Goşa Japarow

Goşa Japarow aýna ýaly tämiz ýoda bilen adaja ýöräp gelşine, birdenkä saklandy. Ne sebäbe saklananynam birbada bilmedi. Töweregine göz aýlap, üsti saýaly boş oturgyçlaryň birine çökdi. Elindäki gazet düýrmesini, gaýyş elbukjasyny gapdalynda goýdy. Sülmüreşip oturan gelin sypat sargylt ýaprakly leýlisaçlar... Çaklaňja atyzlarda açylyşyp oturan al-elwan güller... gezim edip ýören geýnüwli ýaşlar... Köçäniň aňry ýüzünde köp gatly äpet jaýlar... Bulary görse-de häzir ol nämäniň pikirini edýänini aňşyranokdy. Ýadawdy. Ýap-ýaňyja ol taýýarlyk zalynda-da beýle däldi. Ol ýerde onuň häzir syzlaşyp duran çygly sözen ýaly boldumly gollary çig ýüpek kimin tolkun atyp, dürli-dürli şekiller ýasaýardy. Şu wagt az-owlak syrkyraýan aýaklary taýýarlyk zalynda başam barmagyň üstünde ýöreýärdi. Edil şu wagt ol bäş minut mundan öňküsine asla meňzänokdy. Altmyşdan habar berýän çyzyk-çylgymlar onuň meňzini neneňsidir birhili agras görkezýärdi. Arkan basylan tämiz ak saçy şindiz nury öçmedik goýun gözleri hem häzir oňa gojalyk keşbini berýärdi. Eýsem, bu nämedenkä?!

 Nämeden bolar öýdýäňiz, az wagtlyk argynlykdandy. Daş-töweregindäki enaýylyklara täzeden göz aýlanda, ol birhili ukudan açylan ýaly boldy, pähimini durlady. Şol wagtam onuň oturan ugry bilen bir eneke bir topar çülpe çagany yzyna tirkäp geçip gitdi. Gül-gunçalaryň arasy bilen elwan güllere meňzäp barýan şol mährem körpeler onuň argynlygyny aýryp, çagalygyny ýadyna saldy... 

 ...Büzmeýiniň etegindäki obada dünýä inen, ylgap ýören türkmen biçüw balaklyja, ezýaka biýz köýneklije, el-aýagy çorluja, çirtmek bilen serçe awlap ýören Öwezgoşa eýsem ýaky geçip gidenleriňki ýaly çagalygy görüpmidi? Ýok, eger-eger, gör nire? Ol ilikli serpme ýaka köýnegi, bagjykly gara köwşi hem Aşgabatdaky görelde mekdebine getirilenden soň görüp galdy ahyryn. Mekdep, şäher onuň gözüni açdy. 

Şolar ýaly täsin çagalyk dünýäsiniň bir gününde-de Öwezgoşalaryň mekdebine bir topar nätanyş adam geldi. Olar okuwçy saýlamaga geldipdirler. Ynha-da, synag başlandy. Öwezgoşa gezek geldi. Sowal-jogap başlandy.

-    Seň adyň näme üçin Öwezgoşa?

-    Bilemok. 

-    Al, onda şuny – synagçylaryň biri bulgury suwdan püre-pür 
doldurdy. – Hol işige çenli äkit, soňam getir-de şu taýda goý. Bol bakaly. Ýekeje damja damaýmasyn.

Öwezgoşa doly bulgury işige eltip getirdi-de, stoluň üstünde goýdy. Bulgurdan ýere ýekeje damja suw dammady. Şeýdip ol kyn synagdan geçdi. Topar agzalary onuň adynyň näme üçin Öwezgoşadygyny, bulgury äkidip-getirende çep elini ýaşyrandygyny bilmän galdy. Öwezgoşa-da nähili okuwa äkidilýändiginden bihabardy. Agalaryna-da ol “Meni Türkmenbaşa (şol wagtky Krasnowodskiý) okuwa iberýärler” diýipdi. Uzak-uzak menziller sökülip, Moskwa barylýança-da Türkmenbaşa barýandyryn öýdýärdi. Ýeri, bolmanda Öwezgoşajyk Leningrad, onuň A.Waganowa adyndaky akademiki horeografiýa mekdebini çaga beýnisi bilen nireden bilsin ahyry? 

