REŽISSÝOR—TEATRYŇ ÝÜZI

Golaýda biz Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň baş režissýory Akynazar Hommyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol teatr sungatyna gelşi, režissýorlygyň aýratynlyklary dogrusynda şeýle gürrüň berdi. 

— Teatr sungaty köpçülikleýin sungat. Oňa köp adamlaryň zähmeti siňýär. Şolaryň zähmetini bir ugra gönükdirýänem režissýor. Režissýorlyk kärine höwes mende ýaşlykdan döredi. Mekdepde okap ýören okuwçy wagtlarymyz oba medeniýet öýüne teatryň artistleri ýygy-ýygydan gelip, oýun görkezerdiler. Oýnuň täsirinden köp wagtlap çykyp bilmeýärdim. Pagta meýdanynda zähmet çekip ýören ýerimizde şol artistlere öýkünýärdim.

Şolar ýaly şadyýan, erkin, ussat bolasym gelýärdi. Şol höwes meni Aşgabatdaky öňki G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň režissýorçylyk bölümine getirdi. Soňra 1971-nji ýylda Sankt-Peterburgyň medeniýet institutynyň režissýorlyk bölümini, 1982-nji ýylda bolsa Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatrlar institutynyň ýanyndaky ikiýyllyk režissýorlyk kursuny tamamladym. 

Režissýor bolmak üçin diňe oýun goýujylyk ukyby ýeterlik däl. Režissýoryň dünýägaraýşy giň bolmaly. Artistler nähili sorag bilen ýüzlenseler-de, olara jogap bermegi başarmaly. Režissýoryň guramaçylyk ukyby ýokary derejede bolmaly. Ol diňe bir artistler bilen döredijilikli işleşmegi başarman, eýsem, sahna işgärleri, saz bezegçisi, yşyklandyryjy, kompozitor, hudožnik, dramaturg bilen hem ugur tapyp işleşmegi, gerek ýerinde belliklerini aýtmagy başarmaly. 

Režissýor köpçüligiň öňünde mugallym, öwrediji, düşündiriji bolup durýar. Olara spektaklyň many-mazmunyny nähili pikiri ündeýändigini düşündirmeli. Bir söz bilen aýdanyňda, režissýor teatryň ýüzi bolup, spektaklyň şowly çykmagyny gazanmaly. 

Geçen asyryň 80-90-njy ýyllarynda halypa ýazyjylar, dramaturglar bilen döredijilikli işleşdik. Olardan dramaturgiýa sungatynyň inçe syrlaryny, gahrymanlaryň häsiýetlerini özboluşly açyp görkezmegiň usullaryny öwrenmek miýesser etdi. G.Kulyýewiň «Bäş erkek we bir jenan», T.Hojakgaýewiň «Aýjemal», Ý.Mämmediýewiň «Ene toprak», Ý.Durdyýewiň «Göçer», T.Gurbanowyň «Heläkçilik», G.Muhtarowyň «Altyn balyk» ýaly oýunlaryny sahnalaşdyryp, halypa ýazyjylar, dramaturglar bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, özara pikir alyşýardyk. Halypalaryň her bir aýdýan belliklerini uly höwes bilen ýerine ýetirýärdim. 

Dürli ýyllarda A.Allanazarowyň çagalar üçin ýazan «Tilkiniň doglan güni», «Täze ýyl heseri», «Mähek daş», A.Taganowyň «Gaýyn ene», B.Abdyllaýewiň «Köwlemäň köküni goja çynaryň», M.Ömüriň «Seljuk Soltany», «Soltan Jelaletdin», S.Ýazowanyň «Ak kejebäniň aýdymy» N.Rejebowyň «Aç möjek», «Hak aşyklar», M.Gurbangylyjowyň «Eje, dat ýetiş», A.Hommyýewiň «Altyn sährada toý», K.Zamanowyň «Altyn düýeli pygamber» oýunlaryny sahnalaşdyrdyk. Bu goýlan oýunlary tomaşaçylar gyzgyn garşylady. 

Ýene bir zat, her bir dramaturgyň öz ýazyş, sözleri ulanyş täri bar. Režissýoryň şoňa düşünmegi zerur. 

— Şu ýyl «Baýramaly» şypahanasynyň lukmany Amanmyrat Allakowyň hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby esasynda ýazan «Arçman rowaýaty» spektaklynyň üstünde işleýäris. Pýesa hormatly Prezidentimiziň dürdäne sözleri bilen başlaýar we taryhy rowaýat bilen baglanyşyp gidýär. Taryhy pýesada Arçmanyň öz maksadyna ýetip bilmezligi üçin gurnalýan gapma-garşylyklardan üstün çykyşy ussatlyk bilen beýan edilýär. Arçmany duçar bolan derdinden halas edýän gudratly suwuň adamlara melhem bolmagy türkmen topragynyň ýerasty mineral suwlara, çeşmelere baýdygyny subut edýär. Şunuň ýaly döwrebap teatrlarymyzda spektakllary sahnalaşdyrmak üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp, täze-täze eserleriň üstünde hyjuw bilen işläris. Biz — teatr işgärlerine sungatymyzy ile ýaýmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. 

 

Baýram MÄMMEDOW, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň edebiýat we dramaturgiýa bölüminiň müdiri.