Hudaýberdi Bäşimow bilen söhbetdeşlik

Ýurdumyzyň teatr ussatlarynyň döredýän gymmatly eserleri tomaşaçylara egsilmez ruhy şatlyk berýär. Ýurdumyzda hereket edýän teatrlarymyz hem bagtyýarlyk döwründe gyzykly sahna eserleri bilen halkymyzyň söýgüsini gazanyp gelýär. Şolaryň biri-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrydyr.     

2001-nji ýylda açylan bu teatrda sungat ussatlary Kadyr Atabaýewiň, Ata Alowowyň, Ahmet Pürsiýänowyň, Daňatar Hydyrowyň, Gurban Babaýewiň başda durmagynda halk dessanlary esasynda täze sazly drama eserleri goýlup başlanýar. Teatrda goýan “Saýatly-Hemra” atly ilkinji spektakl uly üstünlik getirýär. Şondan soň teatrda halk dessanlarymyz esasynda, ençeme spektakllar sahnalaşdyrylýar. Olara “Şasenem-Garyp”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Harmändäli” ýaly eserleriň esasynda goýlan sazly dramalary, “Garajaoglan”, “Baý gelin”, “Agzybirlik ýylysydyr ojagyň”, “Bir Selbiniň yşkynda”, “Hakyda”, “Päk söýgüniň güýji”, “Hazyna”, “Soragym bar, jan eje”, “Talyp söýgüsi”, “Ykbal öwrümleri”, “Törebeg hanym”, “Söýgi hem hasrat”, “Bir ojakda iki dünýä”, “Ak alaňlaryň aýdymy”, “Söýgi rowaýaty” ýaly aýdym-sazly drama eserlerini, “Ahmediň gaýduwsyz horazy”, “Yhlas pälwan”, “Jadyly söz”, “Bir aždarha bar eken”, “Esen şohuň ertekisi” ýaly çagalara niýetlenen oýunlary mysal getirmek bolar. Bu sahna eserleriniň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy teatryň ösüşleriniň ümzüginiň öňedigine şaýatlyk edýär.     

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň režissýorlyk etmegi bilen D.Öwezow bilen A.Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasy gaýtadan goýuldy. 2009-njy ýylda D.Öwezow bilen Ý.Meýtusyň ajaýyp “Leýli-Mejnun” operasy, 2010-njy ýylda W.Muhadow bilen A.Şapoşnikowyň “Zöhre-Tahyr” operasy, 2011-nji ýylda R.Rejebowyň “Görogly”, 2012-nji ýylda Ý.Meýtusyň “Magtymguly”, 2014-nji ýylda “Ýusup-Züleýha”, 2015-nji ýylda “Aýna”, 2016-njy ýylda “Saýathan”, 2017-nji ýylda “Ruhubelentler”, 2019-njy ýylda “Aşyk Çaňly” operalary tomaşaçylara görkezildi. Ýurdumyzda her uly ruhubelentlik bilen bellenilýän  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli teatr artistleri opera eserini sowgat edýärler.   

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama  teatrynyň döredijilik toparyna Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow ýolbaşçylyk edýär. Onuň goýan ençeme spektakllary tomaşaçylaryň söýgüli spektakllarynyň hatarynda teatryň repertuaryndan düşmän gelýär. Teatrda sahna ussatlary bilen bir hatarda görnükli aýdymçylar hem zähmet çekýärler. Bulardan başga-da ýörite tans toparynyň, orkestriniň bolmagy döwrümiziň özgerişliklerini wasp edýän ajaýyp sahna eserlerini döretmäge mümkinçilik berýär.        

Bu teatrda ençeme ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän ussat bu teatryň edebiýat dramaturgiýa bölüminiň başlygy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, dramaturg Hudaýberdi Bäşimow bilen sazly dramanyň aýratynlyklary, teatrda alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetdeş bolduk.

—Hudaýberdi aga, sazly dramanyň ede-bi esasyny ýazmagyň adaty drama eserini ýazanyňdan kyn bolýandygy hakynda eşidipdim.

