Batyr ÇARYÝEW

TILSIM

Sungatyň her bir görnüşinde bolşy ýaly, aktýorçylyk sungatynda-da onuň inçe syrlaryna, käbir täsin öwrümli tilsimlerine ussat halypalar bilen bir sahnada bile çykyş edip, jadyly dünýäsine düşeniňde has anyk göz ýetirýär ekeniň.

Halypa dramaturgymyz, şahyr Nobatguly Rejebowyň «Jahan jomardy» atly sahna eserine Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran spektaklyndaky Çaçaw odunçynyň keşbini ýerine ýetirmek miýesser etdi. Eseriň wakasy boýunça Çaçaw odunçy patyşa Baýyl Soltanyň buýrugyny bitirmek üçin, sahy Hatam taýyň gözlegine çykýar-da, onuň öýüne baryp: «Hatam aga, atyş gerekmi, tutuş?! Gylyçlaşyp, gürzüleşip söweşelimi ýa-da ata çykyp naýzabanlyk edelimi? Ýa-da ata-baba dessuryny ýöredip göreş tutalymy?!» diýýär. Jahan jomardy Hatam taýyň keşbini döredýän hem Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Allaberdiýew.

Spektaklyň taýýarlyk döwründe ol gatyrganaýmalyrak ýerinde-de sözlerini diýseň ýumşak, mylaýym äheňde aýdýardy. Soň görüp otursam, ol aktýory ilki öwrenýär ekeni. Ýaş artist, özünden çekinmezlik, aljyramazlyk üçin öwrenişdirýär ekeni. Sebäbi bu ussady teatr sahnasyndaky keşpleriniňdir kinofilmleriň üsti bilen tanasam-da, bile bir spektakla gatnaşmak bagty miýesser etmändi. Onsoňam spektaklyň wakasy boýunça-da Çaçaw on- dan çekinmeli däldi. Ol tutanýerlilik bilen bu ýere maksadyna ýetmek üçin gelipdi. Haçanda hemme zat taýyn bolup, çeken zähmetimiziň miwesini tomaşaçylara ýetirmeli bolanynda ussadyň täsin tilsimi aýan boldy duruberdi.

Sebäbi onuň gatyrganmaly ýeri hem, ýumşamaly ýeri hem, ynanmaly ýeri hem, geň galmaly, şatlanmaly, iki oduň arasynda galan ýaly bolmaly ýeri hem, gözüniň owasyny dolduryp durmaly ýeri hem, hatda aktýordan çykýan ses hem Nurberdi aganyň sesi däl-de, Hatam taýyň merdemsi sesidi. Hatam taýyň owazydy. Bu zatlar taýýarlyk döwri uzaga çekýän ýaly bolup görünse-de, meniň üçin göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi.

Tomaşaçylaryň çapak çal- malaryny duýsam-da, ony eşidemokdym. Režissýorymyzyň aýdyşy ýaly, bolmalysy hem şeýle ekeni. Iň esasy zat hem, bu ussat halypanyň töweregindäki artistleriň hem aladasyny edip, olaryň keşbiniň hem ynandyryjy bolmagy üçin edýän täri, tilsimi, yhlasy ekeni. Hut şuny duýubam mähriban Arkadagymyzyň «Halypa —şägirtlik» ýörelgesiniň gudratdygyna göz ýetirip, ýene-de döredesiň gelýär. Şonuň üçin bu gün ýüregimizde hem aňymyzda ähli döredijilik işgärleri bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyşlar bar.