Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa

Çaga göwünli, pespäl hem sada bu mährem zenany ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Gelinleriň gozgalaňy» spektaklyny görenleriň ýedi ogully, ýedi gelinli talapkär gaýynene hökmünde tanaýany haýsy, teleýaýlymlarda berilýän gülküli sahnalarda görenleriň «Ozzy eje» diýip tanaýany haýsy, gepiň gysgasy, ýurdumyzda ony uly-kiçi hemmeler tanaýar. Çünki ol her gezek sahna çykanda, öz ýüreginiň üstünden köpri gurup, tomaşaçylaryň hemmesini ondan geçirmegi başarýar.

«Ýatda galyjy keşpleri döretmegiňiziň syry nämede?» diýen sowalymyza ol: «Şol keşpleriň ählisiniň gönezligi durmuşdan, halkyň özünden alynýar. Soň syntgylap, saýhallap, tomaşaça gaýtaryp berilýär. Şonda halk hezil edýär, seniň döreden keşbiňde käsi özüni görýär, käsi goňşusyny... Şonuň üçinem ol ýatda galýar-da» diýip jogap berdi.

Çagalyk

Ýaşyň birçene baransoň, alysda galan çagalygyň köp ýadyňa düşýän eken. Meniň çagalygym obada, gum içinde geçdi. Öweý eneligiň elinde terbiýelendim.

Obamyza käwagt bir kino getirerdiler. Oba adamlary: «Kino gelipdir» diýip, onuň görkeziljek ýerine tarap eňerdiler. Meni ulaldan eneligim şol günler hakda, çagalygym barada söhbet açyp: «Obada kino görkeziläýse, şol gün mekgäniň gulpagyndan ýa-da goýnuň onda-munda ýatan derisiniň ýüňlüräk ýerinden sakgal-murt ýasanyp, kelläňe telpek, egniňe don geýip, eliň hasaly, ýaşuly bolan bolup, halymsyrap gapydan girerdiň. Elbetde, kinoda oýnaýan artistleriň birine öýkünýänsiň-dä» diýip ýylgyrardy.

«Gowaça meýdanyna işlemäge çykardyk. Hemme kişi işläp ýören- dir, emma sen ýoksuň. Seretseň, tut agaçlarynyň haýsynyň tudanasy süýji bolsa, şonuň üstündesiň. Özem şeýle çalasynlyk bilen tut agajynyň bir şahasyndan beýleki şahasyna böker ýörerdiň. El-aýagyňy döwdüräýermikäň öýdüp, alada galardym» diýerdi. Indi oýlanyp otursam, çagakaň her ädimiňde ene-ata alada bolýandygyň hakda pikirem edilmändir.

Sahna sapagy

Jelaleddin Rumynyň «Erbetleri görüp, gowy bolmagy öwrendim» diýip, olaryň şanyna goşgy ýazyşy ýaly, käte ýalňyşlygyň kämillige ýol görkezýän wagty hem bolýar.

Bazar Amanowyň «Jadyly nagyşlar» atly spektaklynda sahnanyň töründe ýarym aýlaw bolup, tükge düşüp, «Ulale, ulale» diýip oturmalydyk. Şonda men ýerime geçmeli bolanymda, bir-iki sekunt gijä galypdyryn. Onsoň barşyma menem olaryň gapdalynda tükge düşüp oturdym. Soň perde açylyp, sahna aýlanyp başlanda, ogrynlyk bilen o gapdalyma, bu gapdalyma seredýän weli, asyl hijisiniň ýüzüni görüp bilemok. Başda oturýan ýerimiz garaňky bolansoň, asyl, men tersligine oturan bolsam nätjek! Onsoň syr bildirmediksiräp, omadaklap, zordan beýläme öwrüldim.

 Şol maňa gowy sapak boldy. Şodurda-şodur, iş bolsun, sahna bolsun, dem salymam gijä galmaly däldigi, şojagaz pursadyň uly ýalňyşlyga eltip biljekdigi ömür ýadymdan çykmady.

 

Taýýarlan Ejegyz ÇARYÝEWA