Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýram Abdyllaýew

Meniň ýagşylykda ýatlaýanym ussat halypam, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ilhalar spektakllaryň awtory, görnükli kinorežissýor, ýazyjy, alym, halypa mugallym Baýram Abdyllaýew. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz merhum sungat ussatlarymyzy hatyralap, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglady. Şolaryň arasynda Baýram Abdyllaýewiň-de adynyň bolmagy bizi — şägirtlerini diýseň buýsandyrdy.

Halypamyň gürrüň beren, mende uly täsir galdyran şu ýatlamasy ýadyma düşýär:

— «Ýandym» filmini çölüň jümmüşinde, çopan goşunda, gyşyň aňzagynda surata düşürýärdik. Sowukdan ýaňa awtoulaglaryň ýan- gyçlary doňýardy. Ak öýleriň içinde döredijiiik toparymyz bilen gije ýatanymyzda, sowukdan ýaňa titir-titir edýärdim. «Kino» diýip bolup ýörşümi, ýat-da ýylyjak ýerde çagajyklaryň arasynda» diýip, öz-özümi kötekleýärdim.

Film taýýar boldy. Yzyny üzmän, dünýäniň on dört döwletinde geçirilen kinofestiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolup başla- dyk. Soçide geçirilen «Kinotawr» atly abraýly kinofestiwalda «Ýandym» atly çeper filmimize baş baýragy mynasyp gördüler. Emin agzalary munuň bilen hem çäklenmän, eminleriň adyndan «Kinofestiwalda iň gowy döredilen kino eseri» diýip, ikinji abraýly baýragyň-da gowşurylmagy, kino sungatymyzyň uly üstünliginden habar berýärdi.

Baýram aga maňa hemişe halal ýaşamagy ündeýärdi:

— Ýagmyr, ine, şu oturan köneje oturgyjymy görýäňmi? Men şunuň üstünde edil ertekilerdäki ýaly, köşgi-eýwanda tagtyň üstünde oturan ýaly duýýaryn. Sebäp diýseň, muny öz halal derimi döküp aldym. Tüweleme, täzäni küýsedenok. Men şunda özümi şeýle bir rahat duýýan, ähli eserlerimiň döremegine-de şu şaýat bolandyr.

2012-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym bolup işläp ýördüm. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Gumly gelniň aýdymy» atly çeper filmiň edebi eseri kabul edilip, önümçilige goýberiljek bolup duran eken. Halypam meni şol filmiň go- ýujy režissýory edip bellemekligi teklip edipdir. Çeperçilik geňeşi: «Özbaşdak film ynanardan entek ir bolýar» diýip ylalaşmandyr. Şunlukda, meni filme ikinji režissýor edip bellediler. Goýujy režissýor Şirli Mollaýewdi. Baýram aga Lora Stepanskaýa bilen 35 ýyl bilelikde filmleri döredip gelipdiler.

2008-nji ýylda «Berç» atly iki bölümden ybarat çeper filmde Şirli ikinji režissýor, men bolsa režissýoryň kömekçisi wezipesinde, kinoda ilkinji gezek surata düşüriliş pursatlaryna gatnaşyp, gözüm açyldy. Şondan bärem onuň bilen agzybirlikde işläp gelýäris. Ikimizem halypanyň şägirdi bolamyzsoň, filmi ýeňillik bilen alyp çykdyk. Filmde birnäçe sahnany edebi esasda ýoklugyna garamazdan teklip edipdim. Halypalar meniň pikirimi oňlap, ikelläp goldap, filme goşdular. Film şowly çykdy. Baýram aganyň bizden garaşan tamasy çykyp, hoşallygyny aýdypdy. Bolsa-da, eseri görüp ýetişdi bende. Emma Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolanlygyny, şeýle-de, Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyna gatnaşyp, baýrakly orna eýe bolup gelendigini welin, görüp ýetişmedi.

