Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Annagylyjowa

Baryp uruş başlanmazynyň öňüsyralarydy. O günler daýhan birleşige oýun gelsin, bagşy gelsin, şindikiler ýaly şarňyldap duran medeniýet öýleri bolmansoň, hemme tomaşa açyk meýdanda geçerdi. Obamyzyň ortasynda “Stepanyň tamy” diýilýän tam bardy. Ynha tomusyň bir güni agşamaralar şol ýerde del adamlar peýda boldy. Oýunçylaryň ýolbaşçysy bolsa gerek, bir ýigit çykdy-da, ilki bilen aý berip oturan märekä göz aýlady. Onsoň her sözüne saldam berip, gepläp ugrady:

-    Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan siziň obaňyzyň ýaşaýjylaryna ýalkymly salam.    

Perde syrylýar. Agyr märekäniň öňünde T.Esenowanyň “Şemşat” dramasy başlanýar. Gyrmyzy köýnekli Şemşat. Gara gözleri dünýä höwes bilen bakýan, juwan kalby päkize arzuwlardan doly, çeper elli türkmen gyzy Şemşat ýaýraň şahaly erik agajynyň astynda haly ýüwürdip, nepis gölleri çitip otyr. Ol aram-aram öz halysyna salmaga niýetlän nusgasyna – Meleguşuň üstünde ykjam oturan nazarkerde ýigidiň suratyna mähirli nazaryny dikýär. Birdenem eda bilen läle kakýar. Dramadaky beýan edilýän wakalar  geçen asyryň otuzynjy ýyllaryň türkmen gyzynyň başdan geçirmeleri tomaşaçyny gaplap alýar. Indi-indi göz öňüne getirip görýäs welin, Sabyr Annagylyjowa şonda Şemşadyň keşbini gurşun guýan ýaly halys ýüregimize guýan eken. Şindi “Stepanyň tamy” diýilýän ýerden geçsem, göýä aý dogan ýaly ýalbyrap, Şemşat görnäýjek ýaly bolup dur.       

Sabyr Annagylyjowa Kaka etrabynyň Mäne obasynda mekdepde okap ýörkä çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşýar. Ol şonda Alty Garlyýewiň “Aýna” sahna eserinde Aýna bolup oýnaýar. Her döwür – bir döwür. Mugallymlardyr okuwçylar bir baýramçylyga gabatlap, “Aýnany” sahnalaşdyrmaga synanyşýarlar. Ýöne aýal-gyzlaryň keşbinde oýnar ýaly gyzlary çekmek o günler uçursyz kyndy. Onsoň aýallaryň keşbinde oglanlar oýnardy. Aýal geýmine girip, her näçe sesini inçeltse-de, erkek adam-erkek adam bolýar. Diýýän sözem, hereketleräm zoňtar geläýýär. Hut şunuň özem gülküdi. Hawa, onsoň çeper höwesjeň ýigitler ýalbar-ýakar bilen Sabyry Aýna bolup oýnamaga göwnedýärler.      

Ilki bada ýygrarak görünse-de, suflýoryň okaýan sözlerini diýibilmän, sakanaklasa-da, Sabyr erjellik bilen basym sahnany öz eline almagy başaýar. Asyl oýun gelşigine geldi duruberdi. Tomaşaçylar höwesjeň artistiň sahnadaky ykjam hereketlerine, pert-pert gepleýşine haýran galýarlar.       

Basym Sabyry, ýene üç-dört gyzy Aşgabada okuwa ýollaýarlar. Paýtagta gelen badyna Sabyryň ilki göresi gelen zady – teatr bolýar. Asyl onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň jaýy Sabyr dagynyň okaýan ýeriniň gapdalynda eken.       

Şagalaňly teatr obadan gelen gyzy magnit ýaly özüne çekýär. Bir gün Sabyr okuwdan soň teatryň öňünden geçip barýarka, teatra girip barýan gazak gyzy Sabyry özüne meňzeşräk bolansoň, gazak gyzydyr öýtdümi ýa onuň teatra hyrydar seredişinden bir many aňdymy, garaz aýak çekdi. Ýadyrgap özüne seredýän Sabyryň ýanyna geldi. Gazak gyzy ony bu teatryň ýanyndaky studiýada okamaga çagyrdy. Ol Sabyry bezegli teatryň içine aýlaýar. Şu gyzykly pursat Sabyr Annagylyjowanyň ykbalyny teatr sungaty bilen ymykly baglaýar. Onuň sesem, hereketem teatryň ýolbaşçylaryna ýaraýar. Ony studiýa okuwa alýarlar...      

