Artist Juma KOWUSOWYŇ DEGIŞMELERINDEN

«Bu ite şu-da köp»

Her gezek Jumany öýüne çagyryp, çaýdan başga zat hödür etmeýän kärdeşi bir gün oňa:

-    Juma, sen itdir pişigiň ýagdaýyny bizden gowy bilýäň, seret muňa, halys içinden öl ötmeýän ýaly — diýip, itini görkezipdi. Şonda Juma gapyrga bolup duran iti synlap:

-    Dost, eýesi sen bolsaň, bu ite şu-da köp - diýip, ýylgyrypdyr

«Myhman gelse şeýle...»

- Uzak gije ýatyp bilemok, dost! Ýaňy bir ymyzganyp başlaýan welin, gara basyp dur.

Onsoň elime näme ilse zyňyp içerinem akan-ýumran edýän — diýip, Juma bir gelse wagty bilen gitmäni bilmeýän obadaşynyň ýanynda zeýrenipdir.

 Myhman:

—    Her gün şeýlemi? — diýip, sorapdyr. Şonda Juma:

—    Ýok, niçikmi, öýe myhman gelse şeýle. Siz göwnüňize alaýmaweriň — diýip, ýüzüni sallapdyr.

«Eýesine çekmese şumluk...»

Obalaryna gezmäge baran Jumany köne tanyşlarynyň biri gepde ýeňmek isläp, ýaňy sürüden gelen sygrynyň öňüne bede baryny oklapdyr:

—    Ýeri, Juma, muňa näme diýersiň. Meýdandan garnyny gözäp gelse-de, doýdum-doldumy ýok — diýipdir.

Onda Juma:

—    «Mal eýesine çekmese, şumluk» diýäýmesek, başga söz ýok — diýip ýylgyrypdyr.

«Hernä, çyn eken...»

 Bir gezek Juma «Men keselledim» diýip, işe çykmadyk bir ýoldaşynyň öýüne barýar. Ol, hakykatdan hem syrkaw eken. Hemişe «Men syrkaw» diýip, ýalan sözläp ýörensoň, Juma oňa:

—    Hernä, bu gezek çynyň eken, şeýt ahyry — diýip «duýgudaşlyk» bildiripdir.

«Onda mana öýkünerdiler...»

Bir oglanjyk Juma ýüzlenipdir:

—    Daýy, eger haýwanlar bolmadyk bolsa, siz nämä öýkünerdiňiz?

—    Hiç zada. Bolup ýörşümi geňläp, belki, maňa öýkünerdiler — diýip, Juma ýylgyrypdyr.

Sorag — jogap:

Juma Kowusowy gepde utmak üçin ýakyn goňşularynyň biri oňa birnäçe sorag bermegi ýüregine düwýär. Goňşusy ondan:

—    Gije gowumy, gündiz? — diýip soraýar.

Juma Kowusow:

—    Gündiz gowy.

—    Näme üçin?!

—    Gündiz ýitiren zadyňy tapyp bolýa, gijesine bolsa pikirem etme...

—    Onda nämüçin men ýitiren pulumy gündizem bolsa tapyp bilemok?!

Goňşusynyň soraglarynyň gutarmajagyna gözi ýeten Juma Kowusow:

—    Gaýgy edip oturma, goňşy! Sen tapmadyk bolsaňam, başga biri ta- pandyr ony — diýip, goňşusyna garap, köpmanyly ýylgyrypdyr.

«Ol meň kelläme geçdi»

Ýaňra dostlarynyň biri ýol üstünde Juma Kowusowa gabatlaşyp, gepini-gürrüňini halys gutarar ýerde gutarmandyr. Şol gürläp durşuna esli salymdan soň:

—    Juma, sen bijaý gowy hem tapylgysyz adam. Kelläm agyrýardy welin, söhbedimiziň täsiri bilen, zaluwat, aýryldy ötägitdi-dä! — diýip ýyrşarypdyr.

—    Ýok, kellagyryň giden ýeri uzak däl, ol meň kelläme geçdi! — diýip, Juma Kowusow degşipdir.