 Soňky ýyllarda döreden filmlerinde Baýram aga meni ýanyna ikinji režissýor edip, işe alardy. Men elimde barymy edip, onuň ynamyny ödemäge çalşardym. Montaž döwri bileje kebşirleýiş işlerini ýerine ýetirerdik. Käbir ýerinde göwnüme batmasa:

—    Şu ýerini şeýleräk edäýsek nähili? — diýip, teklip etsem, edil çaga ýaly begenerdi.

—    Sen dogry aýdýaň. Dogrudan-da, şeýtsek gowy boljak — diýip, göwnüm üçin däl-de, tüýs ýüreginden aýdardy.

Mende Baýram Abdyllaýewiň ähli ýazan kitaplary bar. Her bir täze çykaran kitabyny ilkinjileriň hatarynda maňa okadyp, pikirimi diň- leýärdi. Men olary öz okuw otagymda talyplar peýdalanar ýaly edip goýdum. Käbir özümde ýoklaryny halypamyň ogly Ahmetden aldym. Ol:

—Ýagşy iş edýäň... Seni öz inim ýaly, maşgalamyzyň bir agzasy hasap edýärin — diýip, ähli kitaplary maňa berip:

—    Sende durdugy, mende durdugy, inim. Sen mendenem aýawly saklarsyň — diýip, ynam bilen aýdypdy.

2012-nji ýylda ilkinji režissýorlyk işimi — «Meniň dostum Alabaý» atly dokumental filmi surata düşürdim. Kinonyň esasy tolgundyryjy sahnalaryny halypamyň manyly çykyşlary bezäpdi. Onuň özi hem filme gowy baha beripdi. Öz çykyşyny hem halapdy. Şol çykyş halypamyň kameranyň öňünde iň soňky çykyşlarynyň biri bolupdy.

Ilkinji gezek 2005-nji ýylda nesibäm çekip, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň «Kino we teleradiosungatlary» kafedrasynyň «Kinorežissurasy» dersine girip, Baýram Abdyllaýew bilen ýüzbe-ýüz bolupdym. Ol bize bir şert bilen bilim bermäge razylaşdy.

Biz toparda iki talypdyk. Ol bize birnäçe sowal berdi. Kinony söýýänligimi, entek onuň nämeligine doly düşünmänkäm, bir synanyşyk edendigimi aýtdym. Kinonyň ady «Heserlidi». Döredijilik mekdebine gurnaga gatnaýarkam, deň-duşlarym bilen surata düşüripdik. Baýram Abdyllaýew şol kinony getirmegi tabşyrdy. Getirdim. Kanagat edip, soňuna çenli görüp çykypdyr bolsa-da. Ol maňa uly ynam bildirdi.

 — Meniň-ä, saňa berekella diýesim gelýär. Hiç zat ýok ýerden yhlas edipsiň görnüp dur — diýip, uly iş bitiren ýaly öwgüli sözleri bilen meni begendirip, şeýle diýdi. — Men seni kino sungatynyň jadyly dünýäsine aralaşdyraryn, galanyny alyp çykmak özüňe bagly. Bir zady welin bek belle. Men ýalan sözi halaýan däldirin. Eger nähili ýagdaý hem bolsa, çynyňyzy aýdyň, galanyny alyp çykmak meniň bilen, çünki biz dostdurys-dogandyrys — diýip, sözüni dowam etdi:

— Özümiň seniň ataň bilen ýaşytdaş bolmagym-da ähtimal. Meniňem siz ýaly agtyklarym bar, ýöne akly ýaşda däl-de, başdadyr — diýip, edil biziň deň-duşumyz ýaly gürledi.

Onuň ýanyna Kerim Annanow ýaly ussatlar gelende welin, kino sungatynyň bize tanyş bolmadyk, başga-başga adalgalaryndan söz açanda, biz uly üns bilen diňleýärdik. Ol uly bilen uly ýaly, kiçi bilenem kiçi ýalydy. Biz ýaly döredijiligiň gapysyny açyp, ilkinji ädimlere gadam basan «ýörjen-ýörjenler» bilen öz dilimizde gürleşmegi başarardy.

