Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Myrat Nyýazow

Zehin! Bu Alla tarapyndan adamzada berlen peşgeşleriň  iň gowularynyň biri bolsa gerek. Çünki dünýädäki täsin hem ajap zatlaryň aglabasy zehiniň täsiri bilen döreýär. Şonuň üçin adamlar zehine uly sarpa goýýarlar, zehinli adamlara ýürekleriniň töründen ýer berýärler. Zehinliler öz başarnyklaryny hiç zatdan ätiýaç etmän, halka Watana paýlaýarlar. Olaryň halka, Watana getiren, getirýän peýdalary gör, näçekä? Sanardan kändir.  Biz şeýle zehin eýeleriň biri barada söhbet etmekçi.   

Oňa Myrat Nyýazow diýýärler. Ol Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda 1930-njy ýylda dünýä inipdir. Ese-boýa galyp ugransoň özboluşlylygy bilen deň-duşlaryndan saýlanypdyr. Kemsiz kemala gelip, orta mekdebi tamamlap, Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutyny gutaryp, paýtagtymyzdaky teatrlaryň birinde işe başlanyndan soň bolsa, ol köpçüligiň ünsüni özüne çekip başlapdyr.  

-    Bu ýigidiň zehini emeli däl, azaly. Zehini Alla munuň gursagyna guýupdyr.

-    Hereketi, sözi, owazy janyňa ýarap, göwnüňi galkyndyrýar.

-    Gam laýyna batan wagtyň kömek edýär. Şeýle ýigitler köp bolsun, uzak ýaşasyn – diýşip, tomaşaçylar Myrady alkyşlapdyrlar.

Neneň alkyşlamajak?! Durmuşda, ýaşaýyşda goýberen ujypsyzja säwligini ýatlap, gam laýyna gark bolup, käte ökünip, käte gaharlanyp, agyr ýük egniňe düşen dek, ýüzüňi aşak salyp, içiňi hümledip, köp adamly köçeleriň ugruny syryp barýansyň. Birden: 

-    Aleýkim! – diýen labyzly ses gulagyňa eşidiler. Sakga saklanyp, töweregiňe garanjaklarsyň. Şeýdip durkaň birden ho-ol aňyrrakdan barýan etli-ganly, ortadan ýokarrak boýly adama gözüň düşer. Ähli gaýgy-aladaň şol pursatda zym uçan ýaly bolar. Ýylgyranyňy özüň duýman:

-    Ýak heý! Bu asyl senmi – diýip batlyrak seslenersiň. – Myrat bu seniň oýnuňmy-aý, bu näme tdigiň boldy? Dursana, hany bärik gelsen-e!

Myrat sesini çykarman yzyna dolanar. Çalaja ýylgyryp, ýanyňa geler-de, ýuwaşja gepläp, keltejik saglyk-amanlyk soraşar. Soňra sesini birneme batlandyryp:

-    Ukudan açyl, onsoň köýnegiňi ütüklemegem unutma. Ýagşy, hoş onda – diýip, yzyna öwrüler-de, başdaky bady bilen germeçläp, öz ugruna gider. 

Onuň yzyna eýgerjek gümanyň bolmaz. Asyl şeýtjegem bolmarsyň. Çünki sen eýýäm başga bir adama, ukudan açylyp, aladadan, ünjüden saplanan adama öwrülip, töweregiňdäki gözelliklere tomaşa edip duransyň. Şonda birden köýnegiň bugurjaşygyna gözüň düşer. Utanarsyň.

-    Öýe bardygym köýnegimi ütükledeýin – diýersiň-de, ýap-ýaňyja nämäni alada edeniňi, näme hakda pikir edeniňi biljek bolarsyň. Emma birem ýadyňa düşmez.

Ine, muňa zehiniň, söz  sungatynyň gudraty diýerler.

Ýekeje sözüň hasraty ýeňşi diýerler.

