GÜLKI DÖRETMEGIŇ USSADY 


Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýewi ýagşylykda ýatlap      

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy ýörelgelerine eýerilip, bu günki gün ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň, sungat işgärlerimiziň döredijiligini giňden öwrenmek, ony halka ýetirmek işleri-de giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak maksady bilen amala aşyrýan tutumly işleri bu günki gün Diýarymyzy döredijiligiň, uly-uly medeniýet, sungat baýramçylyklarynyň, festiwallaryň mekanyna öwürdi. Hut şonuň üçinem, şu ajaýyp zamanamyz bilen baglanyşykly söhbetleriň ählisi-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlaryna buýsanç sözlerinden başlanýar.      

Hawa, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkymyzyň kalbyndan orun alan ussatlaryň döredijiligine goýulýan sarpanyň belent derejelere galmagy netijesinde bu günki gün edebiýatda, sungatda öçmejek yz galdyran ussatlaryň mirasyna täze ömür bagyş edildi. Öz ýaşan manyly ömrüni türkmen milli teatr sungatynyň ösmegine bagyş eden ussat halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýewdir. Sungatda her kimiň öz ugry — ýörelgesi bolýar. Ýagşymyrat Akyýew sahnada gülki döretmegiň, tomaşaçyny gyzyl-gyran güldürmegiň ussadydy. Köpler Ýagşymyrat aga barada gürrüň açylanda: «Onuň daş keşbi, häsiýeti, her bir gürrüňi gülkä ýugrulandy. Ol bu dünýä ynsanlaryň kalbynda şatlyk döretmek üçin gelen ýalydy» diýýärler. Ussat halypany ýakyndan tanan adamlaryň içinden-ä şu aýdylanlar bilen ylalaşmajak tapylmasa gerek. Ol, hakykatdan-da, bu dünýäni gülkiniň üsti bilen gözelleşdirmek üçin gelen kalby görkana adamdy. Hakyky wäşidi. Durmuşda-da, sahnada-da adamlara gülki paýlamakdan ýadamazdy. Ol şol wäşi keşbi bilenem biziň hakydamyzda hemişelik galdy. 

 Ý.Akyýewiň döredijilik ýoly iki ugra — teatr we kino sungatyna bölünýär. Şol iki ugur ahyrynda birleşip, uly bir ýoly emele getirýär. Şol ýol barada gürrüň edilende, her niçigem bolsa, teatrly tarapy has agdyklyk edýän bolsa gerek. Şonuň üçinem gürrüňimizi, ilki bilen, Ýagşymyrat agaly sahnalar baradaky ýatlamalara syrykdyrmagy makul bildik. Munuň üçin biz ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahnasynda esli ýylyň dowamynda goýlan spektakllary ýatlap geçmeli.    

Şeýle bir ýagdaý bar: köplenç, haýsy bir artist barada ýatlanyňda, gözümiziň öňünde onuň bilen bile ýol geçen başga-da birnäçe ussatlar häzir bolýar. Esasanam, wäşi artistler bilen baglanyşyklylykda bu aýdanlarymyz has-da äşgär görünýär. Ýagşymyrat aganyň hem: «Meniň sahna çykyşlarym, esasan, Orazgül Apbasowa, Şemşat Ahmedowa ýaly tanymal aktrisalar bilen boldy. Halypalarym — Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gurbandurdyýew, Nurmuhammert Keşşikow dagy bu artistler bilen bile çykyş edip adygmagyma ýardam etdiler» diýýän sözleri şu günki ýaly ýadymda. Ý.Akyýew teatryň sahnasynda «O dünýä syýahat», «Depegöz», «Turandot», «Gelinleriň gozgalaňy», «Görogly», «Ýar gara gözleriň bendiwany men» ýaly spektakllarda dürli keşpleri ussatlarça ýerine ýetirip, tomaşaçynyň söýgüsini eýeläpdi. Onuň gahrymanlarynyň özboluşly dünýäsi bardy. Ol barada gürrüň edilende: «Ýagşy aga islendik keşbi berseňem, ol üýtgeşik, gaýtalanmajak özboluşlylyga eýe bolýar duruberýär. Onsoň şol keşbi diňe Ýagşy Aky oýnamaly ýaly bolaýýar diýilmeginiň» özi ýöne ýerden däldi. Munuň aňyrsynda uly artistiň sahnada öz keşbini tapmagynyň ykrar edilmesi bardy.    

Ý.Akyýewiň ady tutulanda, ildeşlerimiziň islendiginiň ýylgyrmagy onuň ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň teleýaýlymlaryna siňen yhlasly zähmeti bilen-de berk baglanyşykly. Ol döredijiliginiň ilkinji ädimlerinden diýen ýaly telewideniýe bilen işjeň hyzmatdaşlykda bolupdy. Ol ýatlamalar 1980-nji ýyllaryň başlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Şol döwürlerde Türkmen telewideniýesiniň Edebi-drama gepleşikler redaksiýasynda režissýor Hommat Kakajanowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylyp halka hödülenýän «Gysgajyk sahnalar», «Satira we ýumor» ýaly gepleşiklerde Ýagşymyrat aga ussat artistler Orazgül Apbasowa, Berdi Aşyrow, Allaberdi Meläýew, Ata Moşşyýew dagy bilen çykyş ederdi. Bu sahnalar tomaşaçylar köpçüliginiň uly söýgüsini gazanypdy.    

