Enejan ORAZMYRADOWANYŇ ÝATLAMALARYNDAN

Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýagynda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda režissýor Ý.F.Feldman ýazyjy B.Kerbabaýewiň «Magtymguly» atly pýesasyny sahnalaşdyrdy. Bu spektakl beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada çeper keşpleriň üsti bilen gürrüň berýärdi. Şol döwürde men öz boýdaşym Ýelizaweta Garaýewa bilen teatryň ýanyndaky teatr-studiýada okaýardyk.

Şol günleriň birinde halypa artist Aman Gulmämmedow bizi ýanyna çagyrdy. Hemişekisi ýaly mylaýym ýylgyryp, özüniň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini döredýändigini aýtdy. Beýik söz ussadynyň söýgülisi Meňliniň keşbini döretmegi bolsa, boýdaşym Ýe.Garaýewa ynanýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Maňa bolsa Çowdur hanyň söýgülisi Şemşadyň keşbini döretmegi ynanýandygyny aýdyp, bize döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Spektaklda men Nobat hanyň gyzy Şemşadyň keşbini döredýärdim. Halypa artist Bazar Amanow Nobat hany, ýagny meniň kakamyň keşbini janlandyrýardy. Sahna ussady Muhammet Çerkezowa bolsa, da-na şahyrymyzyň pederi Azadynyň keşbini döretmek ynanylypdy. Öz döwründe zehinli artistleriň biri bolup adygan Oraz Çerkezow Çowdur hanyň keşbini döredýärdi.

Yhlasymyza görä, spektakl öz döwründe uly seslenme döretdi. Tomaşaçylar spektakly oňat kabul etdiler. Iň esasy zat hem, biz halypamyz Aman aganyň ynamyny ödedik. Spektakl tamamlanandan soňra ol bizi ilkinji üstünligimiz bilen çyn ýürekden gutlady. Az sözli Berdi aga hem mylaýym ýylgyryp, bize döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.      

Bu wakadan bäri elli ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Karary bilen doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejesinde bellenilen Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada ilkinji gezek sahnalaşdyrylan spektaklda keşp döretmek bagtyna eýe bolandygym üçin özümi bagtly saýýaryn.