Baýram Abdyllaýew sungat älemine ümzük atanda, onuň ýeke maksady bardy. Ol-da sungaty çuňňur öwrenmekdi. Ol muny ilki kinematografiýa sungatyndan başlady. Birnäçe ýyl işläp, kino sungatynyň çeperçilik-estetik tebigatyny, onuň çeper, şekil serişdelerini ylmy nazardan derňedi. 1967-nji ýylda sungaty öwreniş alymlyk derejesine dalaş edip, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde kandidatlyk ylmy işini üstünlikli gorady. 1968-nji ýylda onuň bu ilmy işi «Ylym» neşirýatynda aýratyn kitap bolup çapdan çykdy.

Baýram Abdyllaýew döredijilik bilen-de yzygiderli meşgullanyp başlady. Onuň ilkinji hekaýasy 1968-nji ýylda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çap edildi. Bu kiçijik döredijilik üstünligi hakynda halypanyň özi şeýle diýipdi: «Meniň ilkinji hekaýamyň žurnalda çap edilmegi meniň üçin ýatdan çykmajak waka boldy. «Ilkinji şöhrat» ady bilen žurnalda ýerleşdirilen kyssam, belki, çaýkanyp ýatan uç-gyraksyz döredijilikde çeper eser ýazmaklygymy dowam etmegime goltgy berendir. Şonuň yz ýanyndan döredijilik intelligensiýanyň arasynda öwgüli sözlere mynasyp bolan «Başlyk» (bu-da «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edildi) atly edebi oçerkim maňa döredijilik abraýyny getiripdi».

Şondan soň Baýram aga döredijiligiň dürli ugurlary bilen iş salşyp başlaýar. Proza bilen has içgin meşgullanyp, ajaýyp şahsyýetler hakynda edebi oçerkleri ýazdy. Teatr dramaturgiýasynda ilkinji gezek güýjüni synap gördi.

Onuň ilkinji ýazan «Durnalar» pýesasy şol döwürde Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyryldy we birnäçe ýyllaryň dowamynda sahnadan düşmedi. Kinematografiýa sungatynda güýjüni synap, dokumental filmleriň edebi esaslaryny ýazmaga girişdi. Onuň kino sungatyny öwreniji hökmünde makalalary, synlary, söhbetdeşlikleri döwürleýin metbugatda ýygy-ýygydan çap edildi.

Baýram Abdyllaýewiň tekrarlamagyna görä, dramaturgiýa žanry oňa uly mekdep bolupdyr. Ol şeýle diýýär: «Men döredijiligimiň bütin dowamynda oçerkler, nowellalar, hekaýalar, uly göwrümli kyssalar, çeper-publisistik oýlanmalar, ssenariler, pýesalar, şeýle hem sungatyň hem edebiýatyň derwaýys meselelerine bagyşlanan kitaplar, ylmy makalalar ýazdym. Kino sungatynda režissura bilen-de meşgul boldum. Şeýle-de bolsa, meniň üçin sungatyň iň ýakyn žanry dramaturgiýadyr. Dramaturgiýa sungatyň iň kyn, çylşyrymly görnüşi bolsa-da, men bu žanrda eser ýazanymda özümi iňňän erkin duýýaryn. Kyrk ýylyň dowamynda men bary-ýogy 13 sany sahna eserini ýazdym. Olaryň hemmesi teatrlaryň sahnalarynda goýuldy. Meniň sahna eserlerim esasynda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň çeperçilik derejesi hakynda aýratyn söhbedi gurnamak bolar. Sebäbi döredijilik ykbalyny dramaturgiýa žanry bilen badaşdyrýan adamyň esasy maksady özüniň ýazan sahna eserleriniň teatrlaryň sahnasynda goýulmagy däldir. Sahna eserleri teatryň döredijilik topary tarapyndan dogry okalypmy? Režissýor sahna eseriniň sahna çözgüdini tapyp bilipmi? Umuman alanyňda, sahna eseri sahna çykyp, täze çeperçilik-estetiki öwüşgine eýe bolupmy? Şeýle sowallara her sapar jogap gözlenende, ýeke bir men däl, teatr üçin ýazýan her bir dramaturgda gapma-garşylykly duýgularyň döreýänligi tebigydyr...».

