Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguldurdy Annakowa

Artist. Bu söz diýseň gulaga ýakymly söz. Çünki hakyky artist şatlyk, şagalaň, gaýgy hem gam döredip, adamy oýlandyryp bilýär. Gije-gündiz diýmän çekilýän zähmet, irginsiz geçirilýän taýýarlyklar netijesinde emele gelýän keşpler, öz hakyky häsiýetiňi üýtgedip düýbünden başga adamyň häsiýetine girmeklik bu tebigy zehiniň bolaýmasa aňsat başartmaýar ahyry.         

Biziň käbirimi artist diňe sözüni ýat tutup, eşigini üýtgetse ýeterlikdir öýdýäris. Emma bu düýbünden başgaça, çünki sen şol sözüň manysyna düşünip, şol eşigini geýen adamyň durmuşyna ornaşmagy başarmaly. Munuň üçin bolsa sen öz baş goşan käriňe janyň-teniň bilen berlen bolmaly, diňe şonda hakyky artist bolup bolýar. 

Şeýle artistleriň biri bolsa Oguldurdy Annakowady.       

...Ynha, zalda çyralar öçýär. Mahmal perde syrylýar. Şol bada hem sahnada durmuşdan bir sahypa başlanýar. Şol sahypa ýüzlerçe göreçleri özüne bendi edip, gör, nirelere alyp gidýär. Şol pursatdan başlap, zalda oturanlaryň erki sahnada hereket edýän ussatlaryň eline geçýär. Olar ýuwaş-ýuwaşdan tomaşaçylary öz yzyna tirkäp başlaýar. Wakalar toplanyp, dramatizm güýçlendigiçe tomaşaçylar spektakla barha çuň aralaşýarlar. Indi olar tomaşaçy däl-de, wakalaryň hakyky şaýadyna öwrülýär. Spektaklda ýüze çykýan gapma-garşylykly meseläni dogry çözmäge hereket edýän gahrymanlar bilen “des-deň gatnaşýarlar”. Ondaky ýazgarylmalylary ýazgarýarlar, makullamalylary makullaýarlar. Şeýdibem olar özleriniň dünýäsiniň taplanýandygyny duýman galýarlar. Bu bolsa teatryň we artistiň esasy maksadydyr. Emma bu gürrüň berilşi ýaly şeýle aňsatmyka? Eger-de bu barada biziň gahrymanymyz Oguldurdy Annakowadan sorasaň, ol:  

-    Dogrusyny aýtsam, artistlikden kyn kär men-ä bardyram öýdemok. 

Belki, bu diňe meniň üçin şeýle bolmagy hem ähtimal. Emma ynha ýekeje bir mysal getireýin. Käte şeýle bir ýagdaý bolýar, şonda egniň bilen putlap-putlap daş çek diýseler, birjik-de emgenmezdim, ýöne bizi eýmendirýän zat daşam däl, ýükem däl. Durmuşdan kimdir biriniň keşbini döretmek. Aýdaly, ynha aňyrdan ylgap geläge-de “sen-men ýok”, goňşyň üstüne çöwjäp, bahana arap, onuň göwnüne degmek, ony utandyrmaklyk, ony çykgynsyz ýagdaýa düşürmeklik (bu ýerde men “Demir aýal” spektaklyndaky gahrymanym Soltanaty mysal getirip aýdýan). Emma şol sahnany oýnamaklyk üçin, gör näçe synanyşyk etmeli, näçe der dökmeli, sebäbi sen bütin durkuň bilen şol (erbet) adam bolmaly... Diýmek, sen ömrüňde diýmedik sözleriňi, etmedik hereketleriňi, özüňde ýok häsiýetleriňi özüňde duýmaly. Sen ýüregi gara, özgelere edibilse ýamanlyk etjek häsiýetiniň içki hem daşky keşbinde görünmeli. Ol tomaşaça aýdyň bolmaly. Ine, şu zatlary keşbiňde jemlemekde iş bar. Onda-da ahyrynda şowuna düşse diýsene. Tä tomaşaçynyň “eleginden” geçýänçäň, saňa gije-gündiz ynjalyk ýok.   

