-kiçä onuň ýüzüne çiňerilip seredýärler, köneden tanşyny gören ýaly, ýyljyraklap gidýärler, tirkeşip barýan iki ýoldaşdan biri öz ýanyndaka: “Tanadyňmy, ol Gurban, ol Dobçinskiý, ol Bobçinskiý, ol Şükür, Küle hojam, ol Kazy reýis, Annaly aga” diýip ýuwaşjadan pyşyrdaýar.

Hemmelerden ilgezik, bilenjesini ýüregine sygdyryp bilmän, derrew daşyna çykarýan çagalar bolsa ony: “Ana, Garaçomak geldi, ana Ložkin geldi, ana “Mollanepesdäki” Işan aga geldi” diýip gygyryşýarlar.      

Bu sözleri Atamyrat Bekmyradowyň özüniň nähili kabul edýändigini bilemok, bu barada ondan sorabam göremok, ýöne muňa öz ýanymdan guwanyp iki bolup bilmeýärin. Çünki bu zatlaryň ählisi biziň sungatymyzyň halk durmuşyna çuňňur aralaşandygynyň, ýöne güýmenjelikden uly terbiýeçilik ähmiýetine çenli ýokary göterilendiginiň, galyberse-de, sungat adamynyň, dostumyň il içinde adynyň uly hormat bilen tutulýandygynyň alamaty.        

Indi Atamyrat Bekmyradowyň keşplerine öz düşünişim hakynda käbir zatlary aýtmak isleýärin.       

Illeriň pikirini biljek däl welin, men Atamyradyň gülkä ýugrulan keşplerini diýseň eý görýärin. Ostrowskiniň “Gijigen söýgüsindäki” Deržimoru, Gogolyň “Derňewçisindäki” Dobçinskidir Bobçinskiý, “Keminedäki” Küle hojamdyr Kazy reýis, Molýeriň “Zor aýakdan lukman bolan”  sahna oýnundaky Zganedel, G.Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” dramasynda Gurban, “Mollanepesdäki” işan, “Otuzynjy ýyllardaky” Kelte... Bularyň hersi bir döwrüň adamy, hersi bir özbaşyna tip, özbaşyna bir “kelle” diýýänleri. Emma Atamyrat Bekmyradow olaryň her biriniň ugruny tapypdyr, olaryň her birine özboluşly jan beripdir, her birine zehin hem zähmet sarp edipdir.          

Bular barasynda öz wagtynda metbugatda ýazylany üçin, känbir döwnäp durmakçy däl. Ýöne bir ýagdaýy bellemekçi bolýaryn. Sahnadaky gülküniň abyny-tabyny alan, “Atamyrat oýnaýar” diýseň, nähilidir bir gülküli zada garaşyp oturan tomaşaçylaryň ýüregini awlamagy özüne endik edinen artist bir bada göräýmäge gülküden uzakda bolan  keşplere-de şol ýokundyny bermekden çekinmeýär. Mysal üçin, “Zöhre-Tahyrdaky” Garaçomak bilen “Hüýrlukga-Hemradaky” Hurşyt keşpleri dessanlaryň özlerini okasaňam, şolaryň esasynda ýazylan sahna eserleri bilen tanyş bolsaňam, gülküli keşp üçin kän material bermeýär. Garaçomak – iki gülüň aralygynda bitip oturan bir gyzgan, diýseň zannyýaman, zalym hem hilegär adam. Hurşyt – nalajedeýin, gerek ýerinde mekirlikden hem gaýtmaýan, samsyklaç bir tip. Ol keşplerde Atamyrat Bekmyradowdan başga artist oýnan bolsady, onda, meniň pikirimçe, olaryň janlylygyny, täsirliligini, halk halarlygyny üpjün edýän ýumşaksy wäşiligi häzirki derejesinde bolşy ýaly berip bilmezdi. Atamyrat Bekmyradowyň ýerine ýetirmeginde Garaçomak bilen Hurşydyň keşpleri türkmen sahnasynda döredilen tüýs gülküli, tüýs ýerine düşne keşpler. Belkem, bu meselede sungaty öwrenijiler bilen aramyza tow düşmegi, jedel bolmagy mümkin. Emma tomaşaçylar köpçüligi hut biziň aýdyşymyz ýaly pikir edýär, ol iki keşbi edil biziň göz öňüne getirişimiz ýaly göz öňüne getirýär.       

