Türkmenistanyň halk artisti Berdi Mollaýew

 Halka hyzmat edýän hakyky sungat hemişe ynsanyň belent maksatlaryny wasp edýär, durmuş gözelligine guwanç duýgusyny oýarýar, ýaşaýşa hyjuw döredýär. Ýagşyny belende göterende-de, ýamany ýazgaranda-da sungat mydama durmuşy teswirleýär, ynsan kalbyny hyjuw bilen joşdurýar, geljege ynam döredýär. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň belli artisti, Türkmenistanyň halk artisti Berdi Mollaýewiň ajaýyp sahna keşpleri-de, onuň ynsan keşbiniň gözel keşdeleri bilen bezelen položitel gahrymanlary, ylaýta-da türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragynyň göwün göteriji ajaýyp sahna keşbi hem hut şol ýüreklere teselli berýän, kalbyňy galkyndyrýan sungatyň hilindendir. 

Durmuşda her kim öz ýoluny, öz kärini gözleýär. Emma ony tüýs wagtynda hem-de dogry kesgitläýmek hemme kişä başartmaýar. Berdi Mollaýew welin şu meselede kän ikirjiňlemedi. Ol eýýäm oba mekdebinde drama gurnagyna gatnaşmak bilen teatr sungatyna hyjuwly ýapyşdy. Marynyň mugallymçylyk mekdebinde okap ýörkä bolsa Berdi Mollaýewiň sahna sungatyna bolan höwesi hasam güýjedi. Ine, şol arzuwlary hem ony 1943-nji ýylda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatryna getirdi. 

 Aktýorlyk sungaty boýunça ýörite bilimli bolmasa-da, Berdi Mollaýew özüniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny günsaýyn kämilleşdirmek bilen, basym toparda öňe saýlandy. 

Berdi Mollaýewiň ýaşlyk joşguny, görmegeý keşbi, syratly boýy, nähilidir bir tukatlyk bilen ümezläp duran gözleri, ýognasrakdan mylaýym hem-de özüne çekiji owazly sesi ýaş artistiň turuwbaşdan şahyrana—dramatik gahrymanlaryň keşpleriniň oňa ynanylmagyna sebäp boldy. Şolar ýaly keşpleriň ilkinjilerinden biri hem Agahan Durdyýewiň uruş mowzugyna bagyşlap ýazan “Partyzan gyzy” atly sahna eserindäki Andreýiň keşbidir. Bu keşbi artist Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gahrymançylykly hyjuw bilen ýerine ýetiripdi. Şol ýyllarda artist T.Esenowanyň “Şemşat” atly gülküli oýnundaky Akmyradyň sahna keşbi hem  uly joşgun bilen teatryň sahnasynda janlandyrypdy.

Harby-watançylyk mowzugyna degişli eserler uruşdan soňky ýyllarda-da teatryň sahnasynda goýulýardy. Şeýle eserleriň biri-de dramaturg G.Mdiwani bilen A.Kirowyň “Ýaş ýigit” atly sahna eseri boldy. Şol spektaklyň baş gahrymany Gorbaçýewiň keşbi hem Berdi Mollaýewe tabşyrylýar. Inžener Gorbaçýewiň keşbiniň üsti bilen belli belorus partizany Konstantin Zaslonowyň gahrymançylyklary sahna eserinde beýan edilýärdi. Berdi Mollaýew şol gahryman partizanyň sahna keşbini örän ynandyryjy hem-de täsirli ýerine ýetirdi. Şondan soň bolsa rus dramaturgy A.N.Ostrowskiniň “Gijigen söýgi” dramasyndaky baý täjiriň sahna keşbini janlandyrmak bilen, artist ilkinji gezek rus nusgawy eseri bilen iş salyşmaly bolýar. Bu keşbiň şowly çykmagynda spektaklyň režissýory W.I.Podgurskiniň hem goşandy uludyr. Onuň bilen işlemek berdi Mollaýew üçin sahna ussatlygy boýunça hut bir ýörite okuw geçen ýaly bolýar. Rus teatr medeniýetiniň iň oňat hakyky däplerini, K.S.Stanislawskiniň gurluşyny özleşdirmek bilen, artist özüniň sahna ussatlygyny has kämilleşdirýär. 

Berdi Mollaýew esasan položitel gahrymanlaryň keşbini döredýärdi. Dürli ugurda ýazylan, dürli gylyk-häsiýetli keşpleriň onlarçasyny ol sahnada janlandyrdy. Olardan ýaş alym Atanyň (“Allan aganyň maşgalasy” – G.Muhtarow) köp külpetleri başdan geçiren, emma hiç wagt kynçylyk öňünde ejizlemedik, ýagşyny-ýamany aýdyň seljerýän, giň göwünli hem-de degişgen goja Taýmaz babanyň ( “Taýmaz baba” – K.Gurbannepesow), ýiti gözli hem-de tutanýerli komissar Antonowyň (“Çatrykda” – A.Mämiliýew bilen B.Suhanow) sahna keşplerini ýatlamak bolar. Artist bu keşpleriň her biriniň öz gylyk-häsiýetine kybap gelýän çeper serişdeler tapmak bilen, olary ynsan keşbiniň iň gözel keşdeleri bilen bezeýär, gelşikli plastika, owazly ses hem-de milli-aň öwüşgünler bilen baýlaşdyryp, şahyrana joşgun bilen sahnada janlandyrýar. Berdi Mollaýewiň aktýorlyk sungatynyň şu aýratynlyklary beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň sahna keşbinde has-da aýdyň ýüze çykdy. 

