Ýatlamalar...

Türkmenistanyň halk artisti Nurjemal Söýünowa: 

-     Men Sabyr Ataýewanyň işine-de, durmuşyna-da mazaly ýetik.

Onuň gowy sypatlary kändi. Ýöne, men onuň diňe oňat artistligini, ýagny, kärine ökdelegini aýtmakçy.  Ikimiz dublýor bolubam kän keşpde oýnadyk. Galyberse-de, kärdeşler biri-biriniň işini synlagyç bolýar.

“Kemine” spektaklynda ikimizem Ogulhajary gezekleşip oýnaýardyk. Ogulhajar birdi. Emma ikimiziň Ogulhajarymyz bir däldi. Men öz Ogulhajarymy kemsiz ýugurdym hasap edýärdim. Sabyryň Ogulhajaram meňkiden asgynlar dagy eder ýaly däldi. Birek-birege öýkünmek, birek-birekden “göçürmek” artist üçin ussatlyk däl-de, asgynlyk bolýar. Asla, Sabyr öz oýnaýan dürli keşplerinde-de bir-birine çalym etmeýän keşpler döredýärdi. Tomaşaçylar bilýändir, ol hemişe eneleriň keşbini döretmäni halaýardy. Döwürdeş enelerem oýnaýar, aýry döwürde ýaşan enelerem oýnaýar. Ýöne biri-birine meňzeýän däldir. “Azaşan ýigitdäki” Mamur ejesi Mamur ejedir, “Mähridäki” Annagüli hem Annagüldür. 

 Onuň eneleri oýnamany halaýandygyny aýtman artistlik ugruny kesgitledigim däl. Sabyryň artistlik ugry gaty giň. Eýsem onuň döreden akylly eneleri kim, “Ykbaldaky” Eneküti kim? Mahlasy, ol pajygaly keşplerem, gülküli keşplerem döredýär. Biz ony “Keýmir körde-de”. “Zöhre-Tahyrda-da”, “Mollanepesde-de”. “Sekizinji hazynada-da”, “Joralarda-da”, garaz iki-ýeke bolaýmasa, teatrymyzyň ähli spektakllarynda gördük. Ýöne hersinde birhili, özboluşly gahrymany bilen görýäris. “näme üçin?”, “Nädip?” ýaly sowalyň geregi ýok. Onuň sebäbi joram hem kärdeşim Sabyryň ussatlygy.

Türkmenistanyň halk artisti Söýün Amangeldiýew:

-  Men Sabyr Ataýewanyň kino sungatyndaky orny barada aýdaýyn. 

Onuň kino sungatyna goşulan ilkinji wekilleriň biridigini-hä tomaşaçylar bilýändir. Kino sungatynyňam, teatr sungatynyňam özüne ýetesi çylşyrymlylygy, inçeligi bar. Ýöne keşp oýnamak meselesinde kino artistligi teatr sahnasynda oýnandan has kyn. Teatr sahnasyndaky böwşeňlik kinoda ýok. Režissýor “Motor!” diýip, seslenenden, sen gahryman bolmaly. Onuň üçinem režissýor bilen gysga sözde düşünişmäni başarmaly. Ynha, şu talaplary Sabyr Ataýewa oňat ödeýärdi. Elbetde, “Şasenem-Garypda” Garybyň ejesi, “Aýratyn tabşyrykda” Altynyň ejesi, “Aýnada” baýyň aýaly ýene-ýeneler Sabyryň ukyply kinoartistdigini äşgär etdi.

Meniňçe, artistlik ussatlygynyň nä derejededigi kinoda oňat kesgitlenýär. Diýmek, Sabyr Ataýewanyň filmlere çagyrylyp, onuň öz gahrymanlarynyň çuň aňyny tomaşaça ýetirmesi ökde kino aktýordygyny dilsiz-agyzsyz ykrar edýär. 

Türkmenisanyň halk artisti Fahriýa Alyýewa:

-    A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatral instituty Sabyr ikimiz bileje gutardyk. Okan wagtlarymyz hem ol biziň aramyzda zehini, ukyby, adamkärçiligi bilen saýlanýardy. Instituty gutaryp, 1941-nji ýylda teatra geldik. Men diňe bir zady aýdyp biljek. Sabyr yhlasly artistdi, tapylgysyz jorady.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Mama Babaýewa:

-    Sabyr Ataýewa diňe ökde artist ýa-da gowy ýoldaş däl, eýsem teatryň jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşan göreldeli jemgyýetçilik agzasydy. Ol biziň teatrymyzyň zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasarydy.  Obalara iş saparyna çykylanda-da, ol oba zenanlarynyň arasyndadyr.

Ony muny düşündirer, gyzykly gürrüňler bererdi. Türkmenisanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikow:

-    Bir ussat bar, bahyl bolýar. Kän ussat bar, sahy bolýar. Sabyr  ejemiz ikinji – sahy ussatlardandy. Men kän spektakllarda Sabyr eje bilen bile oýnadym. Ondan kän tälim aldym. Sen oglan bol, gyz bol, Sabyr eje üçin parhy ýok, ýetmez ýeriň barmy, ol hemişeki süýji dilliligi bilen öwüt berer. Keşpdäki hereketiň göwnüne ýaramadymy, aýdar. Nädeniňde gowy boljagyny salgy berer. Ynha onuň aýdyşy ýaly edersiň welin, jüpüne düşer durubererdi. Men muny sahna ýolumdaky spektakllarda-da, telespektakllarda-da bile oýnan gezeklerim kän gördüm.  

Diýjek bolýanym, maňa-da, meniň deň-duşlaryma-da Sabyr Ataýewanyň döredijilik kömegi uly boldy.  Türkmenisanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew:

-    Il-gün üçin, sungat üçin haýyr-sahawatly adam kömegini gysganmaz. Emma men başga bir ýatlamany aýtjak. Moskwada okap ýörkäk, mugallymymyz Pižowa şeýle gürrüň berýärdi: “1941-nji ýylda institutda okaýan türkmen oglan-gyzlary Molýeriň “Zor aýakdan lukman bolan” sahna eserini diplom spektakly edip goýdular. Şonda Sabyr Ataýewa Martinanyň keşbini oýnaýardy. Spektakl gutardam welin, Sabyry sahnadan göterip aldylar-da, zala geçirdiler. Ol aýagyny ýere degirmän, tomaşaçylaryň arasynda elden-ele geçip, bütin zaly aýlanyp çykdy. Ynha artist tomaşaçynyň göwnünden turanda näzeýilli bolýar”.

Moskwadakylary aňk eden Martinasy bilen Sabyr Ataýewa türkmen tomaşaçylaryna-da hezil beripdi. Ondan soňam ol kän-kän keşp döretdi.