 “Gülki bilen pajyganyň arasynda uly tapawut bolsa-da, gülküli keşpde oňat çykyş edýän artist pajygaly keşpde-de edil şol derejede çykyş etmäni başarmalydyr”. Bu – Atamyrat Bekmyradowyň öwran-öwran gaýtalaýan sözleri, teatr sungatynyň talaplaryndan gelip çykýan netije. Atamyradyň sözleriniň onuň işinden aýry gitmeýänligi guwançly zat.  Men bu ýerde mysal baryny getirip, olary degşirişdirip oturmakçy däl. Ýöne bir keşp barasynda ýatlalyň. Ol hem H.Derýaýewiň “Mähri” sahna eserindäki Baba kellewiň keşbi. Bu keşbiň üstünde işlän mahalynda, Atamyrat Bekmyradowyň nähili kösenendigi, agtaryşlara gümrä bolandygy, ýoldaşlaryndan maslahat sorandygy, oba çykyp, ýaşuly adamlar bilen gürrüňleşenligi ýadymda. Men ol günler ýüzi hemişe aladaly görünýän, gaşlary çytyk, nämedir bir zadyň gamyny iýýän kelte boýly ýognas pyýadany dürli ýagdaýlarda görýärdim. Meşhur artist H.Çerkasow hakynda ýazylan işleriň birinde ol professoryň keşbinde oýnamak üçin birnäçe günläp hut professoryň eşigine girip, taýagyny eline alyp köçelere çykypdyr, awtobusdaky mähelle bilen ýola rowana bolupdyr diýen ýazgyny okanymda, öz ýanymdan haýran galypdym, şeýle ýagdaýyň bolup biläýjegine şübhelenmänem durmandym. Men Baba kelewi oýnamaga taýýarlanýan Atamyrady günleriň birinde eli pyçakly, örän gaharjaň hem aladaçyl halda görenimde, şol şübhämden belli-külli el çekdim, artistleriň başdan geçirýän muşakgatlarynyň şaýady boldum. Baba kelewiň keşbi örän şowly bolup çykdy. Atamyrat Bekmyradow, bir görseň, öz aladasyndan başga zady bilmeýän, içimtäp, bir görseňem, gursagynda basyrylyp ýatan köne düşünjelerden saplanyp bilmedik, şol düşünjeleriň yzy bilen gidip öz jigerbentlerine ýarag çeken, durmuş pajygasyny döreden, ahyrynda hem etmişleri üçin ýaka tutup ötünç soraýan adamyň, örän çylşyrymly tipiň oňat keşbi bilen tomaşaçylaryna el çarpdyrdy.     

Sahnada döreden keşpler kän, oýnalan keşplerem kän, tomaşaçylaryň arasynda Atamyrat Bekmyradowyň abraýy olardan hem kän. Bu zatlaryň syry nämedekä? Men öz ýanymdan: “Ýadawsyz çekilen zähmetde, höwesde, islegde” diýip jogap berýärin. Atamyrat Bekmyradowyň özüni gürletseň welin, ol: “Bu zatlaryň ählisi üçin men uly artistler Ata Durdyýewe, Aman Gulmämmedowa minnetdar.  Olar bolmadyk bolsa, men teatryň gapysyny-da tanamazdym, diýýän keşpleriňi-de döredip bilmezdim. Ilki bilen-ä, olaryň “berekellasy”, galyberse-de, sahna ussatlary Gribowyň, Swetlowidowyň, Ilinskiniň, türkmen artistleriniň halypasy A.I.Awrusiniň sapaklary meni artist etdi. Olaryň ynamyny ödemek üçin kän işlemeli boldum” diýdi.    

 “...Märekäni rahat ukudan oýaran, ony tolgunmaga hem sahna eseridir onuň oýnalyşy hakynda jedelleşmäge mejbur eden artistler sag bolsun”. Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, halkyň söýgüli artisti, sungatyň esgeri Atamyrat Bekmyradow hakyndaky belliklerimi, ine K.S.Stanislawskiniň ýokardaky sözleri bilen tamamlasam diýýärin.

 

Abdylla Myradow.

                                                                                                                                            *     *     *   

Ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda dürli häsiýetli artistleriň birnäçesi zähmet çekip, olar özleriniň döreden nusgalyk keşplerinde içki joşguny, keşbe bada-bat girip, pikir azalyny ýöredip bilişleri we ýene-ýeneleri bilen tapawutlandylar. Şolaryň içinde Türkmenistanyň halk artisti Atamyrat Bekmyradow hem dürli ugurly artist hökmünde il içinde tanaldy.           