 Onuň Öwezgoşa adynyň näme sebäbidiginem şu ýerde bilip galdylar. Onuň çep eliniň iki barmagy goşady. Bu çaganyň zehinine göz ýetiren mugallymlara ýaramady. Oglan saz çalmagy gürrüňsiz öwrenäýmelidi. Onuň goşa barmagyny operasiýa etdiräýmelidi. Onuň goşa barmagyny operasiýa etdirdiler, goşa barmaklar aýryldy. Ýöne onuň ady welin Öwezem aýrylyp, Goşa bolup galdy. Indi onuň on barmagynyň onusam pianinonyň akly-garaly jäjekleriniň üstünde çalasyn bökjekleýärdi. Tans edişem gün geldikçe timarlanýardy. Goşanyň çaga erjelligi, ähli zady biljek bolup ymtylyşy mugallymlaryny haýran galdyrýardy. 

Eýsem-de bolsa, Goşa çagalyk hakda näme üçin aýratyn kän oýlanýarka. Megerem, bu baletiň çagalykdan başlanýanlygyndandyr. Bu inçe sungat çagalykdan, onda-da çagalygyň irki basgançagyndan gözbaş alyp gaýdýar. Çagalyk süňküň, tutuş bedeniň tansa ýugurmaly. Şeýdibem tansçy bolmaly. Onda-da bagtyň çüwse. “Bagtyň çüwse” diýen jümle-de özünde kän manyny jemleýär: erjellik, ukyp, höwes, ynam... Bagty şular ýaly taraplaryň bilen özüň çüwdürmeli. Şol gezek Goşa dagy bilen okuwa äkidilen onlap çaganyň ählisi tansçy bolup ötägitmedi ahyryn. Şolaryň hataryndan diňe Goşa Japarow bilen Zoýa Tuhwatullina mekdebi gutardy. Şeýdip hem ilkinji ýokary (professional) türkmen tansçysy bolup goşa Japarow sahna çykdy.

....Türkmen opera we balet teatrynyň açylyp, işe başlan uçurlary kadrlaryň ýetmezligi topary köseýärdi. Goşanyň ýüki mazaly ýetikdi. Ol hem balet spektakllaryny goýýardy hem olarda baş gahrymanlaryň keşplerini oýnaýardy. Ol ilkinji türkmen baleti “Aldar kösäni” sahnada goýdy. Özem Meredi oýnady. “Akpamyk” baletiniň librettosyny ýazdy. Soň ol baleti sahnalaşdyrdy. Özem baletiň baş gahrymany bolup sahna çykdy. Opera spektakllarynyň tanslaryny goýmagam onuň paýyna düşýärdi. Iş ýeňil däldi. Ýöne sungatyň hatyrasyna agyrlyga döz gelmelidi. Daňatar Öwezow, Hydyr Allanurow, Welidir Nury Muhadowlar ýaly kärdeşleri hem ony ýerli-ýerden goldaýardylar. Galyberse-de, meşhur Stanislawskiniň sen sungatda özüňi söýme-de, özüňdäki sungaty söý diýen sözlerindäki many onuň beýnisinde çagalykdan bekäpdi. 

 Ýaşadygyça adamyň akyly goýalyşýar, bilmeli, öwrenmeli zady köpelýär. Adam düýnki gününe göz aýlaýar welin, eden işi şu gün üçin ujypsyz görünýär duruberýär. Öz ýetmezini, nämäniň gerekdigini duýýar. Goşa-da ony bada-bat duýdy: “Sen indi bu işe ulaşdyň. Ulaşsaň, ulaşan şekilli bolmaly. Bujagaz çäklije bilimiň bilen alan ýoluň bolmaz. Okamaly, öwrenmeli, bilmeli!”. 

...Moskwa. Döwlet teatr sungaty instituty. Ynha, ýene täze bir kötelli ýol! Institutyň baletmeýstrlik bölümine okuwa baran Goşa Japarow SSSR-iň halk artisti, professor Radislaw Zaharowyň ussahanasyna düşdi. Onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Meşhur ussatdan tälim alyp bolsa neneňsi gowy zat. Ýöne ol adamyň synagyndan geçmek çagalygyndaky ýaly bir bulgur suwy işikden-töre eliňi titretmän eltip-getirmek däldi. Onsoňam onuň synagy bir günüň synagy däl-de, bäş ýylyň synagydy.

