Sahna suratkeşiniň köpugurly zehini

Teatr sahnasynda goýulýan sahna eseriniň tomaşa keşbi nämelerden ybarat? Sahnany bezemekden, lybaslardan, ýerine ýetirijileriň timarlanmagyndan, yşyklandyryşdan we enjamlaryň ýerli-ýerinde goýulmagyndan. Hut şu serişdeleriň kömegi arkaly hereketiň özboluşly çeper keşbi emele gelýär. Bir tarapdan sahnada hakykata örän ýakyn ýagdaý döredilse, beýleki tarapdan teatr şertlenmesiniň açyk ýoly emele gelýär. Munda tomaşaça teatrdadygyny unutmaga mümkinçilik berilmeýär.

Sahna eseriniň keşbini döretmek üçin suratkeş dürli serişdeleri seçip alýar. Sahnada öýüň otagy gurlup bilner ýa-da arassa nakgaş eseri emele geler. Şunlukda, tutuş sahna oýny üçin bir bitewi gurnama ýerine ýetirilýär ýa-da gündogar teatrynyň usullaryny ulanylyp, aýry-aýry hereketleriň ýerleri nyşanlar arkaly bellenilýär. Şunlukda, esasy zat şekil däl-de, hereket üçin anyk ýagdaýy, sahna eserinde beýan edilýän döwrüň ruhy görünmeli.

Teatr suratkeşi Batyr Bekmyradowyň teatr sungatyna gelmegi tötänlikden bolmady. Ol teatr we kino dünýäsine ir döwürde, alty ýaşynda geldi. “Soýuzmultfilm” döredijilik birleşmesiniň suratkeşiniň haýyşy boýunça ýaş suratkeş Gulnazar Bekmyradow özüniň kiçijik ogluny harby wakalary beýan edýän sahnanyň suratyny çekmäge mejbur edýär. Ol şol pursatda ogly üçin zerur hünäri saýlap berendigi barada pikir hem etmeýär. Soňra entek hiç kime belli bolmadyk oglanjygyň suratlary esasynda multlilm surata düşürilýär. Munuň özi geljekki söýgüli kärine bolan ilkinji ädimdi. Batyr bu hünäre öz ömrüni bagyşlady. 

Ol edil beýleki oglanlar ýaly öz döredijiligine mekdepde çykarylýan diwar gazetden başlady. Ýöne, şol döwürde öz çekýän suratlaryndan lezzet almaýardy. Onuň ejesi oglanyň köpräk surat bilen meşgullanmagyny, barmaklaryny surat çekmäge endik etdirmegini isleýärdi. Kakasy bolsa oglanyň geljekde haýsy hünäriniň eýesi boljakdygyny barada oýlanmagyny teklip edýärdi. Batyryň özünde bolsa düýbünden başga pikirler bardy.

Ýöne, birden edil “Gar şazadasyndaky” Kaý atly oglanjykda bolşy ýaly, onuň ganyna, ýüregine, kalbyna bir jadyly duýgy aralaşan ýaly boldy. Şeýlelik bilen, Batyr dünýäni suratkeşiň gözi bilen görüp başlady. Hut şu dünýä onuň üçin ajaýyp göründi. Megerem, oglanjyk şu döwürde ýigit çykandyr. Ol indi ejesini surat çekýänçä, gymyldaman oturmagy mejbur edýärdi. Onuň kagyz ýüzünde yzygiderli janlandyrýan keşpleri geljekki suratkeşiň barmaklary üçin özboluşly tälime öwrülýärdi. Şu döwürde onuň öňünde reňkleriň sazlaşygyndan emele gelýän jadyly dünýä açylýar. Garaşylmaýan pursatlarda täze mümkinçilikler emele gelýär. Dürli reňkler oňa aňynda emele gelýän keşpleri, pikirleri kagyz ýüzünde janlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ol 8-nji synpda okap ýörkä, haýsy hünär eýesi bolmalydygyny kesgitleýär.

Şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebi tamamlandan soň, Batyr Bekmyradow kakasynyň maslahaty boýunça Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutyna okuwa girýär. Ol institutyň teatr-bezeg bölüminde bilim alýarka, öz kakasynyň hünärini dowam edýär. Bu bolsa oňa nakgaşçylyk dünýäsine aralaşmaga şert döredýär.