—    Sazly drama dil baýlygyň, wakalary duýup biliş ukybyň juda kämil bolmasa, aň-sat-aňsat eýgertmeýär. Dana pederlerimiz «Sözüň gutarýan ýerinde saz başlanýar» diýýändir. Bu jümle sazly drama hakynda diýseň ýerine düşendir. Sebäbi sazly dramada hut saza ýüzlenmäge mejbur edýän ýagdaýlar, jaýdar jümleler zerur. Aýdym-sazyň başlama-gy tomaşaçy üçin duýdansyz ýagdaý bolmaly däl. Ol tomaşaçy üçin hut bolaýmaly, sazy küýsedýän pursatlara getirmeli. Sazly drama opera sungaty bilen dramanyň aralygynda bolmak bilen, onda operanyň hem, dramanyň hem alamatlary bar.    

Ýene-de aýratyn bir bellemeli zadymyz, bu halkymyz üçin has gadymdan tanyş sungat. Ine, biziň dessanlarymyzy alyp göreliň. Olar durky-düýrmegi bilen sazly drama. Gahryman ýürek sesini kyssa bilen hem, goşgy bilen hem aňladyp bilerdi. Emma ol beýdäýenok. Ol ýürek owazyny hut aýdym bilen, saz bilen be- ýan edýär. Şol sebäpden-de biziň teatrymyz açylan ilkinji günlerinden başlap, türkmen halk dessanlaryna ýüzlendi. Bu sungatyň halkymyz üçin ýat bir, täze dörän däl-de, milli edebiýatymyzda has gadymy döwürlerde dörän sungatdygyny aýan etdi.

— Ussat artistlerimiziň, ýa bolmasa, dramaturglarymyzyň islendigi bilen söhbetdeş bolanyňda, olar haýsydyr bir meşhur artistiň döredýän keşplerini söýüp, şoňa meňzemäge çalşandygyny, ýa bolmasa, dramaturglar haýsydyr bir pýesany okanyndan soň, ýazmak höwesiniň dörändigini aýdýarlar. Diýmek, halk dessanlarymyzyň toý-tomaşalarda ussat dessançylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi, geljekki artistiň, dramaturgyň bu hünäre bolan höwesiniň kalbynda şinelemegine hem sebäp bolan halatlary bolan bolmaly?

— Ine, menem şuny aýtmak isledim. Sebäbi bu ýagdaý hut meniň öz durmuşymda hem bolup geçipdi. Heniz çagakak oba oglanlarynyň şahandazlary üýşmeleňlerde halk dessanlaryny keşbe girip gürrüň bererdiler. Olar gahrymanlaryň hersiniň özüne kybap sesde gürläp, aýdymly ýerlerinem aýdym edip aýdardylar. Şol wagtlar mende ol dessanlaryň gahrymanlaryna öwrülip, özümiň hem dessan döretmek höwesim döräpdi. Mekdebimiziň çeper höwesjeňleri bilen birlikde Bekge Pürliýewiň «Myhman» pýesasyny sahnalaşdyrmagymyz bilen mende bu höwes has-da möwjäp başlady.

Çaga-da. Ol wagtlar men teatr artistleriniň özleri pýesany ýazýandyr öýderdim. Şol sebäpden-de özüm bilmezden pýesa ýazmak höwesimi «Artist bolasym gelýär» diýip delillendirerdim.

—    Hudaýberdi aga, teatrlarda goýulýan sahna eserleriň belli bir bölegini daşary ýurtlaryň eserleri tutýar. Bu ýagdaý tomaşaçyny dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuşy, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan bolsa, olaryň terjimelerini etmegiňiz dramaturglaryň hem döredijiliginiň kämilleşmegine ýardam edýän bolsa gerek?

—    Kähalatlar dünýä halklarynyň sahna eserleriniň hem hut biziň milli spektakllarymyz ýaly, halkyň arasynda meşhur bolup gidýänleri bar. Mysal üçin, azerbaýjanlaryň «Arşin mal alan» atly spektakly indi ençeme ýyllardan bäri teatrlarymyzda birnäçe gezek goýlandygyna seretmezden, öz meşhurlygyny ýitirmän gelýär.     

 Meniň «Ynsap yzasy», «Gelinler», «Giýewleriň bäsleşigi», «Göwün», «Perwana», «Gönükdirilen partlaýyş», «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» ýaly terjime eden sahna eserlerim döredijiligime diýseň uly täsir etdi. Terjime etmegiň eser ýazmakdan has kyndygyny aýdasym gelýär. Esasan hem, gahrymanlaryň gepleşiklerindäki söz oýnatmalaryny hakyky bolmalysy ýaly edip bermek üçin edebiýaty- myza, türkmen diliniň mümkinçiliklerine köp ýüzlenmeli bolýar.

