Türkmenistanyň at gazanan artisti Döndi Sapardurdyýewa

Arzuw edilen hünär hem-de bagtly maşgala. