Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gapbar Hümmedow

    Halypa-şägirtlik ýoly bagtyýarlyk döwrümiziň ruhuna bap bolmak bilen, ol hünär kämilliginde, şeýle hem ýaş nesle nusga alarlykly derejede tejribe mekdebi bolup durýar. Ussat halypa, kino sungatyny öwreniji Gapbar Hümmedow hem şeýle halypalaryň biri.

 Gapbar Hümmedow 1952-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1959-1969-njy ýyllarda şol ýerdäki 20-nji orta mekdepde orta bilim alýar. 1971-1973-nji ýyllar aralygynda Watan goragynda bolýar. Şol döwürde Çehoslowakiýa döwletinde harby gullukda her hepde-de üç gezek kino görkezilipdir. Harby polkda gezekli-gezegine kino klubda filmlere tomaşa edilipdir. Ýaş esgeri kino sungaty öz erkine goýmaýar. Gulluk borjuny ýerine ýetirip, öýlerine gelen sungata teşne ýigidiň hyjuwy joş urýar. Ol kakasyna sala salanda, Bally aga ogluna suw-hojalyk işleriniň oba ýaşaýşyna golaýdygyny aýdýar. 

Gapbar pederiniň raýyny ýykman, 1973-1976-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň gidromelioratiw tehnikumynyň meliorasiýa bölümini tamamlaýar. 1976-1981-nji ýyllarda Kerki şäherinde suwaryş ugrundan inžener bolup işleýär.

Ol haýsy hünärde zähmet çekse-de, gazet-žurnallary, kino we teatr hakynda kitaplary, çeper edebiýatlary elinden düşürmeýär. 

Günleriň birinde ol «Edebiýat we sungat» gazetinde medeniýet-sungat ugrundan okuwa kabul edilýän bildirişiň üstünden barýar. Bu joş urýan juwan ýüregiň urgusyna bat berýär. Kakasyndan rugsat alyp, synaga gaýdýar.

Döwlet kinosyna gelende, dalaşgärlerden ýaňa aýak basara ýer ýok ekeni. Gapbar hem öz kalbyna ýakyn bolan «Kinoöwreniji» ugruny saýlap alýar. Synag toparynda Halmämmet Kakabaýew, Lora Stepanskaýa, Baýram Abdyllaýew dagy sowal baryny ýagdyrýarlar. Sungatdan öň hem habarly bolan Gapbar olaryň beren sowallaryny kanagatlandyrýar. Spektakllary ýatdan bilensoň, salymyny bermän, bilýänlerini kagyza geçirýär. Onuň ýazanlaryny okan halypalar: «Şundan bir zat çykjak» diýip, okuwa ýollamaga hödürnama berýärler. 

Ol kino sungatyny öwreniji hökmünde Baýram Abdyllaýewi halypasy hasaplaýandygyny aýdyp, entek mekdepde okap ýören wagty Baýram aganyň kino hakynda ýazan makalalaryny, kitaplaryny okap, gaýybana tanşandygyny ýatlaýar. Soňra Moskwanyň Bütinsoýuz kinematografiýa institutyna 1981-nji ýylda okuwa girip, 1986-njy ýylda tamamlaýar. Ol Döwlet kinosynda redaktor bolup işe başlaýar. 

«Türkmenfilm» birleşiginde çeper we çeper publisistik, dokumental filmlere redaktorlyk edýär. Şeýdip tejribe toplap, kinodramaturgiýany düýpli özleşdirip, birnäçe awtorlyk eserlerini ýazyp, kinossenariçi hem kinorežissýor hökmünde onlarça filmleri surata düşürýär. G.Hümmedow milli sungatymyzyň geçen täsin taryhy ýoly barada, onuň ussat režissýorlarydyr aktýorlary hakynda we dünýä kino sungatynyň dürli meseleleri boýunça teleradio gepleşiklerinde çykyş edip, gazetdir žurnallarda makalalary yzygiderli çap edilip, köpüň ünsüni kino sungatynyň täsinliklerine çekýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Kino we teleradio sungatlary kafedrasynda işläp, talyplara kinonyň taryhy dersinden sapak berýär. G.Hümmedow ömrüniň otuz ýylyny kino sungatyny öwrenmäge bagyş etdi. Gapbar aganyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti nazara alnyp, 2009-njy ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakyldy. 

Meniň kino sungatyna aralaşmagyma Gapbar Hümmedow sebäp boldy diýsem, hakykatdan daş düşmerin. Sebäbi her hepdede onuň «Kino, kino, kino» atly telegepleşigi teleýaýlymda giderdi. Men bu gepleşige sabyrsyzlyk bilen garaşardym, esasan hem, hindi kinolary we olaryň baş gahrymanlarynyň durmuşy, döredijiligi bilen bagly täsirli gürrüňleri ederdi. Men: «Nädip kino düşüp bolýarka? Nädip aktýor bolup bolýarka?» diýip, Gapbar aga bilen duşuşmagy arzuw ederdim. Özümi gyzyklandyrýan sowallary berip, söhbetdeş bolasym gelýärdi. 

Nesibäm çekip, Türkmen döwlet medeniýet institutyna kino ugry boýunça okuwa girdim. Ynha, saňa gerek bolsa, Gapbar Hümmedow bizi kinonyň taryhy dersi boýunça okadýar eken. Halypa bize kinonyň döreýşinden şu güne çenli geçen ýoluny gürrüň bererdi. Türkmen kinosyndan başlap, daşary döwletleriň nusgalyk filmlerine tomaşa ederdik. Her filmden soňra, döredijilik çekeleşmesi giderdi. Kime haýsy sahna ýarady? Filmiň niresi şowsuz bolupdyr? Ýekeme-ýeke pikirlerimizi diňläp, seljerme berşimize dykgat ederdi. Halypanyň özi filmiň änigine-şänigine, ädimine-ädim beletdi. 

