Türkmenistanyň at gazanan artisti Öwez Hudaýgulyýew

      Döredijilik zehini açylan hakyky sungat ussatlary islendik durmuş meselesine hem şeýle jaýdar jogaby beräýýärler. özlerem şol meselä diňe üşüklilik nazaryny aýlap, hiç hili kynçylyk çekmezden dogry çözgüdi tapmagy başarýarlar. Bu hadysa sungat äleminiň hut durmuşdan alnan parçalarydygy, oňa bolsa sungat ussadynyň ezberlik bilen erk edýänliginiň alamaty bolsa gerek. Biz hem halkymyzyň arasynda teatr hem kino sungatynda döreden ajaýyp keşpleri bilen adygan Türkmenistanyň at gazanan artisti Öwez Hudaýguiyýew bilen bolan söhbedimizi size ýetirmegi makul bildik.

—    Ykbalyňyzy teatr sungatyna baglamagyňyzyň sebäpleri hakynda aýdaýsaňyz?

—    Men käbir sungat adamlary ýaly, «Bu käri çagalygymdan bäri arzuw edýärdim» diýip, aýdyp biljek däl. Çaga wagtlaryň mugallymyň käbäň eneňden soň mähriban adamlaryň birine öwrülýär. Her bir işde, her bir hereketde oňa meňzemäge çalyşýarsyň. Şonuň üçin men hem, edil beýlekiler ýaly, ukybymyň, isleglerimiň nirä gönükjekdigine parh etmezden, mugallym bolmagy arzuw edipdim. Emma durmuşyň bir çetinden girip ugraňsoň welin, seni durky bilen özüne bendi edýän başga hünärleriň hem bardygyna akyl ýetirýärsiň.

Teatr sungatynyň bir çetinden ätlemäge iteren hadysa bolsa, meniň hemişe tomaşa edýän teatr sahnalarymda gahrymanyň ornuna özümi goýup görmek endigimiň bolandygy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Şeýdip gahrymanyň ruhy dünýäsine girýärdim-de, hut onuň özüne öwrülýärdim. Soňabaka öz-özüme «Näme üçin synanyp görmeli däl?!» diýen sowaly bermäge başladym. Diňe artist bolmalydygyma öz-özümi ynandyrdym. Bu käre bolan söýgim hem höwesim bolsa, gün-günden güýjedi.

Şeýlelikde, men Daşkendiň teatr we çeperçilik institutyna okuwa girdim. Ol ýerde halypalardan tälim alamsoň, okuwymy tamamlap, häzirki Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işe başladym. Şondan bäri hem bu ýerde ençeme keşpleri döredip, sahnada halkymyza hyzmat edip gelýärin.

—    Artist sahnada keşp döredende, oňa tomaşaçynyňda täsiri bolýarmy?

—    Elbetde, täsiri bolýar. Biz — artistler sahnada haýsydyr ýazylan wakany öňden oýlanyşylan taýýarlyk esasynda ýöne janlandyrmagy däl-de, esasan, tomaşaçynyň içki dünýäsine aralaşmagy göz öňünde tutýarys.

Sahnada keşp döredýärkäň, oňa tomaşaçynyň parhsyzdygyny duýaýsaň, aýtmaly sözleriň, açyp görkezmeli ruhy keşbiň başyňdan duw-dagyn bolýar. Şeýle halatda hem ýalňyşman, sözle- riňi gaýtalamaly hem egsik gaýdan ýerleriň hakynda oýlanmaly. Şonda jylawyňy elden bermän, aljyraman, baş alyp çykmasaň, gaty kyn ýagdaýa düşýärsiň. Sebäbi sende bolýan özgerişligi tomaşaçy derrew aňýar.

Eger tomaşaçynyň sahnada janlanýan wakalara tutuş düýrmegi bilen girip, seniň bilen deň şatlanyp, deň gamlanyp oturanyny duýsaň welin, bar zat başgaça bolýar. Özüňde peýda bolan gujuryň, joşgunyň, ylhamyň ni- reden gelenini hem duýmarsyň. Zehiniňi jomartlyk bilen tomaşa- ça eçilersiň.

—    Siz, köplenç, agras keşpleri döredýärsiňiz. Munuň öz häsiýetiňiz bilen dahylly ýeri-hä ýokdur?

—    Dogrudan-da, hemişe diýen ýaly agras häsiýetli keşpleri janlandyrýaryn. Ýöne ilkinji gezek «Babagammar» spektaklynda Babagammaryň, şeýle-de «Gumly gelin» spektaklynda Çörli aganyň keşbini janlandyrypdym.

