Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa

     Paýtagtymyzda giňden bellenilip geçilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda halkymyza ýetirilen «Nejeboglan» atly opera tomaşa etdim. Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowanyň bu operada ýerine ýetiren joşgunly ariýalaryny diňlänimde, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Annagul Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Roza Töräýewa ýaly halypalardan tälim alyp, kämillige gol beren aýdymçy zenanyň halypa-şägirtlik mekdebinde täze zehinleri ýüze çykmagyna saldamly goşant goşýandygyna göz ýetirdim. Biz ýakynda ajaýyp owazy bilen halypalaryň sungat mekdebini özüne ýörelge edinen Türkmen milli konserwatoriýasynda zehinli talyplara opera sungatynyň inçe tärlerini öwredýän aýdymçy zenan bilen söhbetdeş holduk.

Halypalaryň ýoly bilen

Opera sungatynyň ägirtlerinden tälim almak bilen bir hatarda, olaryň ajaýyp häsiýetlerini öz durmuşynda nusga edinýän Bibijemal Amanowanyň ýaşlykdan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň aýdymlaryny diňläp, kalbynda opera sungatyna söýgi döreýär. Aýdym-saza bolan höwesiniň gün-günden artmagy ony ussatlaryň döredijilik dünýäsi bilen ýakyndan tanyşdyryp, ykbalyny aýdym-saz sungatyna baglaýar. 

Bibijemal AMANOWA:

-    Maşgalada perzent ulalansoň haýsy hünäri ele aljakdygy, onuň 
çagalykdan werziş bolýan zatlary bilen baglanyşykly. Heniz çagakam öýümizde hemişe diýen ýaly radioda halypalaryň aýdymlary ýaňlananda, ýüregimi gerip diňlärdim. Teatrlaryň sahnasynda görkezilýän eserler ilkinjileriň hatarynda tomaşa ederdim, şol ýerde zähmet çekýän ussatlaryň döredijilik ýoly meni gyzyklandyrýardy. Ýöne şol döwürlerde sungatyň ykbalyma öwrülip, öz döredijiligimi halka ýetirerin diýip pikir etmeýärdim. Talyp döwrümde halypam, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň: «Bir zada yhlas bilen ýapyşmasaň netije bermeýär» diýeni henizem ýadymda. Indi pikir edip otursam, şol sözler maňa sungatyň inçe ýoluny içgin öwrenip, sahna çykmazdan öňinçä, janlandyrjak keşbimiň dünýäsi bilen ýakyndan tanşyp, şonda özümiň ýaşap ýörmegime getiripdir. Halypalaryň pentlerine ömür örküni örklän şägirt durmuşda üstünlige, rowaçlyga eýe bolýar. Halkyň kalbynda ebedilik orun alan halypalaryň aýdan aýdymlaryny döredijilikli, täsirli ýerine ýetirýän, olaryň sahnada janlandyran keşplerinde zehinli çykyş edýän şägirtlere sungat öz dünýäsinden aýratyn orun berýär.

Hoş owazly kalp

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dikeldilen «Şasenem—Garyp» operasynda Şasenemiň, «Zöhre—Tahyr» operasynda Zöhräniň keşbini janlandyran Bibijemal Amanowada bu dessanlarda waspy ýetirilýän türkmen gözelleriniň ajaýyp häsiýetlerini görmek bolýar. Kalbynyň töründen çykýan hoş owaza zehinini, yhlasyny, zähmetini siňdirip, belent heňli aýdymlary halka ýetirýän aýdymçy zenan, operada sesiň tutýan orny barada gürrüň berdi.

Bibijemal AMANOWA:

— Köpöwüşginli sungatyň dürli ugurlaryny özünde jemläp, bitewi sazlaşygy döredýän opera sungatynda ýerine ýetirilýän aýdymlaryň belent äheňi içki dünýämiziň joşgunyndan ýüze çykýar. Operada ses dury, owadan, timarlanan bolsa, aýdyň hem sazlaşykly ýaňlanýar. Hut şonuň üçinem zehiniňe yhlasyňy, zähmetiňi siňdirseň, sungat seni kämil menzillere atarýar. Sesi näçe kämilleşdirseň, şonça-da sungatyň syrly dünýäsi seni öz goýnuna dolap alýar. Sazlaşyklylygy özünde jemleýän operada owazlaryň ruhy häsiýetini duýmak bolýar. Aýdymçynyň sesiniň täsirliligi ýokary bolanda, tomaşaçy gahrymanyň ruhy ahwalyna oňat düşünýär. Opera sungatynda saz bilen sözüň baglanyşygy, gahrymanyň häsiýeti, hatda sahnada ýerine ýetirilýän hereketler-de sesiň üsti bilen görkezilýär. Muňa mysal hökmünde «Şasenem—Garyp» operasynda Şasenemiň keşbinde söýgä wepalylyk, mähirlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri görkezmek bolar. Sözümiň şu ýerinde Şasenemiň ariýasyndan bir bölek ýerine ýetireýin:

Meniň ýarym gitdi Halap-Şirwana,

Ygtykat etmedi ähti-peýmana,

Indi senden sorag salsam gaýbana,

Tüni derýa, senden Garyp ötdümi?