Uzak ýol başlandy. Goşanyň üşügine, misilsiz ukybyna, aýratynam duýgurlygyna professoryň göwni ýetýärdi. Emma ol Goşa duýduranokdy. Goşa näçe duýgur bolsa-da, Zaharowyň özüne garaýşyny uzak wagtlap aňyp bilmedi. Sapak wagtlary şunça synlaýardy, mesaýy gürrüňçiliklerde onuň “agyzny ysgap” görýärdi. Ýöne professoryň pikirini garaýşyndan “okamak” juda çetindi. Şonda tälim isläp, bilim diýip gelen Goşa Japarow  öz-özüne ýüzlenerdi: “Zeleli ýok, men bir elimde barymy edeýin. Öwrenişimden göwnüm suw içýär, onuň pikirinem görüberdikdä, ahrynda ýa eýläk, ýa beýläk, birden bir-ä bolar. Sabyr et, Goşa, oka, öwren!”.

Uzagyndan professoryňam ozalky ýüzi açylyşdy, dili süýjäp ugrady. Dagy näme, hakyky halypanyň zehinli şägirde gatnaşygy şeýle bolmaly dälmi eýsem! Näzeýillem bolsa, barybir Goşa Japarow tä instituty gutarýança meşhur halypanyň sungat, ussatlyk babatdaky aýlaw-öwrümleriniň içinde gaýnady, onuň gizlin syrlaryny almany başardy. Okuwyň tamamynda Zaharow Goşanyň elini gysyp ýylgyrdy: “Bolsa-da, ýeser oglan ekeniň, gezek gelse sen aljak. Men öwünmesemem, ilkinji türkmen baletmeýstrini ýetişdirdim diýip bilerin.  Käriň gutly bolsun. Ýöne ahmal bolmagyn, sungatyň aňry serheti ýokdur, tä ömrüň ötýänçe öwrenmeli, bilmeli, bilmedigiňem soramaly bolarsyň!”.

 Ynha-da ilkinji professional türkmen baletmeýstri Goşa Japarow. Ilkinji tansçy, ilkinji baletmeýstr! Yzynda durup bolsa, gaty belent owazly sözler. Durmaly bolar, halypaň hatyrasyna, sungatyň hatyrasyna, öz borjuň hatyrasyna onuň yzynda durmaly bolar...

 Ynha, onsoň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet opera we balet teatrynyň balet spektakllarynyň afişalarynda “baletmeýster Goşa Japarow” diýen ýazgy yzly-yzyna peýda bolup ugrady. Opera spektakllarynyň meýilnamalarynda-da tanslaryny goýan Goşa Japarow diýlip ýazyldy. Aýtmak, ýazmak şeýle bir kyn zat däldi. Ýöne şol işleri bitirmek welin, iňňe bilen guýy gazana barabardy. 

 “Aldar köse”, “Bagt”, “Gumdan tapylan ýürek”, “Çöl mukamy”, “Mähirli jadygöý”, “Täsin tebip”, “Guw köli”, “Žizel”, “Tupanly ýol”, “Korsar”, “Gülşen”, “Esmeralda”... Hemmesimi? Ýok. Entek olar gaty kän. Şular ýaly baletleriň uly toplumy Goşa Japarowyň zehini, zähmeti bilen türkmen teatrynyň sahnasyna çykdy. Operalaryň hem ählisiniň diýen ýaly tansyny Goşa Japarow goýdy. 

Diňe bir teatrdaky iş däl. Etraplaryň çeper höwesjeňlerini gözden geçirilişlere, festiwallara taýýarlamaly bolsa-da, ýet Goşa Japarow diýilýärdi. Onuňam ýogy ýok, ýetmelidi, ýetişmeli bolýardy. Halaç, Tagta, Kerki, Saýat... ýaly etraplaryň höwesjeňleri onuň goýan tanslary bilen uly abraý gazandylar. Moskwada geçirilen Olimpiýa-80-de türkmenistanlylaryň görkezen “Halklaryň dostlugy” tomaşasyny taýýarlamaga-da Goşa Japarow ýolbaşçylyk etdi. 

Hawa, Goşa Japarowyň balet sungatynda – tansda-da, baletmeýstrlikde-de gürrüň edilse, “ilkinji” diýlip ady tutulýar.Ol muňa guwanýardy.Şol guwanç duýgusyndan eseliberjek bolan halatynda-da Goşa Japarowyň gulagynda halypasy Zaharowyň soňlanmadyk sözleri ýaňlanýardy: “Ahmal bolmagyn, sungatyň aňry serheti ýokdur...”.

 

Ýazmyrat BELLIÝEW.