Haýtmyrat DURDYÝEWIŇ DEGIŞMELERINDEN

Keseliňe ynanan bolmaz

Kärdeşleriniň biri:

— Haýtmyrat, dost. Maňa şu gün işden rugsat alyp ber. Gözüme bir zad-a boldy. Ähli zady goşa görkezip dur — diýip zeýrenipdir.

Onda Haýtmyrat:

— Wah, meniň özümem, jogap alyp, öýe pul eltip gaýdaýjakdym. Barybir sen gitjek bolsaň, şujagaz ýüz manady eltdejik geçäý — diýip, 50 manat uzadypdyr. Kärdeşi:

—    A-how, munyň ýekeje ahyry, nädip, ýüz bolýa — diýip, ör-gök- den gelipdir.

—    Eger, şu ýeke bolup görünýän bolsa, keseliňe adam ynanar öýde- mok — diýip, Haýtmyrat ýylgyrypdy.

Özüňi gowy saklansyň

—    Men oglankam, kejirdim, ýaltadym. Men iş edenimden etmänimi kem göremokdym — diýip, kärdeşleriniň biri Haýtmyrada gürrüň beripdir. Haýtmyrat ýylgyrypdyr-da:

—    Sen özüňi gaty gowy saklap bilipsiň — diýipdir.

Çyna öwrülen oýun

—    Şu toýa barmasaň, senden geçäýmeli bolaryn — diýip, bir ýoknasyz tanşy Haýtmyrady oturaryna-turaryna goýmandyr.

Onuň bolşuna gahary gelen Haýtmyrat:

— Senden şeýle aňsat dynyp biljegim anyk bolsa, men şol toýa barmaýyn. Senem menden geçäýsene — diýip, oýunlyga salypdyr.