Muhammet BEKIÝEW

— Megerem ynsan durmuşyny kitapsyz göz öňüne getirip bolmasa gerek. Kitap paýhas çuňlugy bolup, okyjyny biri-birinden gyzykly wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Käwagt bir gezek okan kitabyňy täzeden ele alyp, onuň sahypalaryny täzeden agtaranyňy-da duýman galýarsyň.

Özüm barada aýtsam, taryhy-ylmy eserleri okamagy halaýaryn. Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna sowgat eden «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserlerini birnäçe gezek okadym. Bu eserleri näçe okadygyňça, paýhasyň durlanyp, milli we ruhy gymmatlyklarymyza buýsanjyň artýar.

Artist hökmünde dünýä edebiýatynyň nusgawy edebiýaty bilen içgin gyzyklanýaryn. Rus nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň okyjylara miras galdyran ajaýyp goşgulary häli-häzirem özüne çekýär. Olaryň goşgularyny rus we türk- men dillerinde okadym.

Häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň döreden biri-birinden manyly hekaýalarydyr goşgulary-da iň köp okaýan eserlerim. Aýratyn-da, ýazyjy K.Kulyýewiň hekaýalaryndaky beýan edilýän wakalar has täsirli. Ýazyjy A.Taganyň oba durmuşyndan ýazan eserleri hem köpleriň ünsüni çekýär. Belli şahyrlarymyz A.Agabaýewiň, A.Atabaýewiň dö- redijilik äleminiň çuňlugy bilen tanyşmak — olaryň goşgularyny okamak ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Häzir «Asyrlaryň paýhasy» diýen kitaby okaýaryn. Bu kitapda asyrlaryň dowamynda ýaşap giden akyldarlaryň dana sözleri beýan edilýär. Okamak — öz-özüňi kämilleşdirmek. Şol sebäpli gyzykly kitaplaryň gözleginde bolýaryn. Olary içgin öwrenýärin. Bu bolsa meniň söýgüli kärimde döredýän dürli häsiýetli gahrymanlarymyň keşbiniň has ýatda galyjy bolmagyna-da täsir edýär.