Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow

1949-njy ýylyň çigreklije güýzi. Hortaň ýigdekçe Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň gapysyny umyt bilen açdy. Matlabyny aýtdy.

-    Artist boljak diýsene! – teatryň direktory uludan bir demini aldy. 

Ol ýigdekçäniň egnindäki köne şinelini, agyr esger botinkasyny dowamly synlady. Soňra agras dowam etdi. 

-    Sen näme, esgerlikden ýaňy geldiňmi?

-    Ýok, men esgerlikde bolamok. Şineli kakam açlyk ýyllary nana çalşypdyr.

Abdyllanyň jogaby direktory tisgindirdi. Ol açlyk belasynyň nämedigini hiç kimden soramaly däldi.

-    Sen näçe ýaşyňda? Orta bilimiň barmy? – Direktor ýigdekçä dikanlap garady.

-    Ýok.

-    Asyl seniň sowadyň bir barmy?

-    Bar. Ýedi synpy bäşlige gutardym.

Bu gezek direktor sowuk dillendi: 

-    Biz orta bilimi bolmadyk adamy teatra işe alamzok. Neneň işe aljak! Artist adama ýaşamagy, göreşmegi, söýmegi öwretmeli. Adama adam bolmagy öwretmeli. Onuň üçin ol köp-köp zatlary bilmeli.

Olar birek-birek bilen hoşlaşman aýrylyşdylar.

Abdylla iňrik garalanda şäheriň demir ýol wokzalyna geldi. Ol uzynly gün köçeden köçä aýlanyp ýadapdy. Açdy. Kisesem bedenäniň ketegi ýaly boşdy. Emma ol Aşgabada öýlerine gaýtmagy pikirem edenokdy. Gijäni wokzalda geçirip, ertir ýene-de teatryň gapysyny kakmakçysy. Ýöne, ykbal şemaly başga tarapdan öwüsdi duruberdi..

Ýigdekçäni demir ýol polisiýasynyň otagyna getirdiler. Garaýagyz, deşli seržant stoluň aňyrsynda oturan orta ýaşly adama:

-    Ýoldaş starşina, ynha, şu şübheli oglany getirdik. Wokzalda, ýolagçylaryň arasynda irkilen bolup otyr.

-    Resminamalary barmy? – Starşina ýigdekçäniň ýüzüne endik boýunça çiňerilip seretdi. Onuň gaşlary tirpildäp gitdi. Seržant ony duýmady, öňküsi ýaly dabara bilen dowam etdi:

-    Dogluş hakyndaky şahadatnama...

-    Boldy. – Starşina seržantyň sözüni böldi. – Ýagşy-da bir şübheli oglany tapypsyň. Ol ýerinden turup, ýigdekçäniň golaýyna bardy. – Sen, Amangözeliň ogly dälmi?

Abdyllanyň gözleri umyt bilen ýyldyrady.

-    Hawa, siz... siz meniň ejemi tanaýaňyzmy?

-    Men senem tanaýan. Sen Abdylla.

 Ýigdekçäniň daralan dünýäsi giňedi.

-    Hawa. Ýöne ejem maňa Ballam diýýä.

-    Bilýän. Ejeň meniň obadaşym ahyryn. Sen meni tanaýarmyň?

Abdylla “ýok” diýen manyda başyny ýaýkady.  

-Maňa, Bally polisiýa diýýärler – diýip, starşina çalaja gülümjiredi. 

Olar şol gijeki otla münüp Çärjewe bardylar.

Ertesi gün öýleden agyp-agmanka-da, Abdyllany Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatryna işe aldylar. Teatryň şol wagtky direktory Baýramaly Myratnazarow, baş režissýory Askar Babaýew Bally polisiýany oňat tanaýar ekenler. Olar starşinanyň hatyrasyny gördüler. 

Abdylla Ýakubow Çärjewde uzak eglenmedi. Ony Aşgabatda teatr studiýa kabul etdiler. Gapdalyndan orta mekdepde okady. Soňra Moskwada... 

Abdylladan: “Saňa moskwaly halypalaryň täsiri güýçli boldumy?” diýip, häli-şindi soraýarlar. Baş režissýor bu soragy ýerliksiz saýýarmy, nämemi, gysgadan kesgitli jogap berýär:

-    Elbetde, guşam uçmany ata-eneden öwrenýär ahyryn. Megerem, teatr sungatynda sahna ussady bilen her bir duşuşyk uly açyş bolsa gerek. Ynha, Abylla Ýuriý Zawadskini diňleýär, onuň göz öňünde täsin, jadyly dünýä açylýar. Ussady sahnada görýär – täze açyş. Gribowyň çykyşyna tomaşa edýär. Ýene açyş. Emma Abdylla Ýakubow öz halypalaryny hiç wagt köre-kör gaýtalamandy. Ol olary söýüpdi, öwrenipdi. 