Myrat Nyýazow ilki duşanda:

-    Gurgunmyň?

Ýa-da bolmasa:

-    Gurgunçylykmy? – diýip geçip giden bolsa, men ulaşan aladamdan saplanyp bilmän, başymy galdyrman: 

-    Şükür – diýip oňardym. 

Dogrudan hem Myradyň wagty çäklidi. Şonuň üçin myrat adamlar bilen uzak sakyrdaşyp durmaýardy. Keltejik jogap berip, adamlary güldürip, kemçiligi bolsa aýdyp, alňasak geçip gidýärdi.

Bu zehiniň oýnumyka?! 

Zehiniň beýnisine ornap, gursagyna guýanymyka?!

Mümkin, şeýledir. 

Hawa, Myradyň barmaly ýerleri kändi. Teatrda-da, telestudiýada-da, kinostudiýada-da. Bagşylar öýünde-de Myarada garaşýardylar. Sebäbi ol teatrda, telestudiýada, tomaşaçylary güldürýän, kinostudiýada nebisjeňleri syhlaýan keşpleri döretmelidi. Bagşylar öýünde bolsa Myrat Nyýazow öwüt-ündewleri, gahrymançylygy, myhmanparazlygy ündeýän aýdymlary öwrenmelidi. Onuň esasy işleýän ýeri bolsa radio öýüdi. Bu ýerde Myrat Nyýazow otuz ýyldan gowrak wagt bäri işleýärdi. Onuň döredijilik öýleriniň ençemesine gatnandygyny, şol ýerlerde kemsiz kämilleşendigini radio öýünden ýaýrap gidýän ýaň bütin Diýarymyza, çara tarapa aýan edýän bolsa gerek. Radiony açsaň, Myrat Nyýazowyň sesi eşidilýär, ady tutulýar. Ýöne onuň sesi ýüz dürlüdi, ýüz öwüşgünlidi. Bir görseň, ol gaplaň bolup arlaýar, bir görseňem ýolbars bolup hyňraýar. Ynha, birdenem Bally molla göz öňüňe gelýär. 

Bular bary däl. Myrat Nyýazowyň teatral instituty gutaryp geleli bäri telewideniýede, kinostudiýada, teatrdyr radioda döreden keşpleri barmak büküp sanardan kän. Bularyň daşyndan ol radiospektakllara režissýorlyk hem edipdi. Şonda ýanyna barsaň, ol ýaş artistleri daşyna üýşürip, gülüşdirip öwredip oturandyr. Aýratyn hem çagalar üçin taýýarlanylýan radiooýunlara, ertekilere režissýorlyk edişi gyzyklydy.

-    Indi sen öýüňizdäki pişigiňizçe ýokmy, şonça-da mawlap biljek dälmi?

-    Güjük bolup üýrmegem, çyňsamagam oňaraňokmy? – diýip, özi mawlap, özi çyňsap, töweregindäki artistleri gyzyl-gyran edip durandyr. 

Bu ýagdaýlary görüp, sen ýene zehin hakynda oýlanarsyň. Allatagala zehini, akyl-huşy deň paýlamandyr-ow. Şonuň üçinem adam bilen adamyň  parhy ýer bilen gök ýaly diýip içiňi gepledersiň-de, Myradyň hereketlerini synlap, sözlerini diňläp, ähli gaýgy-aladaňy unudyp, ýylgyrar durarsyň.

Hawa, Myrat Nyýazowyň hereketlerini synlap, sözlerini diňläp, jakgyldap gülüp, göwnüni açanlar gör näçekä?  Ol diňleýjilerini oýlandyrybam, güldüribem bilýärdi. Şonuň üçin döwletimizem Myrat Nyýazowyň bu sungatyna mynasyp baha berdi. Türkmen radiosynda köp ýyllap işländigi, artistligini, režissýorlygyny, bagşylygyny göz öňünde tutup, oňa “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at dakyldy. 