Çyn zehin, adatça, köptaraplaýyn bolýar. Onuň dürli ugurlardan ussatlarça baş çykarmagy hiç kimi-de geň galdyrmaýar. Ýagşymyrat aga-da şolar ýaly köptaraplaýyn zehinlerdendi. Şonuň üçin-de onuň döredijiligi barada gürrüň edilende, hökman kino sungatynyň içine-de aralaşaýmaly. Onda-da gaty içgin aralaşmaly. Irginsiz gözlegleri bilen halypa milli kino sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşupdy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Çagaly öý — bazar», «Ýigit mydama ýigitdir» ýaly çeper filmlerde janlandyran keşpleri arkaly Ýagşymyrat aga kino dünýäsine özboluşly häsiýetli gahrymanlary alyp gelipdi. Ol keşpler halypa uly üstünlik, her bir türkmen ojagyna bolsa şatlyk, ýagtylyk getiripdi. Halypanyň döreden keşpleriniň täsirliligini onuň gahrymanlarynyň jümleleriniň halkyň dilinde häli-häzirlerem gaýtalanyp gelýändigi bilen-de delillendirip bolar. Munuň üçin onuň gatnaşan filmleriniň, spektakllarynyň islendigini ýatlamagam ýeterlik. Ine, «Çagaly öý — bazardan» bir pursaty mysal getiräýeli. Filmde Ýagşymyrat aganyň gahrymany — köp çagaly maşgalanyň başy bagyň kölegesinde ýassyk tirsekläp, çaý içip ýatyr. Howluda bolsa «jagyl-da-jugul» bolşup ýören garagolja çagalar oňa maza berenok. Şonda ol aýalyna ýüzlenip: 

— Beh, kimaý, haýsy-aý ol günüme goýmaýan? Üzüm däneleri ýaly düzüm-düzüm bolup duransoňlar, men-ä şularyň atlarynam saýgaramok — diýýär. Ýagşymyrat aga şular ýaly jümleler bilen birlikde ýatda galyjy gahrymanlaryň birnäçesini türkmen tomaşaçysyna hemişelik ýadygärlik goýdy.      

Hawa, Watan, il-halk üçin iş bitirseň, yhlas etseň, gadyryň hem bilinýär. Uzak ýyllaryň dowamynda sahnada, telewideniýede, kino sungatynda bitiren hyzmatlary üçin Ýagşymyrat Akyýewe 2003-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2007-nji ýylda milli medeniýetimiziň howandary eziz Arkadagymyzyň Permany bilen «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy.      

Ýagşy adam, ýagşy iş il hakydasyndan, esasan-da bile işleşen kärdeşleriniň ýadyndan hiç mahal çykmaýar. Şol hakykatyň tassyknamasy hökmünde Ýagşymyrat Akyýew kärdeşleriniň we tomaşaçylaryň hakydasynda ussat hökmünde ýaşap gelýär. Halypany ýatlap, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa şeýle gürrüň berýär: 

— Ýagşymyratda illeriňkä meňzemeýän zehin bardy. Ol sahnada çykyş etse, diňe bir özüne ynanylan keşbiň sözlerini däl, eýsem, şol oýna gatnaşýan beýleki artistleriň sözlerinem ýatdan bilerdi. Onsoň eger bir saý-sebäp bilen oýun gidip durka diýmeli sözleriň ýadyňdan çykaýsa, tomaşaçylara bildirmän, ony saňa ýatladardy. Şonuň üçinem onuň bilen işlemek diýseň gyzykly hem ýeňildi.   

Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Ahmedowa şeýle gürrüň berýär: 

— Teatr studiýasyny tamamlap, Ýagşymyrat Akyýew bilen ilki Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda işe başlapdyk. Şonda biz ol teatrda «Zoraýakdan lukman bolan» atly sahna oýnunda çykyş etdik. Ýagşymyrat diýseň erjel, yhlaslydy. Men soňra şol teatrda onuň bilen «Gelin gelýär» spektaklynda çykyş etdim. Ol hakyky zehiniň, belent adamkärçiligiň eýesidi. Uly sahna bile gadam basan ilkinji ýyllarymyzdan başlap, ömrüniň ahyryna çenli men onuň goldawyny duýup geldim. Ol, sözüň doly manysynda, ussatdy, hossarçyldy. Ýagşymyradyň sungatda goýan yzy köplere nusgadyr.      

Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýew sungatyň ody bilen girip, küli bilen çykan halypa. Ol bütin ömrüne halka gülki paýlady, ajaýyp keşpleri döredip, köpe halypa boldy. Şeýlelikde, ol türkmen teatr we kino sungatynda öz ýoluny goýmagy başardy. Ussat halypanyň zähmet we sungat ýoly ýaşlar üçin nusgalykdyr. 

 

Merdan TUWELEEW,  Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym we döredijilik işleri boýunça prorektory,  Türkmenistanyň at gazanan artisti.