Ýatlamalar

Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa: 

—    Aýlar aýlanyp, ýyllar geçdigiçe halypa artistler baradaky ýatlamalar serime dolýar. Şol pursat belli artist, kinorežissýor Alty Garlyýew baradaky ýakymly ýatlamalar çagalyk ýyllaryma alyp gidýär. Öýümiz şol wagtky kinostudiýa ýakyn bolansoň, çagalar üçin surata düşürilýän çeper filmlere ses bermek ýaly gyzykly işe höwes bilen gatnaşýardym. Her gezek kinostudiýa baranymda tanymal artistlerimize gabat gelýärdim. Öz ýanymdan olar bilen ýakyndan tanyşlyk açyp, gürleşip görmegi arzuw edýärdim.

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortalarynda Alty Garlyýew nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada çeper filmi surata düşürmägä girişdi. Alty aga Aşgabat şäheriniň mekdeplerine aýlanyp, daşky keşbi akyldar şahyryň ýaşan döwrüniň ýaşlaryna gabat gelýän oglan-gyzlary filmiň köpçülik sahnalaryna gatnaşdyrmak üçin saýlap alýardy. Men şol wagt Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýardym. Ol biziň mekdebi- mize gelende meni hem bu filmde surata düşmäge çagyrdy.

Biz täze filme surata düşüp başladyk. Maňa hem ýaş gyzyň keşbini döretmek ynanyldy. Özüme ynanylan keşbi ynandyryjy döretmägä jan edýärdim.Ýüregimden Alty aganyň öwgüli sözlerini eşitmek isleýärdim. Biziň bilen ýurdumyzyň belli artistleri hem kino surata düşýärdiler. Täze film Gökdepe etrabyňyň gözel ýerlerinde, Hazar deňziniň kenarynda surata alynýardy. Çaga bilesigelijiligi bilen kino surata düşürilişini synlaýardyk. Özümiziň belli artistler bilen bile işleýändigimize begenýärdik.

Uzaga çeken kino surata düşürmek işi tamamlandy. Bu çeper film meniň sungatyň inçe ýoluny özüme kesbi-kär edip saýlamagyma sebäp bolupdy. Orta mekdebi tamamlan ýylymyz Moskwa şäherinde ýerleşýän ýokary teatr sungaty mekdebine okuwa kabul edilýän döwri Alty aganyň ýanyna bardym. Köpi gören Alty aga meniň bilen içgin saglyk-aman- lyk soraşdy. Men çekine-çekine belent adamkärçilikli, sada göwünli artiste öz matlabymy aýtdym. Şonda onuň nurana ýüzi has hem ýagtylanan ýaly boldy.

—    Sende zehin bar, çekinme-de, gerekli resminamalaryňy tabşyr. Wagty gelende sen zehinli artist bolup ýetişersiň — diýdi. Men onuň diýeni bilen boldum. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, teatr sungaty boýunça ýokary bilim berýän mekdebe okuwa girdim. Okuwymy tamamlap, dogduk mekana dolandym.

Bu wakadan bäri, ençeme ýyllar geçdi. Men hemişe yk- balymy sungata baglamagyma sebäp bolan halypalary ýat- lanymda, A.Garlyýewiň nurana ýüzüniň has nurlanan şol ajaýyp pursady göz öňümde janlanýar. Milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ajaýyp ar- tist, kinorežissýor baradaky ýatlamalar ýüregimi joşdurýar.