Oguldurdy Annakowa mamlady. Spektakl – bu döredijilik topary. Topar bolsa bir bütewi göwre. Onda ýüze çykan ýekeje näsazlyk ähli zady bozýar. “Kiçijik keşp ýok, kiçijik artist bar” diýip ýöne ýere aýtmaýarlar ahyryn.

Emma, men “Be, Oguldurdy artistligiň diňe kyn tarapyny göräýýärmikä?” diýip iňkise gitdim. Oguldurdy Annakowa meniň pikirimi aňan bolara çemeli. Ol: 

-    Ýok, ýok, siz meni zeýrenýändir öýdüp hyýalyňyza-da getirmäň! 

Bu näçe kyn hem bolsa men ondan çäksiz lezzet alýaryn. Dogrymy aýtsam, men özümi örän bagtly duýýaryn. Sebäbi, çagalykdan ýüregimde beslän maksadyma ýetdim – diýdi.      

Maksat! Adamlary uly ýodalardan uly ýola salýan, biziň gürrüňdeşimizi hem uly ýoluň sakasyna getiren eýsem maksat dälmi? Ol bu ýola dürli kynçylyklardan, dürli synaglardan geçip gelipdi...        

Lebap welaýatynyň Halaç etraby, mekdep ýyllary. Şol döwürlerde etraba gelip professional teatrlaryň görkezýän her bir sahna oýunlary Oguldurdydyr onuň synpdaş joralary üçin uly bir waka öwrülýärdi, kalbynda ýakymly duýgy döredýärdi. Şol duýgam ony Daşkendiň teatral institutyna alyp gelýär. Oguldurdy Annakowa instituty üstünlikli tamamlap, öz islegi boýunça 1962-nji ýylda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatryna işe iberilýär. Şondan tä ömrüniň ahyryna çenli ol şol teatrda işleýär. Onuň ömri teatr sungaty bilen örkli. Ol özüniň işe başlan ilkinji gününden Türkmenistanyň belli artistleri Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sabyr Ataýewa, Gylyç Berdiýew, Muhemmet Çerkezow, Ata Durdyýew, Nurjemal Söýünowa, Fahriýa Aliýewa dagydan tälim alýar. Şol günlerde hem teatr diýlen zadyň ilki başdaky çaklaýşy ýaly aňsat bolman, eýsem ummasyz zähmetiň, ýürekden gopýan inçe senediň mekanydygyna düşünip galýar.       

“Nätmeli?”. Umyt baglamalymy ýa-da netijesiz bormyka?” diýip, Oguldurdy Annakowa özüne ýer tapmaýardy. Göwnüne bolmasa, teatr bir elýetmez şaha öwrülip, has beýgelen ýalydy. “Ýok, men göz ýumup, şu sungatyň ugruna çykdym. Men hökman öz maksadyma ýetmeli”. Gün geçdigiçe Oguldurdynyň ukyby artýardy. Şeýlelikde, onuň ilkinji keşbi peýda boldy. “Hüýrlukga-Hemra” sahna oýnunda baş gahryman Hüýrlukganyň keşbi. Bu keşp erbet çykmady. Şondan soň Oguldurda uly keşpler ynanylyp başlandy. Ol özüniň teatrda işlän ençeme ýyllaryň içinde ululy-kiçili keşpler bilen 60-dan gowrak sahna oýnunda çykyş edipdi. Olardan “Derňewçide” Mariýa Antonownany, “Gyz salgydynda” Aýhanymy, “Baý we batrakda” Mestony, “Ýanbermez alžirlide” Hamdany, “Seniň yşkyňda” Gytjany, “General Kulyýewde” nemes gyzyny, “Gelin gelýärde” Jenneti, Abadany, “Demir aýalda” Soltanaty ýatlaman geçmek bolmaz.       