Ýyllar geçip, halypa bilen kärdeş bolduk. Men ondan öwrenmegimi dowam edýärdim. Halypanyň kino sungaty barada bilmeýän zady ýokdy. Gapbar halypa bilen az salym söhbet edip otursaň, gerekli maglumatlaryňy aňryýany bilen alyp bolýardy. 

Onuň okuw otagynyň içi hemişe adamlydy. Kino düşürmek üçin ýaňy edebi esasyny ýazyp başlan talyplardan başlap, ylmy iş bilen meşgullanýan mugallymlar hem onuň ýanyna maslahata gelýärdiler. Ol diýseň gürrüňçil, şadyýan adam. Aýdyp berýän wakasy göz öňüňde janlanyp durandyr. Haýsy temany gozgasa, saňa düşnükli bolar ýaly, wakanyň içine girip düşündirýär. Ýönekeý wakany hem diňleýjä täsirli, gyzykly ýetirmegi başarýar. Ol halypalarynyň, egindeşleriniň suratlaryny öz okuw otagynda sanaýmaly edip, asyşdyryp goýupdyr. «Ynha, men şu ägirtler bilen zähmet çekdim. Döredijilikde «ýörjen-ýörjen» wagtymda şu halypalar maňa ýol görkezdi. Men olary hemişe ýatlap gezýärin» diýýärdi. Men hem Gapbar aganyň aýdanlaryndan ruhlanyp, onuň bu döwletli başlan işini şägirt hökmünde dowam etdiresim gelipdi. Gapbar halypa maňa foto arhiwinden elektron suratlary berdi. Bu foto şekillerde türkmen kinoçylarynyň surata alyş pursatlary, aktýorlaryň, režissýorlaryň kino toparlarynyň ýadygärlik taryhy pursatlary bardy. Men ol suratlary kagyza geçirip, okuw iş otagymyň içinde töwerekleýin diwarlyklary taýýarlapdym. Instituta yzygiderli «Miras» teleradioýaýlymynyň kino bölüminden gelip, iş otagymda ýazgy ederdiler. Halypa: «Bu diwarlyklaryň öňüne geçip çykyş etsem, diwarda duran suratlardan ruhy goldaw alýaryn. Bu bitiren işiň üçin men saňa şägirt hökmünde guwanýaryn» diýipdi. Bu ýere halypalar Halmämmet Kakabaýew, Orazmyrat Gummadow, Ilmyrat Bekmiýew, Bally Orazow, Myrat Gurbangylyjow dagy gelseler, olaryň her haýsy öz ýaşlyk döwrüni gözleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda egin-egne berip işleşen kino toparlarynyň agzalaryny ýatlap: «Sogap iş edipsiň, inim. Sen bizi bir pursatlyk şol döwürlere syýahat etdirdiň» diýip, öz hoşallyklaryny aýdyp giderdiler. Muňa-da sebäp bolan Gapbar halypady. 

Ondan bäri on ýyl töweregi wagt geçipdir. Aram-aram öňki okuw iş otagyma baryp, ol diwarlyklara syn edýärin. «Dama-dama köl bolar» diýişleri ýaly, tutuş okuw otagyň içi surat bolup dur. Ony şol öňküje durkunda muzeý gymmatlyklary ýaly aýap saklaýar ekenler. 

Halypam maňa kino we teatr sungatyna degişli kitaplary hem sowgat berdi. «Ynha, bu kitapdan sen kinony söküp-düzüp seljerersiň, syn bermegi öwrenersiň. Bu kitapdan bolsa, kinodramaturgiýanyň inçe syrlaryny öwrenersiň» diýdi. Garaz, maňa kinorežissýor hökmünde ol kitaplar bahasyna ýetip bolmajak hazynady, baýlykdy. 

Soňra Gapbar halypa öz arhiwindäki gözüniň göreji ýaly aýap saklap gelýän ähli kino eserlerini ýekänme-ýekän getirip berdi. Bu saýlanan eserleri men kompýuteriň «huşuna» salypdym. Halypa olary bütin ömrüne ýygnap, iň gowy eserler hasaplaýardy. Men olara tomaşa edip, ýüzlerçe eseriň her haýsyndan nusga alarlyk häsiýetlere gabat gelýärdim. Bu ýagşylyklary üçin Gapbar mugallymdan hemişe hoşaldyryn. 

Halypam Gapbar Hümmedow bilen ýolagçy bolan mahalyňda, ony gören adamlar: «Hanha, kino daýy gelýär» diýip, dessine tanaýarlar. Her gezek ekranyň aňyrsynda görüp ýören, onda-da sylap-hormat goýýan adamyňa duşanyňda, kalbyňy üýtgeşik duýgy gaplap alýar. Ony edil suratkeşiň çeken eseri ýaly içgin synlaýarsyň. Pespäl halypa ýalňyş aýtsaň-da, sadalyk bilen düşündirýär. Ol şonda, göýä asmana gol uzadyp duran merdem çynary ýatladýar. Biz ýaş kinoçylar bolsa saýasynda kölegeläp, onuň belentligine, beýikligine syn edip, şeýle halypanyň şägirdidigimize diýseň guwanýarys. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halypa-şägirtlik ýolunda biz, medeniýet we sungat işgärleri öz halypalarymyzdan öwrenmegimizi we olary özümizden soňky ýaş nesillere geçirmegi yhlasly hem ynamly dowam edýäris. 

 

Ýagmyr TÜRŞEKOW.