Artist üçin keşp gülküli, çuňňur ruhly, pajygaly häsiýetli, otrisatel, položitel bolsun, tapawudy ýok. Artist keşbe bada-bat girip bilýär. Onuň baý hyýaly, alyp-ýolup baryjylygy, bile oýnaýanynyň içine-daşyna girip bilijiligi döredijilik aýratynlygyna mahsus häsiýetleridir. A.Bekmyradow turuwbaşdan dürli gylyk-häsiýetli keşpler döredip, zehinli artist hökmünde özüni tanatdy. Ol ilki-ilkiler “Zöhre-Tahyrdan” Tahyryň, “Kemineden” merdemsi, kiçi göwünli Şüküriň, ýene-de şol spektaklda agrasdan pähimli ýaşuly Annaly aganyň, sakalyny syrdyryp, haramylyk bilen meşgul bolýan Küle söwdegäriň, paýhasly ýigit Ahmediň keşplerini döretdi. Bir spektaklda dürli häsiýetli dört keşpde çykyş etmegi başarmaga uly güýç gerek. Şeýle güýç artistde bardy.     

Artistiň ilki-ilki döreden keşpleriniň hemmesiniň içinden gülki uçgunlary syçyrap çykýardy. Teatryň režissýoram, tomaşaçyny gyzyl-gyran edip biljek güýjüne ynanan artistem gülküli uçgunlarynyň birleşip, lowlap tutaşyp ugramagyna ýykgyn etdi.      

Atamyradyň dünýä dramaturgiýasynyň repertuary bilen iş salyşmagy onuň sungatynyň köp taraplaýyn ösmeginde uly orun oýnady. A.Bekmyradow “Myhmanhananyň hojaýyny” gülküli oýnunda hyzmatkäriň gülküli şeklini ýasady. Artist ýerlikli bellikler, reňkler bilen keşbi döredip bilipdir. Artist “Zor aýakdan lukman bolan” gülküli oýnunyň gahrymany Waleriniň keşbini hem dürli reňkler bilen bezemegi başardy.      

Ine-de Molýeriň ajaýyp gülküli oýny “Meşanin dworýanlykda”. A.Bekmyradow Žurdeniň keşbinde. Molýeriň döwründäki teatryň artistlerine niýetlenen bu keşp artistlerden içki ýumşaklygy, çeýeligi, depgini saklar ýaly çakganlygy talap edýär. Artist Žurdeniň keşbini döretmekde howlukmady. Ol ony dur-bara goýy reňke çaýdy. A.Bekmyradow Žurdeniň kä zatlara haýran galyjylygyny, birden aýak üstüne durup, çiňerilip seredijiligini, ýumşaklygyny öňe sürüpdir. Artist keşbi ör boýuna galdyrmak üçin, spektaklyň baş heňini jikme-jik yzarlamak üçin gerekli detallary ýerlikli ulanypdyr.    

A.Bekmyradowyň ajy gülkülerine Žurden ýaly meşanlaryň üstünden gülmek, söwdegärleriň, täjirleriň, şol jemgyýetiň üstünden gülmek diýip düşünilýär.   

A.Bekmyradow il arasynda “Atamyrat diýme-de, hol Kelte diýsene” diýen ady hem gazandy. Keltäň keşbi o diýen ulam däl. Gürrüň keşbiň ululygynda ýa-da kiçiliginde däl. Gürrüň keşbiň aýlawly, däneli ýerlerini tomaşaça ýetirip bilmekde. A.Bekmyradowyň keltäniň halkyň aňyna ornaşyp, maňzyna batýan keşbini döredip bilşi barada aýtsagam, onuň sahna ussady G.Berdiýewiň Uzyny bilen bäsleşip bilýän, asgyn düşmeýän Keltesiniň sazlaşykly bolup çykanlygyny aýtmazlyk mümkin däl.      

 Artistiň döreden gülküli keşplerine tomaşa edeniňde, olaryň içinden dramatik notalaryň ýaňlanyşyny eşidýärsiň. A.Bekmyradow gülküli keşpleri nähili derejede oýnap bilýän bolsa, çuňňur ruhy keşpleräm şonuň ýaly oýnaýar.     

Režissýor Çary Mommadow “Mähri” spektaklyny goýmak bilen A.Bekmyradowyň beýleki keşplerine meňzeş bolmadyk keşp döretmegini gazandy. Onda-da pajygaly reňklere çaýylan dramatik keşp.  “Mähri” spektaklynyň esasy ýagdaýlarynyň ösüşi Baba Kelewe bagly. Bu uly hem jogapkärli keşp. Baba kelew könäniň zäheri bilen zäherlenen, adamçylyk sypatdan nyşan galmadyk jalataý. Artist şeýle häsiýetli Baba kelewi özüçe oýnaýar. Sahnada Baba haýalrak ýöreýär. Özüni paýhasly, mysapyr görkezjek bolup, ýuwaşja gepleýär. Gülenem bolýar. Sesini, ýüz keşbinäm üýtgedýär.