“Ilkinji işe başlan döwürlerim meniň üçin kynçylyk boldy. Onuňam sebäbi ýaş çagam bardy we oňa-da seretmeklik diňe meň öz başyma düşýärdi. Ol ýyllaram häzirki ýaly däldi, her ýylda tomsuň jöwzasynda  döredijilik iş saparlaryna gidilerdi, 40-45 günläp bütin Türkmenistana aýlanyp çykardyk. Şonda çagajygymam ýanyma alyp gitmeli bolýardym” diýip ol aýdýar.      

Artist bolmaklyk, onda-da aýal adam bolup hem öýüň işine ýetişip, maşgalada ähli zady ýeke özüň gerdeniňde çekip işlemeklik gör nähili kyn. Bu diňe öz käriňi janyň-teniň bilen söýen ýagdaýyňda başardýar. Meň gürrüňi edýän gahrymanym hem tüýs kärine berlen, ýiti zehinli, başarjaň, ak ýürekden öz Watanyna, halkyna hyzmat eden adamlardan.       

Hawa, zähmet çekseň gadryň hem bilinýär. Oguldurdy Annakowanyň hem çeken zähmeti göz öňünde tutulyp, berlen Hormat hatlary bu gün onuň öýüni bezeýär. Men şu ýerde Oguldurdy Annakowanyň bir epizodik keşbiniň üstünde durup geçesim gelýär. “Demir aýal” sahna oýnunda onuň ýerine ýetiren Soltanaty epizodik keşp bolsa-da şu keşbi ol şeýle bir ýerine ýetirýär welin, meň aňymdan hiç çykaryp bilemok. Ýagny sahna oýnunyň esasy gahrymany Robot (ony Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewa ýerine ýetirdi) özüni oýlap tapan Olimjan bilen gürleşip durka, öý eýesi Goçgar aga goňşularyna azmly söz aýdýar, ony eşiden goňşy aýal Soltanat (artist Oguldurdy Annakowa) aňyrdan azgyrylyp gelýär we Goçgar aganyň göwnüne degip, ony çykgynsyz ýagdaýda goýýar, gygyryp başlaýar, ol sesine has hem bat berip, haýýarlap başlaýar, şonda Soltanat myssarylyp, ýuwaş-ýuwaşdan gaçmak bilen bolýar. Sebäbi ol Robordan beýle zada garaşmaýardy, bir duran demirdir öýdýärdi, emma birden ýagdaý üýtgeýär. Şu ýerde Oguldurdy Annakowanyň Soltanatyny gören tomaşaçynyň aňynda ol keşp hemişelik galandyr. Sebäbi Oguldurdy Annakowa şeýle bir keşbe girýär welin, oňa artistdir, wakaň bolup geçýän ýerine bolsa sahnadyr öýder ýaly däl! Onuň tersine “Gelin gelýär” sahna oýnundaky Abadanyň keşbi düýbünden başgaça, bu ýerde ogly Gündogdyny öýerjek bolup, onda-da öz söýen gyzyny alyp berjek bolup oda-köze düşüşi, gaýyn eltisi Amansoltana ýaşlaryň ýagdaýyny düşündirişi, şeýlebir pespäl rahat aýalyň keşbi.    

 “Derňewçi” sahna oýnunda men Mariýa Antonownanyň keşbinde çykyş edýärdim, şol wagtlar ýaşdym we tejribäm azdy. Aman Gulmämmedow bolsa spektaklda şäher häkiminiň  keşbinde oýnaýardy, şonda ol maňa taýýarlyk wagty “Gyzym, sen birhili sadarak gelýäň, biraz dogumlyrak bolgun” – diýip maslahat beripdi. Ol adam bilen partnýor bolmak ýeňildi” diýip Oguldurdy Annakowa gürrüň berýär-de  her gezek dünýäden öten artistleri ýatlanda gözüne ýaş aýlaýardy.

 

Akmyrat Hojaberdiýew.