Myrat Nyýazow bu hormatly ada aňry ýany bilen mynasyp. Sebäbi ol hiç kime meňzemeýän hereketi, gysgadan manyly  sözleri bilen halka hem gülki, hem süýji aýdymlary paýlady. Gülki bolsa ýüregiňi joşduryp, saglygyňy dikeldip, gaýgy-gamyňy güm edýär. Şeýle adamlar bilen hemmeleriň duşuşasy, bile oturyp söhbetdeş bolasy gelýär. Şeýle niýet bilen goňşym bir gün ýanyma geldi-de:

-    Men Myrat Nyýazyň aýdymlaryny gowy görşüm ýaly, onuň radiospektakllarda ýerine ýetirýän keşplerinem aşygy. Aýratynam Bally molla bolşy enaýy. Özümi hut ussahanada, Bally mollanyň ýanynda oturan ýaly syzýaryn – diýip, maňa sala saldy. – Ertir dynç alynýan gün. Myrat Nyýazy öýüme çagyrjak. Senem bar. Üýşüp Myrat Nyýazyň gülküli gürrüňlerini diňläliň-le. Neneň görýäň, bolýamy?

-    Örän oňa – diýip, men minnetdarlyk bildirdim. Goňşym Myrat Nyýazowyň işleýän ýerine – radio öýüne gitdi. Emma ol Myrat Nyýazowy iş ýerinden tapmandyr. 

Hawa, zehinliler şeýle bolýarlar. Olar özleri hakda az alada edip, halk köpçüligine peýdaly işler etmek barada oýlanýarlar, zähmet çekýärler. Adamlaryň ýüregini joşdurjak, keýpini göterjek täzelikleri gözleýärler. Ine,, şonuň üçinem Myrat Nyýazowyň Taňrydan serpaý alan zehin ülüşi adamlary diňe gülüşdirmek bilen çäklenenok. Ol seni oýlanmaga-da, gaýgy-gama batyp ýörmän, ömrüňi şatlykda geçirmäge-de ündeýär.

Ýöne olaryň bary barada kiçijik ýazgyda mümkin däl. Myrat Nyýazow Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral instituty 1954-nji ýylda tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işe başlan badyna häsiýetine laýyk keşpleri döredip başlapdy. Şol ýyl ýigrimi iki ýaşly Myrat Güseýin Muhtarowyň “30-njy ýyllar” spektaklynda altmyş ýaşly kör bagşyny janlandyrypdy. Resul Gamzatowyň “Dagly gyz” dramasynda Labazan atly bihepbe bolup, tomaşaçylary gyzyl-gyran güldüripdi. Ol kinoda-da ýatdan çykmajak keşpleriň ençemesini döredipdi. Alty Garlyýewiň “Mukamyň syry” filminde Gojaly bagşy, Meret Atahanowyň “Ýigit mydama ýigitdir” gülküli filminde sallah Nury, Wepa Muhammedowyň “Maşyn gaçdysynda” sürüji, “Japbaklarda” garpyz satýan söwdegär bolup, tomaşaçylaryň aňyna ornapdy. Radioda bolsa ol “Bökelek” bolup, jyňňyldap, wazzyldap gelip, ýaltalary çakyp awundyrypdy. Myrat Nyýazow telestudiýada “Ýartygulak” teležurnalynda köp ýyl Ýartygulak bolup oýnapdy. Şondan soň tomaşaçylaryň arasynda onuň Myrat ady Ýartygulaga öwrülipdi. Şeýle derejä ýetmek, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmak üçin Alla tarapyn berlen zehinden başga irginsiz zähmet çekmeli bolsa gerek. 

Hawa, Myrat Nyýazowyň ornuny özünden başga tutup biljek adam ýok. Ol özboluşly artistdi, režissýordy, bagşydy, ýomakçydy. Halk onuň aşygydy. 

Rejep Allanazarow.