Abdylla Ýakubow diplom işinde Şekspire ýüzlendi. Onuň “Zähmet soňy rehnet” gülküli oýnuny sahnalaşdyrdy. Gözden geçirilişden soň, belli şekspirşynas pofessor Aniks Abdyllany gujaklady, tolgunyp gepledi:

-    Sen teatra çyndan imrinip, baş goşupsyň. Sen Şekspiriň döreden jadyly dünýäsini türkmeniň kalby bilen duýupsyň, onuň ýiti, pähimli nazary bilen görüpsiň. Şonuň üçinem seniň Ýelena Bertirammyň açyş. Onuň saýhally, tutumly hereketleri, gabak astyndan garaýan pähimli garaýşy, öz maksadyna ygrarlylygy türkmen zenanlaryny ýada salyp dur. Hawa, sen Şekspire öz halkyň gözi bilen garapsyň. Bu uly zehin! 

Şondan soň režissýora mahsus bolan milli nazar, milli aýratynlyk barada hiç kim söz açmady. Durgunlyk döwründe bu şeýle bir geň hem däldi. Dymmaklyk, bar bolan nogsanlary görmezlik bizde milli meseläniň iň oňat çözgüdi hasap edilip gelindi. Dogrusy, sungatda millilik bireýýäm çözülen ýaly, bu mesele gün tertibinden hem aýryldy. Gaş bejerjek bolup, göz çykaryldy. 

Abdylla Ýakubowyň spektakllary garaşylmadyk öwrümlere, öwüşgünlere baý. Olar kimi üýşendirýär, kimi oýlandyrýar. Onuň töwekgelçilige baş uran pursatlaram az bolmandy.

1967-nji ýyl. Telefon arkaly aýdymlary, spektakllary gadagan etmek henizlerem dowam edýärdi. Çeper döredijiligiň düýpli meseleleri, aýratynam döredijilik erkinligi taglymatyň dar galypyna gysylýardy. Şol pursatda Abdylla Ýakubow Aşyr Mämiliýew bilen begi Suhanowyň “Çatrykda” dramasyny Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda goýýar. Spektaklda merdan pälwanyň keşbi köpleri tisgindirýär. Neneň tisgindirmesin! Merdan pälwan galtaman. Akylly, gaýratly. Uly ýürekli galtaman.  Onuň ýüreginde ata Watana, ene topraga söýgi bar. Onuň kalbynda begenje-şatlyga-da, gaýgy-gama-da, duýgudaşly-da oýun bar.

Gerekmejek gazaplylyk, adamlara, däp-dessura ýowuz daralmak ony ata çykarýar... Galtamanbaşynyň keşbine ýakymly reňk, ýumşak öwüşgün bermek şol döwürde, hakykatdanam töwekgelçilikdi. Režissýordan raýatlyk gaýratyny talap edýärdi. Baş režissýor ýaýdanmady. Uludan deminem almandy. Durmuş hakykatyna uly wepalylyk görkezipdi. Spektaklam şowly çykdy, gowy garşylandy. Medeniýetiň, teatryň ykbalyny çözýän wezipeli adamlar welin... Il-günüň göwnünden turan spektakly olar görmezlige, duýmazlyga saldylar. 

Abdylla Ýakubow baş režissýor hökmünde Maryda, Kemine teatrynda kemala geldi. Özboluşly, zehine baý sahnada taplandy. Eduardo de Filipponyň “Täze ýyl gijesi”, W.Wişnewskiniň “Optimistik tragediýasyny”, A.N.Ostrowskiniň “Haram puly”, Çary Aşyrowyň “Ganly sakasy”, Ata Abdyrahmanowyň “Şa gyzy”... teatry adykdyran, artistleriň uly toparynyň zehinini, ukybyny taplan spektakllaryň ýene onlarçasynyň adyny sanamak bolardy. Emma režissýoryň milli teatr sungatyna goşan goşandy san bilen ölçenmeýär.