Bu özboluşly bölümde okaýan pursatlary köp usullary, suratkeşiň özboluşly tärlerini öwrenýär. “Sahna eseriniň keşbi, şertleýin” ýaly düşünjeler bilen öwrenişip başlaýar. Ol mugallymlaryň buýran ýumuşlaryny ýerine ýetirýän pursatlary özünden näme talap edilýändigine göz ýetirýär. Batyr Bekmyradowyň tebigatynda “yza galmak” diýen düşünje ýok. Ol teatryň we kinonyň taryhy barada köp okaýar. Şol döwrüň meşhur teatryna gatnaýar. Tomşaçynyň ornunda oturan pursatlary sahna eseriniň gizlin syrlary ony özüne çekýär. Institutyň ikinji ýyly tamamlanýarda, Bekmyradyň sungat durmuşyna ýol açylýar. Ol sahnany suratkeş-ssenografyň gözi bilen görüp başlaýar. Çagalar üçin niýetlenen “Pişigiň öýi” atly sahna eseriniň bezegi onuň talyplyk ýyllaryndaky ilkinji işi bolýar. Ýöne, ol entek kagyz ýüzündedi. Bu işde teatr şertleýinligi, ertekiniň gahrymanlaryň dürlüligi, duýgular, eseriň ýagdaýy öz beýanyny tapýar. Şeýlelik bilen, ýaş suratkeş Batyr Bekmyradow teatr bilen öwrenişýär.

Batyr Aşgabada gelip, şol döwürdäki Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda diplom işi üçin ilkinji eserini döredýär. Bu bolsa oňa üstünlik getirýär. Şonda ol ilkinji gezek sahna eseriniň özbaşdak bezeg işini ýerine ýetirýär. Şol wagt sahnada P.I.Çaýkowskiniň “Iolanta” operasy goýulýardy Munuň özi ýurduň baş sazly teatr sahnasy bolup, onuň başyna baran işi jogapkärlidi. Ýaş suratkeşiň üstüne ägirt uly jogapkärlik ýüklenýär. - Ilkinji gezek boş sahna çykanymda, gorky duýgusy gaplap aldy diýip, suratkeş ýatlaýar. Kagyz ýüzünde surat çekmek bir başga, ony sahnada durmuşa geçirmek düýbünden başga zat. - Men şol döwürde teatryň üpjünçilik bölümlerine yzygiderli aýlandym. Ol ýerde dürli şekilleri, sahna bezegleri taýýarlaýan tejribeli ussatlar işleýärdi. Lybaslary taýýarlaýan suratkeşler bardy. Mende ýuwaş-ýuwaşdan sahna eseriniň bezeg aýratynlyklary baradaky pikirler emele gelip başlady. Men şol döwür üçin adaty bolan matalaryň ýüzüne çekilen şekil görnüşli bezeglerden daşlaşyp, sahna bezeginiň göwrümine üns berdim. Netijede, sahnada Fransiýanyň günorta künjegi döredi, şa Frowansyň Wogez baglarynyň etegindäki iki gatly köşgi göründi. Ol XV asyr binagärlik ýörelgeleri nazara alnyp ýerine ýetirildi. Bagyň bezegli eýwany, gipsden ýasalan ýolbarslar sütünleriň bezegine öwrüldi. Yşyklaryň ýerbe-ýer berilmegi operanyň ähli hereketiniň keşbine özboluşly bezeg berdi. Sahna açylanda onuň özboluşly bezegine tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaş suratkeşiň eden yhlasyna berlen baha bolup ýaňlandy.

Bu üstünliklerden soň, ony teatra işe çagyrýarlar. Ol Meýtusyň “Magtymguly”, R.Rejebowyň “Görogly” operalarynyň, Astafyewiň “Bakjasaraý suw çüwdürimi” baledine sahna bezeg işlerini ýerine ýetirýär.

Batyr Bekmyradow döredijilikli işiniň dowamynda goýujy-suratkeş hökmünde 60-dan gowrak sahna eserine gatnaşýar. Paýtagtymyzdaky teatrlaryň režissýorlary öz eserlerinde B.Bekmyradowyň bezeg işlerini görmek isleýärler. Şeýlelik bilen, ol paýtagtymyzyň teatrlary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär.