Studiýany gutaransoň, Sabyry şol wagtlar ýaňy aýaga galyp ugran Marynyň welaýat drama teatryna işe iberýärler. Ýat ýer. Öň görmedik şäheri. Şowhunly Hangeçen bazary, şäheriň ortasyndan towlanyp akýan Murgap derýasy, derýanyň suwuna saýa salşyp oturan baglar... onuň gözüne barha yssy görnüp başlaýar. Sebäbi, bu şäheriň ýüreginde ýaş gyzyň kalbynyň aramy, ýüreginiň örki teatr bardy. Teatrda işlemek bolsa onuň üçin bar zatdan lezzetlidi.      

Teatryň baş režissýory A.Amirow Sabyra “Aýna” spektaklyndaky Aýnanyň keşbini tabşyrmaga töwekgellik edýär. Sabyr obada-da şol keşbi oýnap görensoň, Aýna bolup oýnamak şeýle kynam düşmeýär. Ýöne indi öňki ýaly bir mekdebiň ýa bir obanyň öňünde däl-de, bütin halkyň öňünde çykyş etmelidi. Şonuň üçinem Esen baýyň gyrnagy Aýnanyň keşbini täzeçe işlemedigi, ony belli bir obanyň gyzy däl-de, külli türkmeniň göreşiji gyzyna öwürmelidi.  Şu oýun haýsy obada oýnalsa-da, “gyn pylany-da” diýer ýaly etmelidi. Garaz, inçeden yzarlamalydy. Sabyr bu işi üstünlikli amala aşyrdy, Aýnanyň keşbini tüýs gahryman, dünýä guwanç bilen garaýan, gaýduwsyz gyz edip, sahnada janlandyrdy. Ilkinji üstünlik Sabyra uly abraý getirdi.    

Şundan soňra iň çylşyrymly hem tomaşaçylarda uly söýgi döretjek Şemşadyň keşbiniň Sabyra ynanylmagy hut şunuň üçindi. Göräýmäge Aýna bilen Şemşadyň keşbi biri-birine meňzeş ýaly. Sebäbi, gyzlaryň ikisem öz bagty ugrunda göreşýän türkmen gyzy. Ýöne olaryň hersi başga-başga ýyllaryň gyzy. Şemşat  Aýna ýaly gyzma, baýyň zulmundan gutulmak üçin ganly çaknyşyklara-da döz gelmäge taýýarlanan keşbe garanda, birneme sabyrly, sowuk ganly. Şeýle saýhally, ýuwaş hereket edýän keşpde halky özüňe çekmek, ýürekleriň inçe taryna kakmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Emma artistiň halkyň gündelik durmuşyndaky, işindäki, ösüşindäki iň ownuk detallar üsti bilen keşp döretmegi Şemşadyň ilhalar gahryman bolup çykmagyny üpjün etdi.     

Uruş başlandy. Bu döwürde teatryň topary tylda zähmet çekýän işçileri, daýhanlary, mekdep okuwçylaryny tüýs watançylyk, gahrymançylyk duýgusy bilen terbiýeleýän eserleriniň birentegini tomaşaçylara görkezdi. Sabyr Annagylyjowa şol spektakllarda baş keşplerde oýnap, onlarça watançy aýal-gyzlaryň keşplerini döredipdi. Ol “Frontda” partizan gyzy, “Rus adamlarynda” Maşa, “Söýgi we töhmetde” Maral, “Lýubow Ýarowaýada” Mariýa... Şol keşplerde oýnamak bilen artist halky gahrymançylyga çagyrypdy, ýeňşe ruhlandyrypdy...   