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry 1960-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllygy mynasybetli T.Taganowyň “Kökenli ýüzük” dramasyny uly üstünlik bilen öz sahnasynda janlandyrdy. Türkmen halkynyň guwanjy beýik şahyryň sahna keşbini döretmek bolsa, Berdi Mollaýewe ynanyldy. Spektaklyň şowly çykmagy-da esasan Magtymgulynyň sahna keşbiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine baglydy. Şoňä görä-de artist bu keşbiň üstünde örän çynlakaý işläp başlady. Spektaklyň režissýory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Myradow hem Berdi Mollaýewe keşbiň üstünde işlemekde köp kömek berdi. Artistiň türkmen edebiýatyndan hünärmen bolmagy-da bu işde oňa peýda berdi. Ol  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň  türkmen dili bölüminde okap, bilim alypdy. Keşbiň üstünde işlän döwründe bolsa, artist Magtymgulynyň Pyragynyň eserleri, ol barada ýazylan ylmy işleri, şahyryň ýaşan döwrüne degişli taryhy kitaplary düýpli öwrendi. Esasan hem akyldar şahyryň daş keşbi, oturyň-turşy, gürleýiş äheňi, töweregindäki adamlar bilen gatnaşyklary barasynda artist gaty köp oýlanmaly boldy. Edilmeli iş örän hormatly hem-de jogapkärlidi. Berdi Mollaýew hem muňa oňat düşünýärdi. Ol ilkinji spektaklyň nähili geçjegi barasynda oýlanyp, örän tolgunýardy.

Ine-de spektakl başlanýar. Gazaply duşman tarapyndan talaňa düşen türkmen halkynyň pajygasyny görüp, şahyr il-günüň çydamaz ykbaly barasynda goşgy okaýar. Magtymguly – Mollaýewiň sesi batly ýaňlanýar. Onuň agyr pajygaly duýgudan doly, emma örän merdemsi hem gaýratly söweşe çagyrýan owazyny tolgunman diňlemek asla mümkin däldi. Spektaklyň prology tamamlanyp, perde ýapylan badyna tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary artistiň ýüregine teselli berýär. Diýmek, başlanyş-a erbet däl. 

 Prologdan soňky sahnada Magtymguly öz söýgülisi Meňli bilen duşuşýar. Spektaklyň bu görnüşini artist esasan şahyrana äheňde alyp barýar. Magtymguly – Mollaýew Meňli bilen gürleşende özüni örän parahat tutýar, artyk herekete ýol bermeýär. Emma onuň mähirden doly, söýgüden tutaşýan ýürek joşgunyny bolsa gahrymanyň sesinden aňmak bolýardy. Magtymguly – Mollaýew örän sada, parasatly, edenli. Onuň her bir ownuk hereketi-de, garaýşy, gepleýşi-de şahyryň belent adamkärçilik mertebesinden habar berýär. 

Soňky sahnalarda şahyr öz duşmalary bilen sataşýar. Olar biri-birinden gazapy hem rehimsiz. Eýran häkimlerine satylan Hanaly han, öz hökümdaryna ýallaklap hyzmat edýän, ur diýse öldürjek bolup duran gandar Gulamaly han, Eýran şasynyň tagtyna ýetmek üçin dünýä gan çaýkan Muhammethasan han – bularyň hemmesi-de türkmen halkyny dyza çökerip, üstünden agalyk sürmegi özüne niýet edinen kezzaplar. Olar Magtymguly şahyry-da özleriniň betpällerine hyzmat etdirmäge çalyşýarlar. Emma şahyr özüniň güýçli duşmalarynyň öňünde başyny belent tutup, öz halkynyň bähbidini goramagy, duşmanlarynyň hakyky ýüzüni paş etmegi başarýar. Ine, şunuň ýaly ýiti garşylykly, güýçli içki hyjuwy talap edýän sahnalary-da artist Berdi Mollaýew ussatlyk bilen geçirmegiň hötdesinden gelýär. Onuň sahnada janlandyran Magtymgulysy özüniň daş görnüşi boýunça-da, içki tolgunmasy bilen-de tomaşaçylaryň tüýs göwnünden turdy. 

“Kökenli ýüzük” spektakly täze dörän wagty 15-20 günläp yzy üzülmän görkezilende-de, ony görmek isleýän tomaşaçylaryň hemmesini teatr kanagatlandyryp bilmedi. Soňra şahyryň ýubileýi mynasybetli bu spektakl Aşgabatda, Serdarda, Magtymgulyda-da görkezilipdi. 

Türkmen sahna sungatyny ösdürmekde hem-de zähmetkeşlere ahlak terbiýe bermekde bitiren hyzmatlary üçin Berdi Mollaýew Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlara mynasyp boldy, birnäçe medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Jumadurdy SARYÝEW.