Ýöne bu alamatlar kelewiň aslynda kimligini ýaşyryp bilmeýär. Artistiň şeýle düşünmesi kelewiň sahna eserindäki häsiýetine bap gelýär.      

A.Bekmyradowyň kelewi spektaklyň ikinji ýarymynda düýbünden başga adam. Baba kelew gyzyna palta götereni, oňa baý gözi bilen garany üçin basylypdy. Döwrüň tasiri esasynda Baba kelew täze terbiýe alýar. Onuň ruhy dünýäsi üýtgeýär.      

 B.Amanowyň “Mollanepes” dramasynda gowulyga ymtylýan gahrymanlar bilen otrisatel häsiýetli adamlaryň gapma-garşylykly çaknyşygy beýan edilýär. Gara güýçleriň başynda artistiň oýnaýan Magtym işany durýar. Artistiň bu keşbäm örän özboluşly. A.Bekmyradowyň Magtymy şu çaka çenli döredilen gahrymanlara meňzänok. Magtym işanyň daşky däl-de, içki dünýäsine üns berlipdir.

Magtym ýuwaş gepleýär. Etjek işini assyrynlyk bilen edýär. Işanyň içi gazandanam gara. Mollanepese we onuň ýoldaşlarynyň garşysyna gönükdirilen, bilmediklige salan bolup, etjegini etmäni Magtym – Bekmyradow başarýar.       

Atamyrat Bekmyradow gülküli we çuňňur ruhly keşplere häsiýetli bolan artistlik serişdelerini keşpde ýerlikli ulanyp bilýär. “Hazynalar adasy” dramasynyň esasy gahrymanlarynyň biri Kasymbegiň artist tarapyndan döredilen keşbine näme diýersiň. Kasymbeg Çeleken adasynyň kök uran nebit eýeleriniň biri. Artistiň şekillendiren Kasymbegi özüne göwni ýetýän adam. Kasymbegiň ellerini galgadyp, bir sözi iki gaýtalan bolup, aýnap gepleýşi onuň gorunyň, güýjüniň barlygyny görkezýär. Kasymbeg – Bekmyradow sahnada sözüň manysyny üns berip diňleýär. Ilki bada näme diýilse-de çydaýar. Ýeri gelende welin, duzlap goýberýär.  Kasymbegiň esasy maksady köp nebit almak, baýamak. Ine bir görseň, ol guduzlan it ýaly, jabjynyp ýör. Artist dürli artistlik serişdeleri bilen Kasymbegiň we muňa meňzeşleriň reňkli keşbini döredip bilipdir.    

Atamyrat Bekmyradowyň döredijiligini döwrümiziň gözelliklerini wasp edýän keşpleri bezeýär.  Artistiň döredijiligi ömrüniň soňky ýyllarynda hasam ösýär. Bu barada onuň “Seniň yşkyňda” spektaklynda döreden Çakanyny bellemek bolar. Bu keşp barada, aýratynam polýak dramaturgy L.Kruçowskiniň “Azatlygyň ilkinji güni” dramasyndaky Anzelmi hakynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. “Azatlygyň ilkinji güni” filosofik eser. Anzelmiň içki hasratyny, onuň dünýägaraýşyny, onda-da häzirki ýagdaýa, uruş meselelerine bolan gatnaşygyny öňe sürýär.   

 A.Bekmyradow bu keşbiň üsti bilen faşizmiň eden-etdiliginden ýaňa çürkeýän adamyň pajygasyny ýetirýär. Anzelm sahnada peýda bolanda, ol bu dünýäniň adamlaryna meňzemeýär. Bir görseň, çalt-çalt ýöreýär. Bir görseňem, duruberýär, aýdýan geplerine aňk-taňk bolýar. Onuň üçin göreş, uruş, dawa-jenjeller gerek däl.   Anzelm diňe şeýle bolmaly diýen taglymy öňe sürýär. Onuň aýdany aýdan, diýeni diýen bolmaly. Emma ol öz sözüni gögertjek bolup nähili hereket edipdir. Anzelm – Bekmyradow öz taglymyna uýýan adam. Uýýanlygy onuň Ýan ýaly paýhasly adamlar bilen çaknyşygynda aýdyň duýulýar. Ýanyň aýdany Anzelme çigit ýalam täsir edenok.    

Artist Anzelmiň mylaýym, gerek ýerinde öz taglymyna ynanýan keşbini döredip bilipdir.   

Bu keşp SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti A.Bekmyradowyň bütin döredijiliginde, teatryň taryhynda mynasyp ýeri eýelär.    

 

Çary Gullaýew.