—    Siz dramaturgiýany türkmen edebiýatynyň ägirtlerinden, ýagny meşhur dramaturglarymyz Garaja Burunow, Gara Seýitliýew, Bekge Piirliýew, Aşyr Mämiliýew, Güseýin Muhtarow, Oraz Akmämmedow ýaly halypalardan miras aldyňyz. Halkymyzyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýen nakyl bar. Özüňizi şol halypalara mynasyp şägirt, şol bir wagtda bolsa, olaryň size goýan mirasyny geljege geçirýän ussat halypa hasaplaýaňyzmy?

—    Men häzir bu sowala «Hawa» ýa «Ýok» diýip çürt-kesik jogap bermek islemeýärin. Sebäbi biziň döredijiligimiziň hakyky baha berijisi, hakyky emini tomaşaçy. Döredilen has kämil eser hem tomaşaçynyň göwnünden turmasa, ony gowy eser hasaplamak bolmaz. Ýöne halypa şahyr, dramaturg Gara Seýitliýew bilen bolan bir kiçijik waka siziň bu sowalyňyza jogap bolar diýip biljek. Bir gezek drama eserleriniň bäsleşigi geçirildi. Onda meniň «Bagşynyň aýdymy» atly pýesam bi- rinji orna, Gara Seýitliýewiň pýesasy üçünji orna mynasyp boldy. Men ýeňiji bolmasyna-ha boldum welin, bu ýagdaýdan juda utanýardym. Bile işleýändigimize seretmezden, Gara Seýitliýew bilen ep-esli wagtlap gabatlaşmakdan gaça durup gezdim. Bu ýagdaýyň uzak dowam etmejekdigi mälimdi. Ine, günlerde bir gün edaranyň gapysynda pete-pet gabat gelen halypadan gaçyp bilseň gaç-da. Ol iş otagyna çagyrdy-da «Seniň näme üçin, men bilen gabatlaşmak islemeýändigiňi bilýän. Han ogul, ýaş wagtym meniň hem pýesam birinji orna düşüp, halypam Berdi Kerbabaýewiňki üçünjilik bolupdy. Bir gün geler, sen hem üçünji ýere düşüp, şägirdiň birinjiligi gazanar. Bu ýagdaý utanmaly ýagdaý däl. Ol biz üçin buýsanç. Gep ýeňiş gazanmakda däl-de, mynasyp şägirt ýetişdirmekde» diýipdi.      

Men mydama özüň isleseň, islendik kämilligi hem döredip bolar diýip pikir edýärdim. Wagt geçýär, täzeden-täze döredilen eserler, yzygiderli gözlegler, durmuş, döredijilik tejribäňi has-da baýlaşdyrýar. Ýuwaş-ýuwaşdan bu ýöntemlikden saýlanyp, öňki pikirleriňe başgaça göz bilen garap başlaýaň. Döredijilik hakyndaky şo-ol ýöntemje pikirlerim hem soňlugy bilen başgaça garaýyş bilen ornuny çalyşdy. Asyl bizi kämillik ýoluna atarýan zat halypalardan alan mirasymyza öz goşandymyzy goşup, ondan soň şägirtleri ýetişdirmek eken. Tanymal ýazyjy Çary Aşyrow bilen köp işleşdim. Onuň bilen «Gökýaýlanyň ýigitleri», «Ogul takdyry», «Alňasama, Annamyrat» ýaly pýesalary ýazýan wagtymyz halypa köpçüligiň üýşen ýerine alyp giderdi. Şeýdip biz dilewar adamlaryň gürrüňlerini dykgat bilen diňläp, ondan soň pýesa ýazmaga başlardyk.

—    Teatryňyzda goýulýan spektakllar, geljekde öňde goýýan maksatlaryňyz dogrusynda hem durup geçäýseňiz.

—    Teatrymyzda soňky ýyllarda taryhy mowzukdaky eserler köp goýulýar. Şeýle-de sazly drama bilen bir hatarda drama eserleri hem yzygiderli sahnalaşdyrylýar. Her ýyl goýulýan operalaryň halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanmagy, teatryň gapysynyň gelim-gidimliligi biziň döredijilik zähmetimiziň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

—    Gyzykly gürrüňleriňiz üçin, köp sag boluň! Size döredijilik ýolunda mundan beýläk hem şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

—    Sizem sag boluň, milli medeniýetimiziň kämilleşdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Söhbetdeş bolan Ýazbibi RASULOWA