Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Seýitnepes Nepesow

       Sazlaşykly bitewi topary döredýän artistler, dirižýorlar, ho- reograflar, lybasçylar sahnany janlandyryp, ony beýik sungata öwürýärler. Biz — tomaşaçylar hem ajaýyp owadanlyga goşulmak üçin sahna tomaşa etmäge gelýäris. Ol bizi beýgeldýär, ganatlandyrýar, ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Seýitnepes Nepesow ajaýyp (diňe tans etmek we üm hereketi arkaly ýerine ýetirilýän sazly teatral oýun) artisti, horeograf, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Yörite sazçylyk mekdep-internatynyň horeografiýa bölüminiň halypa mugallymydyr. Ol Türkmenistanyň horeografiýa sungatyna uly goşant goşdy. Mag- tymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda 30 ýyldan gowrak P.I.Çaýkowskiniň «Guw köli», Ç.Nurymowyň «Köýten nalasy», D.Nuryýewiň «Nusaý», A.Kulyýewiň «Gumdan tapylan ýürek», A.Agajykowyň «Pöwrize» atly sahna eserlerinde tanslary ýerine ýetirdi.

Ol özüniň içki sahna medeniýeti, ajaýyp başarnygy, örän oňat böküşi bilen tomaşaçylaryň ünsüni çekýär. L.Minkusyň «Don Kihot» oýnunda onuň ýerine ýetiren Gamaşyň keşbi tomaşaçylaryň ýadyndadyr. Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa: «Seýit ajaýyp, özboluşly tansçydy. Onuň ussatlygy ýeňillik, ot ýaly bolmagy hemişe güýçli el çarpmalary gazanýardy» — diýip, ýatlaýar.

— Durmuşymy düýbünden özgerden ykbalymy ýa-da aýratyn bir ýagdaýymy bilemok. Moskwanyň horeografiýa uçilişesinde okan ýyllarym çalt geçip gitdi. Maňa bu ýerde birnäçe ussat mugallymlardan sapak almak nesip etdi. Olar saýlan käriňi söýmegi, sabyrlylygy, yhlasly işlemegi öwretdiler.

Meniň halypam Moskwanyň Uly teatrynyň ençeme ussatlaryny taýýarlan meşhur Pýotr Antonowiç Pestow boldy. Ol bize saz diňlemegi, okamagy, pikirlenmegi öwretdi. Her bir hereket, her bir üm manyly bolmalydyr. Bu ýerde tertip-düzgün gaty berkdi. Okuw sekiz sagat dowam edýärdi, soňra Uly teatrda taýýarlyk başlanýardy. Biz okuwçylary bu ýerdäki sahna oýunlaryna goşýardylar. Men P.I.Çaýkowskiniň «Şelkunçiginde» hemme syçanjyklaryň, esgerjikleriň we beýlekileriň tanslaryny ýerine ýetirdim. Sahnada tanymal artistler bilen çykyş edýärdik, olara hormat bilen seredýärdik, biz üçin olar asman ýaşaýjylary ýaly bolup görünýärdi.

1965-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň (öňki Magtymguly adyndaky opera we balet teatry) balet toparynda işe başladym. Ol wagtlar teatryň ýokary derejä galan döwrüdir. Bu ýerde teatryň baş baletmeýsteri Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Goşa Japarow, Aleksandr Sonin, Kerim Nyýazow, Lidiýa Kond- ýukowa, Nina Radkina ýaly halypalar işleýärdiler. Şol döwürde Gülbahar Musaýewa, Gözel Hummaýewa, doganlar Yusup we Ahmet Pürsiýanowlar, Wiktor Sopkin, Baba Garahanow dagy bilen hem işleşmek miýesser etdi.

Her bir sahna oýny biz üçin aýratyn hem ýeke-täkdi. Her çykyşa uzak wagtlap taýýarlyk görýärdik. Sahna çykmazdan öňki tolgunma, gahrymanlaryň keşbine bolan söýgümiz tomaşaçylar zalynda öz goldawyny tapýardy.

1976-njy ýylda baletmeýster Genrih Maýorow Karen Haça- turýanyň sazyna «Çipollinony» sahnalaşdyrdy. Maňa graf Üljäniň keşbi tabşyryldy. Örän zehinli sazly, ýatda galýan täsin sahna eseri. Biz uly ruhlanma, joşgun bilen taýýarlandyk. Onuň ilkinji görkezilişi ýurdumyzyň medeniýet durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

1986-njy ýylda D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde täze açylan halk tanslary bölümine ýolbaşçylyk etdim. Talyplarymyz Minskde, Yerewan, Perm şäherinde, Kişinýowde horeografiýa ugrundan geçirilýän Bütinsoýuz we halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Aýratyn hem Minskde 1992-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen Halkara festiwaly has uly göwrümlidi. Bu ýere Orta Aziýanyň we Kawkazýaka, Baltiýa ýurtlarynyň, Moskwa we Sankt-Peterburgyň horeografiýa uçilişelerinden gatnaşyjylar ýygnandy. Biziň talyplarymyz hrustal heýkeljige we üçünji orna mynasyp boldular. Mahmud Esenbaýewiň elinden diplom almak biz üçin uly bagtdy.

Biziň bölümimizde öz hünärine ökde G.G.Aşyrowa, S.S.Gumiskaýa, J.R.Annanyýazowa, şeýle hem uçurymlar Y.Seýitkulyýewa, S.Gurbanow, A.Ballyýewa, M.Çolukow mugallymçylyk edýärler. Tans bölümine on ýaşly çagalary kabul edýäris. Çaga sekiz ýyllap saz sungatynyň ojagynda terbiýe alýar, olara öz üstünde köp işlemekligi öwredýäris. Sebäbi ussatlyk bolmasa sungat, sungatsyz hem ussatlyk bolup bilmeýär.

Mekdebimiziň okuwçylary sapaklaryndan daşary baýramçylyk çärelerinde, teleýaýlymlarda hem çykyş edýärler.

Güneşli ülkämiz, agzybir halkymyz, owadan binalar, teatrlardyr muzeýler, okuw mekdepleri, seýilgähler we dynç alyş merkezleri meni guwandyrýar. Biziň mekdebimizde geljekki sazandalary, tansçylary terbiýelemek üçin hem ähli şertler döredilen.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda günsaýyn özgerýän Garaşsyz ýurtda ýaşaýandygyma, işlemäge höwesimiň we güýç-kuw-watymyň bardygyna begenýärin — diýip, halypa söhbetdeş bo-lanymyzda gürrüň berdi.

Artist hemişe artistligine galýar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Seýitnepes Nepesow hem ömrüniň köp bölegini tansa hem-de şol tansyň dowam etmegine bagyşlan ynsan.

Seýitnepes Nepesowa ýurdumyzyň tans sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine goşan saldamly goşandy üçin 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly at dakyldy.  1996-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy.

 

Margarita KAS, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň sazşynas-mugallymy