Uruşdan soňky döwre gelsek, öňi bilen Sabyr Annagylyjowanyň Hemze Hekimzadanyň “Baý we batragyndaky” Doýduk bolup oýnany ýadymyza düşýär. Bu keşpleriň ikisem inkär ediji tip.  Artist Honzadanyň keşbini tüýs ajy gyjalata ýugran bolsa, Doýdugyň keşbine birneme ýumşagrak gülki çaýmak bilen, tomaşaçylary gyzyl-gyran gülüşdiripdi.       

Ynha sahna açylýar. Iller işe barýar. Olaryň arasynda süýnüp-sarkyp ýören, ýersiz ýere yrsarap, heňkerişesi gelip duran, daýhanlaryň arasyna bolgusyz dowul saljak bolup gybatdan ýüküni tutan aýal peýda bolýar. Bu – Doýduk.       

Daýhan birleşikleriň birinde şu oýun gidip durka Doýdugyň hereketleri halys ýüregine jüňk bolan bir daýhan saklanybilmän: 

-    Paýawsyz tüňçesi bilen moýly käsesini somlap, edil ikinji byrgatdan pylany-aýat bi! – diýip seslenýär.   

1946-njy ýylda bolsun gerek. Kemine teatry taryhy mowzuga ýüzlenip, Hoja Şükürowyň “Horezm” dramasyny sahnalaşdyrýar. Hywanyň iň soňky hany Ispendiýar hanyň halka edýän zulmaty çekip-çydardan agyrdy.

Serhoşlykdan akylyny aldyran han öz soraýan ilatyna gyz salgydyny salýar.  

Ynha şu taryhy wakany görmek üçin Marynyň iň çeki obalaryndanam tomaşaçylar topar-topar bolşup, teatra gelýärdiler. Kassada petek tapylmansoň, tomusky teatryň gapdallaryndaky agaçlara çykyp, oýun görenimiz şu günki ýaly hakydamda. Hywa hanynyň bezegli köşki-eýwany. Haremhanadan gyz salgydyna sezewar edilen türkmen, özbek, gazak, garagalpak gyzlarynyň ahy-nalasy eşidilýär. Sahnadaky pajygaly görnüşler, gyzlaryň ahy-pyganam depe saçyňy üýşürýär. Şol oýunda esasy keşpleriň biri Ragbany Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Annagylyjowa oýnapdy.    

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň 
döredijilik topary şol ýyllarda Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda, obalaryň birenteginde iş saparynda bolup, Aşyr Mämiliýew bilen Begi Suhanowyň “Çatrykda”, Muhammetnur Gurbangylyjowyň “Ýetim”, Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Jennet”, Kerim Gurbannepesowyň “Taýmaz baba” spektakllary bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler.    

“Taýmaz baba” spektaklyndaky Taýmaz ýetimiň duluny ýassanyp ýatan hüwjük saçly, ülhit kempir entek-entek tomaşaçylaryň göz öňünden gitmese gerek. Ol bir ýönekeý oba kempiri däl. Munuň şeýledigine oýny goýan, teatryň baş režissýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Myradowam, kempiriň keşbinde oýnaýan Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Annagylyjowa-da dürs düşünipdir. Şol betnyşan kempiriň keşbine, hereketlerine, elhenç gülküsine üns berseňem şuny aňmak bolýar.    

Soňra Sabyr Annagylyjowa biz “Jennetdäki” (režissýory Abdylla Ýakubow) Zybagözeliň keşbinde gördük. Bu oýunda baş keşpde oýnaýan zehinli artist Gözel Gurbanowa-da gahrymanyň içki dünýäsini, ruhuny tomaşaça ýetirmäge jan edipdir welin, onuň gaýynenesini Zybagözeli oýnaýan Sabyr Annagylyjowa-da süňňi ýeňil, nusgalyk hereketleri bilen tomaşaçynyň göwnüne ýetibildi.    

Soňra Sabyr Annagylyjowa dramaturg Ata Abdyrahmanowyň “Şa gyzy” sazly dramasynda Gammar çorynyň keşbinde çykyş etdi. Oýny teatryň režissýory Abdylla Ýakubow sahnalaşdyrýar.    

Sabyr ejäniň Gammar çorusy kiçi keşp bolmagyna garamazdan, birentek wakalaryň çözgüdini aýdyňlaşdyrýar-da, tomaşaçyny özüne bendi edýär. 

 

Berdimuhammet GULOW.