«Tüni derýa» atly bu halk aýdymyny halypalar bilen bir hatarda ýaş zehinli aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde halkymyz uly höwes bilen diňleýär. Bir zady aýratyn nygtasym gelýär. Durmuşda ähli zadyň bir şahadan gözbaş alyp gaýdyşy ýaly, men hem opera sungatyna halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen aralaşdym. Sebäbi halk aýdymlarynda halkyň milliligi, kalbynyň özboluşly owazlary jemlenen.

Dünýäde ýaňlanýan sungat

Ynsanyň içki dünýäsine, inçe duýgularyna örän çuň täsir edýän opera sungatynda hoş owazy bilen halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan Bibijemal Amanowa daşary ýurt operalaryndan birnäçe ariýalary, romanslary, şeýle-de wokal aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetir- ýär. Sungatyň diliniň ähli halka düşnüklidigini nygtaýan aýdymçy zenan birnäçe döwletlerde joşgunly aýdymlary bilen çykyş etdi.  

Bibijemal AMANOWA:

—Ýer ýüzüniň halklaryny bir ýere jemleýän sungatda köpöwüşginlilik öz beýanyny tapýar. Dünýä medeniýetinden gözbaş alýan milli opera sungatymyz döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Italýan kompozitory J.Werdiniň «Rigoletto» operasyndan Jildanyň, P.I.Çaýkowskiniň «Iolanta» operasyndan Iolantanyň, şeýle-de J.Puççininiň «Toska» operasyndan Toskanyň ariýalaryny we duýetlerini ýerine ýetirýärin. Daşary ýurt opera aýdymlaryny ýerine ýetirmegim olaryň özboluşlylygy bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz dünýäde barha dabaralanýar. Biz medeniýet we sungat işgärlerine milli sungatymyzy dünýä halklaryna ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Maňa-da Russiýa Federasiýasynda, Malaýziýa döwletinde, Hytaý Halk Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Ermenistan Respublikasynda öz aýdymlarym bilen çykyş etmek bagty miýesser etdi.

Döwrüň belent ruhy

Halkymyzyň uly höwes diňleýän «Gel, Türkmenistana!» atly aýdymynda:

Dört pasly bahar ýazly, ýazly,

Ülke göreýin diýseň.

Dört pasly aýdym-sazly, sazly,

Ülke göreýin diýseň.

Gel, gel, Türkmenistana!

Baharystana gel! —diýip, mähriban Watanymyzyň görkanalygyny joşgunly owazy bilen wasp edýän Bibijemal Amanowa halypalaryň ýoluny üstünlikli dowam edip, milli we dünýä opera sungatynyň inçe syrlaryny talyplara öwretmekden ruhy lezzet alýar. 

 Bibijemal AMANOWA:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gözelliginden egsilmez ylham alyp, millilikden gözbaş alýan opera sungatymyz döwrebap eserler bilen baýlaşdyrylýar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda goýlan «Nejeboglan» atly täze döwrebap operada Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem üstünlikli çykyş etdiler. Şägirtler bilen halypalaryň bir sahnada çykyş edip, halkyň gyzgyn elçarpyşmalaryny gazanmagy bizi buýsandyrýar.

  «Şasenem—Garyp», «Zöhre—Tahyr», «Leýli—Mežnun», «Görogly», «Magtymguly» «Ýusup—Züleýha» ýaly birnäçe operalarymyz täzeden dikeldildi. Yurdumyzda halypa-şägirtlik mekdebine uly üns berilmegi netijesinde, ady agzalan operalarda baş keşpleri ýaş zehinlerimiz ýerine ýetirýärler. Ýaşlaryň döredijilik äleminde gazanýan üstünliklerine guwanyp, halypalaryň nusgalyk sungat ýoluny şägirtleriň dowam etmegine goşandymy goşýandygyma buýsanjymyň çägi ýok.

Milli opera sungatymyzyň kämil menzilleri nazarlamagyna, halypa-şägirtlik mekdebiniň döwrüň belent ruhy bilen sazlaşmagyna döredýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA