Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy BERDIÝEW

Ýaş ýigit bu gün ir bilen keýpiçag oýandy. Dalbaryň aşagyndaky agaç sekiniň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy-da, guşlaryň şadyýan jürküldisine birsellem diň saldy. Ol dek düýn Sankt-Peterburgyň N.Çerkasow adyndaky teatr, saz we kinematografiýa döwlet institutynyň giriş synaglarynyň ilkinjisini üstünlikli tabşyrypdy. Giriş synaglary Aş- gabatda kabul edilýärdi. Gökde- pe etrabynyň Hurmant — Gökje obasynyň 3-nji orta mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş ýigidiň uly arzuwy artist bolmakdy.

Berdi aga ogluna okuwa gitmäge ak pata berdi. Şeýdibem Handurdy 1982-nji ýylda Sankt-Peterburgyň N.Çerkasow adyndaky teatr, saz we kinematografiýa döwlet institutynyň talyby boldy. Ol bu institutda uly höwes bilen okap başlady. Mugallymlaryň geçýän sapaklaryny içgin özleşdirip, synaglarda ýokary bahalara mynasyp boldy. 1984-nji ýyldan 1986:njy ýyla çenli harby gullukda bolup, Watan öňündäki borjuny berjaý etdi, soňra ýene-de institutda okuwyny dowam etdirdi. Okuw döwründe professor W.Mihaýlowanyň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylan «Alladiniň jadyly çyrasy» spektaklyna öz talyp deň-duşlary bilen gatnaşdy hem-de ol oýunda Alladiniň keşbini döretdi. Spektakla tomaşa etmäge gelen tanymal rus artistleri, režissýorlary hem-de institutyň mugallymlary H.Berdiýewiň döreden keşbine ýokary baha berdiler. Talyp ýyllary H.Berdiýew talyplaryň sungat tejribeleriniň artmagy üçin guralýan işewür toparyň hatarynda Praga we Bratislawa şäherlerinde boldy hem-de bu ýerde professor mugallymlaryň, tanymal artistleriň, režissýorlaryň tejribe sapaklaryna gatnaşdy.

H.Berdiýew 1988-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň artisti bolup işe başlady. Şol döwürler teatrda dramaturg J.Hudaýberdiýewiň «Kemal» atly spektakly sahnalaşdyrylýardy. Ýaş artist bu spektaklda çykyş etmäge gatnaşdyryldy. Güýz aýlarynyň ahyrlarynda bu spektakl görkezilip başlanyldy hem-de teatr tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Teatrda ýaş artiste Türkmenistanyň halk artistleri Hommat Müllük, Baýram Seýdullaýew, Gulmyrat Agabaýew, Öwez Gelenow, Ogultäç Hanyýewa we Türkmenistanyn at gazanan artisti Oraz Amangeldiýew halypaçylyk goldawyny berdiler. Ol gysga döwrüň içinde A.Wam- pilowyň «Uly oglum» spektaklynda Wasenkanyň, T.Manryň «Pygamberler nalasy» spektaklynda Ýusubyň dogany Gadyň, B.Mämmedowyň «Urgy» spektaklynda Kerimiň, B.Gurbanowyň «Babagammar» spektaklynda Hemdemiň ýatda galyjy keşplerini döretdi. H.Berdiýew režissýorlaryň we halypa artistleriň döredýän keşpleri barada berýän maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini üns bilen diňleýärdi hem-de öz işinde peýdalanmaga çalyşýardy. Adamlaryň häsiýetleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, H.Berdiýewiň spektakllardaky janlandyrýan keşpleriniň häsiýetleri hem dürlüdi we köptaraplydy. Artist ol keşpleri janlandyranda, režissýoryň berýän tabşyrygyna görä, olaryň jemgyýetde, maşgalada tutýan orunlaryny, daş-töwereklerini gurşap alan adamlara bolan gatnaşyklaryny görkezmäge synanyşýardy. Bu bolsa köplenç halatda özüniň üstünlikli netijelerini berýärdi. Handurdy Berdiýewiň teatrda sahnalaşdyrylan G.Kulyýewiň «Wah, siz erkekler» spektaklyndaky Tarhany, H.Müllügiň «Ýeserler» spektaklyndaky Öwezi, A.Mämiliýewiň «Oýun bir, maza iki» spektaklyndaky Sapar Kiçiýewi, «Söýgi duralgasy» spektaklyndaky Allamyrady, N.Rejepowyň «Gedaý bagşy» spektaklyndaky Kaýsar şasy, O.Annaýewiň «Şapak» spektaklyndaky Aman agasy irginsiz zähmetiň netijesinde döredi.

