ARTISTLERIŇ DURMUŞYNDAN

Bir gün artist Çary Hommadowa kärdeşi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Juma Kowusow:

— Çary, pylany menden karz pul soraýar welin, bersemmikäm, bermesemmikäm, sen ony maňa garanda has içgin tanaýarsyň? — diýip sorapdyr.

Çary aga:

— Juma jan, sen şoňa pul beräýsene! Sen bermeseň hem, barybir ol ertir menden sorar — diýip jogap beripdir.

«8-nji mart nirede?»

Çary Hommadow dagy Mara iş saparyna gitmeli bolupdyrlar. Marynyň demir ýol menziline baranlarynda bu ýere näbelediräk ýigitleriň biri, olaryň ýanyna gelip:

—    Agam, 8-nji mart nirede bolýar-a? —    diýip sorapdyr. Çary aga onuň näme diýmekçi bolýandygyna düşünse-de, bilmezlige salyp:

—    8-nji mart senenamada, 7-nji mart bilen 9-njy martyň aralygynda ýerleşýär —    diýip jogap beripdir.

Degişmä düşünen ýigit olaryň hem bu ýerik myhmandygyny aňlap, ýylgyrypdyr. Ya-da Çary aganyň agtygynyň doglan güni ýetip gelipdir. Ol işe gitmeziniň öň ýany agtygyna seredip:

—    Köşegim, saňa doglan günüňe sowgatjyk alaýynmy ýa-da?.. — diýenden agtygy «ýa-dany» üýtgeşik bir sowgatdyr öýdüp, howlugyp:

—    Ata maňa «ýa-da» sowgat beräýsene — diýip jogap beripdir

«Gaýnag suw guýulmasa sükür et...»

Bir gün Potdyş Tikgä:

—    Tikgi, seni görsem üstümden sowuk suw guýlan ýaly bolýar — diýip, degişmek isläpdir.

Tikgi:

—    Bolýa-la, Potdyş han, şu yssy howada gaýnag suw guýulmasa şükür et — diýip jogap beripdir.

«Oňam bergisi bardy»

Apaň-apaň basyp gelýän Potdyşy gören Tikgi:

—    Potdyş, seni görsem edil Çepbäni gören ýaly bolýaryn — diýipdir.

Potdyş:

—    Tikgi dost, näme, meniň Çepbe bilen göwräm meňzeşmi, häsi- ýetim meňzeşmi, ýa sesim meňzeşmi? Çepbe nire, men nire? — diýip sorapdyr. Tikgi:

—    Çepbäniňem seniň maňa ik ýüz manat bergiň bolşy ýaly, iki ýüz manat bergisi bar — diýip ýylgyrypdyr.