Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadow

     Oňa ýöne ýerden ýetilmeýär. Kän-kän ýyllar, üstünde mazaly çorba sowadylan beýik işler, egsilmez tejribe gerek. Dogrusy, biziň halypany tanaýşymyz «Kemine» çeper filminden, «Ajaýyp» filmindäki Garagijeniň keşbinden aňry geçmeýän eken. Gowy sungat eseriniň gatlaklarda açylyşy ýaly, onuň sungatynyň köptaraplydygyna hem Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadowyň özi bilen söhbetdeş bolanymyzda, ýakyndan göz ýetirdik. 

Sungat, döredijilik işgäri bilen söhbetdeş bolsaň, täze-täze, öň eşitmedik, bilmedik zatlaryňy eşidýärsiň, bilýärsiň. Şol hem onuň döreden sungat eserleri bilen deň derejede gymmatly bolýar.

Ýerlere gidip, aýda bir gezek halkyň arasynda bolup, adamlar bilen duşuşmak, olaryň arzuw-isleglerini eşitmek hem döredijilige täze badalga berýär. Iň esasy döredijiniň özi sungat bilen «dertlän» bolmaly. Sungatyň ýesir alşy, bendi edişi üýtgeşik. Ol arşy çeşme. Onda, ilki bilen, halypalar gerek. Bu babatda hem oňa halypalardan bagty çüwen diýesiň gelýär. Döredijiliginiň uzak ýolunda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynda kino hem drama artisti bölüminde okan ýyllary, ondan soň hem, ol halypalary bilen ýakyndan hemdem bolupdy. Kinoçylar hakda-ha gürrüňem ýok, şahyrlar, kompozitorlar bilenem häli-şindi duşuşardylar. Belki-de, Mämmet Seýidow, Italmaz Nuryýew, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Daňň atar Öwezow dagy bilen gadyrly gatnaşyklary soňra türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Keminäniň, Mollanepesiň kinokeşplerine ýüzlenmegine getirendir. Belki-de, halypalara belent hormaty Keminäniň Äraly pir bilen gatnaşyklaryny kinoda bolsa-da, sazlaşykly edip görkezmegine itergi berendir. Belki, kalbyndaky söz hem saz owazlary, Keminäniň keşbine artist gözlände, ajaýyp aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewi salgy berendir.

Halypalyk barada gürrüň gidende, Orazmyrat aga: «Şägirt halypasyna uýgun bolmaly» diýdi. «Uly uýgudan şägirt döreýär» diýibem sözüniň üstüne goşdy. Durmuşda onuň özi kim, näme bolsa döredijiligi hem şoldur. Olar bir almany iki bölen ýaly meňzeşdirler. Ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri eserlerinde özüni beýan edýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň dünýäsine olaryň eserleriniň üsti bilen aralaşyp bolýar. Şol bir wagtda kinoda olaryň çeper keşpleriniň üsti bilen režissýor hem öz garaýyşlaryny beýan edýär. Beýikleriň kimdigini olaryň eserleri aýdýar. Ýöne keşbi döredilen şahsyýet bilen döredijiniň arasynda zehin kybapdaşlygy hökmanydyr. Şonda döredilen keşp hem onuň öz asyl, belent derejesine ýetýär.

Halypanyň sungat baradaky gymmatly gürrüňleri, çuňňur garaýyşlary hem birden döremedi. 1964-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutyny tamamlanyndan soňky üç ýylda döreden sahna keşpleri Orazmyrat Gummadowyň artist hökmünde il içinde giňden adykmagyna getirdi. Onuň dürli ýyllarda döreden sahna keşpleriniň sany 30-a golaýlaýar. Olaryň arasynda türkmen hem-de daşary ýurt dramaturglarynyň eserlerinde döredilen keşpler bar. Bu keşpleriň onlarçasy öz döwründe Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda, onlarçasy hem Moskwanyň talyplar teatrynda, kino institutynda ýerine ýetirilen keşpler Orazmyrat Gummadowyň döreden kino keşpleri, filmlere ýazan edebi esaslary hem bir makalanyň çäginde gürrüň ederden kän.

Teatr institutynda okaýan döwürleri italýan artistleri Moskwa gelýärler. Şonda hem olary Orazmyrat Gummadowyň okaýan teatr institutyna eltýärler. Hormatlap, italýan dramaturgy K.Goldoniniň eseri esasynda taýýarlanan sahna eserini görkezýärler. Orazmyrat hem şol oýunda esasy keşpde çykyş edýär. Soňra italýan artistleri ony Italiýa döredijilik saparyna hem çagyrypdyrlar. Şeýle gürrüňleri diňläp otyrkaň, başga bir pikir seriňň i gaplap alýar. Eýsem, W.Şekspiriň «Otellasynda» Ýagonyň, Gogolyň «Derňewçisinde» Hlestakowyň, K.Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkärinde» Truffoldinonyň, F.Şilleriň «Söýgi we mekirliginde» Ferdinandyň, G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasynda» Gurbanyň keşpleri, ýene-de onlarça kino keşplerini ýerine ýetirmek bir artistiň döredijiligi üçin ýeterlik dälmi? Sungatdan köptaraply zehin Orazmyrat Gummadow 1972-nji ýylda Moskwada kinematografiýa institutyny hem tamamlaýar.

Halypanyň goýujy režissýor hökmünde döreden çeper filmleriniň arasynda «Dutar», «Gämi hakda aýdym», «Kemine», «Mollanepes», «Aýazbabanyň gözleginde», «Täze ýylyň öňündäki toý», «Bäşinji hazyna», «Kalbymyň bagt ýyldyzy» atly çeper filmler bar. Orazmyrat Gummadow dürli ýyllarda «Naýza» kinožurnalynyň ençeme sanlaryny taýýarlady. Ýurdumyzyň teatrlarynda režissýor hökmünde 10-dan gowrak sahna eserini sahnalaşdyrdy.

Öňem aýdyşymyz ýaly, Moskwanyň hem teatr, hem kino institutyny, halkara kinoakademiýasyny tamamlan halypa bu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplara kino sungatyndan sapak berýär. Onuň şägirtlerine esasy ündewi - wagtyň synagyna döz gelibiljek, çuňňur mazmunly eserleri döretmek. Bu oňa-da öz halypalaryndan ýeten sargyt. Belli kinotankytçysy Irina Şilowa onuň «Mollanepes» filmi hakda: «Beýle köp gatlakly filmi men entek görmändim. Filmde 12 sany gatlagy gördüm. Ondan aňyrlaryny görmek üçin türkmen topragynda doglan bolmaly» diýipdi.

Orazmyrat halypanyň öz bilim berýän talyplary onuň aýdýan «Uly sungat Mejnunyň Leýlä bolan aşyklygyndan hem zyýat. Hak aşyklyk sungata durkuň-düýrmegiň bilen berilmegi talap edýär» diýen sözlerini ýygy-ýygydan gaýtalamagy gowy görýärler. Öz döwründe Ata Alowow, Aman Baýramberdiýew, Annamyrat Berdiýew ýaly sungat ägirtleri bilen bile okan, Moskwada halypasy dünýä kinosynyň atasy Lew Kuleşowdan sungat sapaklaryny alan halypa: «Sungat köp gatly, syrly bolmaly» diýýär. Onuň sungat ussatlaryny ýatlap, teleýaýlymda edýän çykyşlary hem diýseň ünsi çekiji. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden ornaşdyrylan sagdyn durmuş ýörelgesi bilen baglanyşykly teleýaýlymyň üsti bilen guraýan gyzykly söhbetleri hem ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Sungatyň saglyga peýdasy şol gürrüňlerde öz beýanyny tapýar. Çünki saglyga gözbaşly häsiýetler halypada bar. Ol adamlara guwanýar, pespälligi halaýar, diýseň zähmetsöýer, sahy-sahawatly, bir sözli ynsan.

Halypa bagty — şägirtlerinde. Ýaş zehinde täze uçguny görübilmek, şol hem halypanyň bagty. Hakyky sungat şeýdip döreýär hem ýaşaýar, alyslara, geljege sary gadam urýar.

Aýjemal OMAROWA.