Teatrda sahnalaşdyrylyp, türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanylan spektakllar daşary ýurt teatrlarynda hem uly gyzyklanma döretdi. 1993-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Finlýandiýa, Ukraina ýaly onlarça ýurduň teatrlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Gündogar — Günbatar» halkara festiwalyna teatryň sahnalaşdyran, «Pygamberler nalasy» atly spektakly hödürlenildi. Spektakl festiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy hem-de Handurdynyň bu oýunda döreden keşbine halkara eminler topary ýokary baha berdi. Şondan soňra bu spektakl Sewastopol şäherinde geçirilen halkara festiwalynda hem baş baýraga mynasyp görüldi. 1993-nji ýylda Finlýandiýa döwletiniň teatr tomaşaçylary hem birnäçe günläp bu spektakla uly höwes bilen tomaşa etdiler. 1994-nji ýylda bu spektakl Polşa döwletiniň tomaşaçylarynyň uly söýgüsini gazandy. Şeýle hem bu döwletiň teatrlarynda ýaş türkmen artistleri ýapon dramaturgy Kobe Abeniň «Tozanlykda tozan zenan» atly spektaklyny görkezdiler. Bu  oýunda bary-ýogy 4 sany keşp hereket edýärdi. Olaryň birini, ýagny ýokardaky adamyň keşbini Handurdy Berdiýew janlandyrdy. Türkmen teatr sungatyny  ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Handurdy Berdiýewe 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, 1999-njy ýylda bolsa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at berildi.  

2001-nji ýylda öňkiA.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň esasynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatry döredildi hem-de Handurdy Berdiýew bu teatryň bi baş ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesine bellenildi.     

Teatr türkmen dramaturglarynyň eserlerine üns berip başlady   hem-de watançylyk, edep-ekram, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk,   dostanalyk ýaly pikirleri ündeýän ýokary terbiýeçilik ähmiýetli spek- takllar tomaşaçylara hödürlenildi. Dramaturglar O.Ödäýewiň «Soltan Alp Arslan», G.Daňatarowyň  «Jelaletdin Soltan», «Nusaý söýgüsi», «Kabyl bilen Habyl»,  N.Rejepowyň «Jahan jomardy» oýunlary hut şeýle häsiýetli spektakllardyr.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdv Berdiýew ol oýunlarda tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan Serkerdebaşynyň, Weziriň, Orot şazadanyň, Kabylyň   keşplerini döretdi. Şeýle hem ol  N.Rejepowyň «Jahan jomardy»  atly spektaklyny sahnalaşdyryp, režissýorlyk işinde özüniň ilkinji ädimlerini ätdi. Haýsydyr bir keşbi janlandyranyňda onuň  tomaşaçylaryň göwünlerinden  turmagy, esasan, artistiň özüne bagly bolsa, režissýor tutuş spektaklyň, şonuň ýaly-da her bir keşbiň kämil çykmagy üçin zähmet çekýär. Çünki režissýor haýsy artistiň nähili keşp döretmegi ba- şarjakdygyny gowy bilmeli. Şeýle hem wakalaryň has-da dartgyn- laşmagy, keşpleriň täsirli açylyp görkezilmegi, olaryň hüý-häsi-ýetleriniň gowy ýüze çykarylmagy üçin bir tarapdan, dramaturg bilen  işleşse, ýene bir tarapdan, her bir artiste anyk ýol-ýörelgeler salgy   bermeli bolýar. Şol bir wagtda sahnalaşdyrýan spektaklynda režissýoryň özi haýsydyr bir keşbi döretmäge gatnaşýan bolsa, bu ondan has-da uly zähmetsöýerligi, tutanýerliligi, ussatlygy talap edýär. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda dürli ýyllarda sahnalaşdy- rylan P.Merimäniň «Wah, gara gözler», G.Daňatarowyň «Täze   maşgala», «Hakydalarummany»,  O.Annaýewiň «Gabanjaň gelin», G.Kakabaýewiň «Galkynan göwünler», N.Rejebowyň «Hak aşyklar», «Gyrat», M.Karimiň “Aý tutulan gijesi” atly sahna oýny boýunça «Akýigit we Zümmeret», «Döwletli döwran geldi», N.Rejebowyň «Ependi, sen kim? », «Görogly we Agaýunus», G.Daňatarowyň «Awazada asal aýy», «Täze maşgala», şeýle hem J.Hudaýberdiýewiň «Müneçjim», O.Annaýewiň «Halas ediň!» oýunlary H.Berdiýewiň režissýorlygynda teatr tomaşaçylaryna ýetirildi.  