Birnäçe ýerli we halkara ähmiýetli teatr festiwallarynda gazanylýan ýeňişlerde zehinli suratkeşe möhüm orun degişli bolup durýar. 1999-njy ýylda “Älemgoşar” atly döredijilik gözden geçirilişinde A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda goýlan “Nusaý söýgüsi” we “Agtaran tapar” sahna eserleriniň bezegi üçin “Iň gowy suratkeş işi” atly baýragyna mynasyp bolýar. 2010-njy ýylda ol Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň düzüminde Astrahan säherinde “Hazar kenary” ady bilen geçirilen Hazarýaka döwletleriniň gurjak teatrlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyp, “In gowy ssenografiýa üçin” diýen diploma we degişli baýraga mynasyp bolýar. 2018-nji ýylda B.Bekmyradowyň Ç.Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim” atly eseri boýunça goýlan sahna eseriniň çeperçilik bezegi ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen “Ýüpek ýoly-ýürek ýoly” atly teatr festiwalda ýeňiji bolýar.

Kinorežissýorlar suratkeşi kinoda işlemäge çagyryp başlaýarlar. Ol kino ýüregi bilen ýapyşyp, teatra wagt hem galmaýar. Surata düşürilýän meýdançadaky wakalar suratkeşiň tutuş dünýäsini gurşap alýar. Batyr Bekmyradow şol topar bilen tutuş ýurdumyza aýlanyp çykýar. “Bagtyndan jyda düşen Pyragy”, “Unudylan ballada”, “Mankurt”, “Möjek çagasy”, “Zöhre we Tahyr” bu sanaw Batyr Bekmyradowyň goýujy-suratkeş we lybaslar boýunça suratkeş hökmünde çykyş eden filmleri. Ol milli kino sungtaynyň ussatlary Hojaguly Narlyýew, Baba we Kerim Annanowlar bilen hyzmaşdaşlykda bolýar. Olaryň tejribesi Batyra köp derejede kömek edip, soňlugy bilen ol “Türkmenkinofilm” birleşiginde 2000-2005-nji ýyllar aralygynda alty sany film düşürýär.

Şeýle-de bolsa Batyr Bekmyradow teatry taşlap bilmeýär. Kinonyň özüne çekijiligi sahnany, onda işleýän işgärleriň özboluşly hereketini we sahna eseriniň tomaşaçylara ýetirilmeginiň öňüsyrasyndaky aladaly ýagdaýlary ýatdan çykarmaga mejbur edip bilmeyär. Ol Türkmen döwlet gurjak teatrynda sahnalaşdyrylan birnäçe eserlere gatnaşýar. “Çagalyk älemgoşary” ady bilen düşürilen we goýujy-suratkeşiň zähmeti siňen bu eser ýurdumyzyň ähli künjeklerinde görkezilip, çagalarda ýatdan çykmajak täsiri galdyrýar. Onda esasan sahna eserleriniň gahrymanlary we umuman bezeg işleri aýratyn ähmiýetli bolýar. Şeýlelikde, ussat suratkeş Batyr Bekmyradowyň köpugurly zehini ýüze çykýar. Onuň ýerine ýetirýän işleri ýokary sungat tomaşaçylarynda-da, çagalar baglarynda terbiýelenýänlerine-de düşnükli bolup galýar.

Häzirki döwürde ol özüniň döredijilik güýjüni we zehinini Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatryna bagyş edýär. Şol birwagtyň özünde ol Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry bilen ýygjam gatnaşyk saklaýar. 2008-nji ýylda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça opera sungaty dikeldilenden soň, Batyr Bekmyradow “Şasenem we Garyp” operasynyň sahna bezeg işlerinde özüni görkezýär. Ol sahnanyň bezeg, lybas we yşk boýunça goýujy-suratkeşi bolýar. Soňra ol “Görogly” operasynyň döredilmegine gatnaşýar. Onuň 2020-nji ýylda şol teatrda ýerine ýetiren bezeg işleriniň iň soňkusy “Nejeboglan” operasynda boldy. Bu eser halk bagşylarynyň sungaty barada gürrüň berýär. Munuň özi milli sazly opera sungatynyň ösüşiniň milli öwüsgin bilen dowam edýändigini alamatlandyrdy. Şeýle hem bu opera Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, goýujy-suratkeş Batyr Bekmyradowyň köpugurly zehininiň döwrebap derejede pajarlaýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.