Režissýor teatryň döredijilik depginini artdyrdy. Artdyrmak sözi sungat babatynda känbir ýörgünli däl. Emma men bu söze özboluşly pähim berýärin. Artdyrmak – bu   geldi-geçer şygar däl. Ol gündelik ýagdaý, gözleg. Baş režissýor dürli döwürde, dürli dilde ýazylan spektakllary, olarda örboýuna galýan dürli jemgyýetçilik wakalaryny, dürli howadan dem alýan gahrymanlaryň çylşyrymly duýgularyny, güýçli hyjuwlaryny bütin kalby, ýüregi bilen duýdy, paýhasy-aňy bilen düşündi. Bu bolsa, döredijilik gözlegini baýlaşdyrdy, depgini artdyrdy.  

Baş režissýor özüni-de, teatry-da adykdyran spektakllara ýüzlendi. Onuň bu niýeti-de köpler üçin garaşylmadyk zat boldy. Şondan soň baş režissýora şübhe bilen garanam tapyldy. Ýörelen ýoda, açyk gapy. Azaşjak, büdürejek gümanyň ýok. Arzan abraý täze spektakllary goýmakda ýüze çykjak kynçylyklaryň öňünde baş režissýoryň ýöwselländigini, sussunyň basylandygyny birbada bildirmek... 

 Elbetde, her kimiň öz pikiri, öz nazary bolup biler.  Baş režissýor bu zerurlyga düşünýär. Ol ýene bir zada berk ynanýar. Türkmen halkynyň geçmiş medeniýetine aýawly çemeleşmek, öz aslymyza dolanmak. Şunuň  esasynda Atajan Taganyň “Gowşut han” dramasyny üstünde uly hyjuw bilen işläp, ony sahnada goýdy. 

Baş režissýor sungatyň özgerdiji, terbiýeleýji güýjüne ynanýar. Ol teatr sungatynyň üsti bilen adamlaryň jemgyýete, zähmete, birek-birege bolan gatnaşyklaryny özgertmäge çalyşýar. Bu ynam Abdylla Ýakubowyň döredijiliginiň mizemez kadasyna öwrülýär. Şonuň üçinem ol hyzmatdaşlyk edýän dramaturglaryna şol bir talaby erjellik bilen bildirýär. Goý spektaklda dartgynly wakalar ýaýbaňlansyn, güýçli häsiýetler, berk gylyklar çaknyşsyn. Emma dramada nesilleriň tejribesiniň mähri bolsun. Ol adamlara dertdeşligi, göwünlik bermegi, duýgudaşlyk bildirmegi öwretsin. 

Baş režissýoryň döredijilik ýolunda garaşylmadyk öwrümler az bolmandy. Soň Maryda on ýyl gowrak zähmet çekenden soň, ykbal tüweleýi ony Türkmenabatdan çykardy. Soň Daşoguza taşlady. Az wagtdan soň Aşgabada gondurdy. Soňra ýene Mara dolap getirdi. Beýle sergezdançylygy haka çykaryp bolarmyka? Daragtyň nahaly näme, şonam şaha ýaýradansoň göçürseň, aňsat düýp tutmaýar. Baş režissýor bilen teatryň artistleriniň hyzmatdaşlygam bir günde sazlaşyp gidibermeýär. Sahnada her bir söz, her bir gerekli äheň, manyly garaýyş, bütewi keşp bolup dünýä inýär. Keşbi bilelikde, režissýoryň, artistiň hyzmatdaşlygynda dünýä indermek...

Munuň azabyny diňe egni bilen çeken biler.

Abdylla Ýakubowyň teatrdan – teatra üznüksiz geçirilmegi onuň döredijiliginde oňaýly rol oýnamadyk bolsa gerek. Bedewem gazygy üýtgese, halanok. Zehin barada-ha aýratyn eserdeňlik gerek.

Zehine sarpa goýmaýan halk irde-giçde ruhy göýdükligiň batgasyna batar.  Abdylla Ýakubowy Marynyň Kemine teatrynyň döredijilik topary gerekledi, arzylap çagyrdy. Tanyş teatr, mährem bolup galan adamlar. Olar onuň kalbyna, ýüregine ýakyn mowzuklara, keşplere jan beripdiler. Onsoň ol toparyň çagryşyna neneň seslenmesin! Abdylla Ýakubow uly ýürekli, sahawatly adamdy. Ol artistiň iň kiçijik üstünligine-de ýürekden begenýärdi. Işdeş ýoldaşyň, halypanyň guwanjy, duýgudaşlygy, hemaýaty artisti bir gez beýgeldýär. Abdylla Ýakubow artistiň iň maýdaja gowşaklygyny-da bagyşlamaýardy. Emma onuň 
mertebesini-de peseltmeýärdi. Oňa sabyr takat öwredýärdi. Şol pursatlarda ol pähimli, erkli, belent göwünlidi...

 

Amanmyrat Şagulyýew.