Babagammar şahandaz, il-ulsy aýdym-sazy bilen ruhlandyryp, şatlyk paýlap ýören adam. Çörli aganyň keşbem gülküli keşpleriň biri. Meniň ähli güýjümi, ukybymy sarp edendigime garamazdan, döreden bu keşplerimde birazajyk agraslygyň agdyklyk edýändigi hakynda aýdypdylar.

Emma «Jelaleddin» spektaklynda Jelaleddiniň, «Watan hakda üç aýdym» spektaklynda Çopan kiriň, «Ýurt» spektaklynda Magtymgulynyň, «Mollanepes» spektaklynda Gowşut hanyň, «Nusaý söýgüsi» spektaklynda Sürün begiň keşplerini hem-de şuňa meňzeş birnäçe keşpleri janlandyranymda, bu keşpleriň diýseň ýerine düşendigini aýtdylar.

Artist hökmünde islendik häsiýetdäki keşbi hem janlandyryp bilermikäm diýýärin. Ýöne tebigatym agras bolandanmy nämemi, agras häsiýetdäki keşpleri janlandyrsam, has göwnejay bolýar.

—   Hakyky artist hökmünde kämilleşmekde halypalaryňyzyň hem hyzmaty bolandyr?.

—    Halypalaryň kämil döredijilik ýoluny geçmezden, hakyky artist bolmak asla mümkin däl. Olaryň uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribeleri biz üçin ullakan mekdep bolup durýar. Olaryň edýän bellikleri, berýän öwüt-nesihatlary biziň kämilleşmegimiz, bu jogapkärli hünärde taplanmagymyz üçin deňsiz-taýsyz mekdep bolmagynda galýar. Türkmenistanyň halk artistleri Hommat Müllük, Ogultäç Hanyýewa, Öwez Gelenow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazdurdy Meredow ýaly ussat artistleri özümiň halypalarym diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Olar elimden tutup, «Ony eýtmeli», «Muny beýtmeli» diýip, öwretmedik bolsalar hem, özleriniň ýerlikli bellikleri bilen kemçiliklerimiň üstünde işlemäge maňa uly goldaw beripdiler.

Teatrda, köplenç, ýaş artist halypanyň her bir hereketini gözden salman, öz üşükliligi bilen ondan tälim alýar. Ussat halypa Hommat Müllügiň, onuň özüne duýdurman, hereketlerine içginlik bilen ser salyp, şoňa meňzemäge çalyşýardym.

—    Siz kino sungatynda-da öz zehiniňizi synap görüpsiňiz...

—    Hawa, kino surata düşmegiň okuw döwründäki synaglary ýatladýandygyny hem aýdasym gelýär. Wakalaryň nähili ýagdaýda bolup durandygyny diňe göz öňüňe getirip, keşp döretmeli bolýar. Synaglaram edil şonuň ýalydy. Eliň hiç zatsyz haýsydyr bir wakany ynandyryjy suratlandyrmaly bolýardy.

Men «Muňa durmuş diýerler» filminde Wepa aganyň, «Gedaý bagşy» filminde Paýradanyň, «Ykbal ýollary» filminde Aman aganyň, «Täsin syýahat» filminde Baýandaryň, «Bugdaý sümmül bolanda» filminde Berdi golagyň, «Mukam» filminde Işan aganyň keşplerini janlandyryp, surata düşdüm. Has hem «Ykbal ýollary» filmindäki Aman aganyň keşbi şowly çykdy.

—    Häzirki wagtda-da teatrda, kinoda täze keşpleriň üstünde işleýän bolsaňyz gerek?

—    Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny has çuňdan öwrenmek, ony dünýä ýaýmak maksady bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyrmagynda «Magtymguly» spektakly goýuldy. Men onda Magtymgulynyň ruhy, ylhamy ýaly bolup hereket edýän derwüşiň keşbini janlandyrdym. Spektakl ylahy, ruhy hadysalara baýlygy bilen özüne çekýär.

Kino sungatynda-da täze goýlan «Magtymguly» filminde Magtymgulynyň medresedäki mollasynyň keşbini döretdim. Bu keşplerim hem ynandyryjy, şowly bolup çykdymyka diýýärin.

—    Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Geljekde-de Size bu ugurda has ajaýyp keşpleri döredip, sungat äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin!

—    Sag boluň! Biz — sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň elmydama jany sag, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun!

 

Söhbetdeş bolan Ýazbibi RASULOWA