Aman Sapardurdyýewiň ýatlamalaryndan

— Ýedi ýaşym dolanda, mekdebe gitdim. Ýöne boýum gaty kiçi bolansoň, mugallym: «Bar, öýüňize gaýt. Entek köpräk gawun iýde, ulal. Onsoň biz seni okadarys» diýdi. Aglap öýümize gaýdanymda, mugallymlaryň: «Nädip ony okatjäk, ol gaty ejizje. Görä, okuw torbasy ýerden süýrenip barýar» diýýänleri ýadyma düşýär. Mekdep öýümiziň golaýyndady. Häzirki ýaly derejeläp eli gül çemenli barýan ýokdy. Her kim torbasyny süýräp, mekdebe özi barardy. Birinji synpdan tä orta mekdebi tamamlaýançak, synp ýolbaşçymyz Sähetli mugallym boldy. Ol uruş döwrüniň hupbatly günleri hakda köp gürrüň bererdi. Parahat durmuşyň belli gadyrynyň ýokdugyny nygtardy.

Hakykatdan-da, asuda, abadan durmuşyň belli bahasy ýok. Arkadag Prezidentimiz halkymyza ajaýyp durmuşy bagyş etdi. Bagtyýar döwrümiziň çagalaryna guwanýaryn. Zamana olara ganat berdi.