Baýram Abdyllaýewiň «Sallahlar» sahna esri diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Demirgazyk Kawkazyň teatrlarynda sahnalaşdyrylypdy. Pýesanyň ýazylanyna 40 ýyl bolan hem bolsa, ol häzirem sahnadan düşenok. Köp ýyllar Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda gitdi. Häzir bu sahna eseri Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda uly üstünlik bilen tomaşaçylara görkezilýär.

Kino sungatynda onuň ssenariçi hem kinorežissýor Lora Stepanskaýa bilen surata düşüren «Ýandym» atly çeper filmi (1996 ý.) dünýäniň on dört ýurdunda geçirilen Halkara kinofestiwallaryna gatnaşyp, bir topar baýraklara mynasyp boldy. Onuň Amerikada Watandan alysda ýaşaýan türkmenler hakynda surata düşüren «Kaýda mekan tutduň, gardaşym?» atly filmi «Kümüş ýarym aý» Halkara kinofestiwalynda ilkinji baýraga mynasyp bolýar. Lora Stepanskaýa bilen surata düşüren «Çarhy-pelek» atly çeper-publisistik filmi Aşga- batda geçirilen Halkara kinofestiwalynda Gran pri baýragyny aldy.

Ol türkmen kino sungatynda ýatdan çykmajak yz galdyran ussatlar Alty Garlyýew, Sahy Jepbarow, Kerim Gurbannepesow, Baba Annanow, Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Sona Myradowa, Ata Durdyýew we başgalar hakynda edebi esaslar ýazdy we filmleri surata düşürdi.

Baýram Abdyllaýew kino sungatyny öwrenmäge girişende, türkmen kinosy hakynda gürrüň berýän ýekeje kitap bardy. Ol-da birnäçe adam tarapyndan ýazylandy. Emma soňky döwürde Baýram Abdyllaýewiň özi kino sungatyny ylmy nazardan derňeýän bäş sany kitap ýazyp, olary çap etdirdi. Döwürleýin metbugatda sungat, edebiýat barada ýazan makalalaryny hasaba almanyňda-da, onuň kino sungatyny öwreniş ylmyna goşan goşandynyň kiçi-girim däldigine güwä geçýär.

Türkmen kinosynda B.Abdyllaýewiň edebi esaslary esasynda 20-ä golaý dokumental film surata düşürildi. Şeýle hem onuň ýazan çeper edebi esaslary esasynda «Kemine», «Ýigit mydama ýigitdir», «Bolan-goýan zat ýok», «Gün yzyna gün», «Grossmeýster» ýaly doly metražly çeper filmler-de surata düşürildi. Ol Lora Stepanskaýa bilen bilelikde «Ata hem ogul», «Burkut baba», «Burkut babanyň yhlasy», «Berç» (iki bölümli) çeper filmleri, «Jöwher zehinler», «Kysmat», «Uzaga çeken aýralyk» atly çeper-publisistik filmleri surata düşürdi.

Görşümiz ýaly, Baýram Abdyllaýewiň türkmen kinosynda we teatrynda, sungaty öwreniş ylmynda, türkmen milli edebiýatynyň proza we dramaturgiýa žanrlarynda bitiren işleri öz mynasyp ornuny eýeleýär.

 

Ýagmyr TÜRŞEKOW