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler, ykdysadyýetimizdäki uly ösüşler, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň we mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki şan-şöhraty, mertebesi teatrda sahnalaşdyrylýan spektakllarda mynasyp ornuny tapýar. Halkara festiwallaryň, seminar-maslahatlaryň, konsertleriň geçirilýän, ýurdumyzyň raýatlarynyň, şonuň ýaly-da daşary ýurtly myhmanlaryň uly höwes bilen dynç alýan mesgeni bolan, «Gündogaryň şypahana merjeni» adyny alan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hakynda gürrüň berýän N.Rejepowyň «Döwletli döwran geldi», G.Daňatarowyň «Awazada asal aýy» atly spektakllary, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky üstünliklerini açyp görkezýän G.Kakabaýewiň «Ýagtylanan köňüller» atly spektakly muňa mysal bolup biler.

H.Berdiýewiň Orotyň keşbini döredip gatnaşan «Nusaý söýgüsi» atly spektakly 2008-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen halkara festiwalynda, 2008-nji ýylda Gazagystanyň Almaty we Astana şäherlerinde geçirilen halkara festiwalynda, 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara festiwalynda baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şeýle hem 2011-nji ýylda bu ýerde geçirilen Nowruz festiwalynda H.Berdiýewiň Kabylyň keşbini janlandyrmagyndaky «Kabyl we Habyl» spektaklyna festiwalyň baýragy we diplomy gowşuryldy. Şeýle hem teatryň döredijilik topary 2018-nji ýylyň 30-njy oktýabry – 6-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Taldykorgan şäherinde geçirilýän VII halkara teatr festiwalyna gatnaşyp, “Görogly we Agaýunus” atly sahna oýny bilen üstünlikli çykyş edip, festiwalynyň kubogy, diplomy, şeýle hem “Iň gowy zenan keşbi üçin” atly baýrak gowşuryldy.

Handurdy Berdiýew çeper filmlerde-de birnäçe ýatda galyjy keşpleri janlandyrdy. Olardan Saparmuhammet Jallyýewiň «Keremli söz» çeper filmindäki Derwüşiň, Halmämmet Kakabaýewiň «Wyždan azaby» çeper filmindäki Berdiniň, Baýram Abdyllaýewiň «Berç» atly çeper filmindäki Paýtygyň, O.Gummadowyň «Mälik şa» atly çeper filmindäki Mälik şanyň, Oraz Orazowyň «Oguz toýy» atly çeper filmindäki weziriň, «Mollanepes» çeper filmindäki baý aganyň keşplerini ýatlamak bolar. Teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň birnäçesi indi ençeme ýyl bäri sahnadan düşmän gelýär.

Soňky ýyllarda H.Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde sah- nalaşdyrylan, dramaturg G.Kakabaýewiň «Watan hakda üç aýdym» (Nurberdi han kyssasy), «Ýurt», «Gumly gelin», «Magtymguly Pyragy» spektakllary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. H.Berdiýew «Watan hakda üç aýdym» spektaklynda tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylan Gowşut hanyň, «Ýurt» spektaklynda Nedirşanyň keşplerini döretdi.

Beýik akyldar, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 250 ýyllyk ýubileýine bagyşlanylyp sahnalaşdyrylan, adybir spektakl akyldar şahyrymyza çäksiz söýgi döretmek bilen bir wagtda, uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.

Spektakl dana şahyryň çagalyk döwründen başlap, ömrüniň ahyrky pursatlaryna çenli, wakalary täsirli şöhlelendirýär. Bu spektaklyň taýýarlyk döwründe sahnada işläp duran artistleriň arasyna birden akja kepderi uçup geldi. Onuň nähili ýagdaýda sahnada peýda bolandygy biziň her birimiz üçin nämälimligine galdy.

Ýöne režissýor H.Berdiýew «Magtymguly Pyragy» spektaklynyň ahyrynda akja kepderiniň uçup geliş pursadyny peýdalanmagy ýüregine düwdi. Bu pursat örän jüpüne düşdi hem-de tomaşaçylaryň aýratyn ünsüne mynasyp boldy. Akja kepderiniň keşbi diňe ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýüzünde parahatçylygy, asudalygy dabaralandyrmakda uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasatynyň
nyşany hökmünde kalbymyza siňdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti H.Berdiýew Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň birnäçe ýyllar bäri baş ýolbaşçysy bolmak bilen jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar.

H.Berdiýew teatr sungatyny ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin 2001-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» ýubileý medalyna, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medalyna, 2013-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenine, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp boldy.

— Halkymyzyň gahrymançylykly taryhynda watansöýüjilige, mertlige ruhlandyran dessanlardan täze has kämil sahna eserleriniň döredilendigini, toplan baý tejribesini, şeýle-de giň tomaşaçylar köpçüliginiň isleglerini nazarda tutup, 2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen teatryň adynyň üýtgedilip, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry diýlip atlandyrylmagy şatlygymyza şatlyk goşup, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! — diýip, H.Berdiýew öz şatlygyny paýlaşýar.

 

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW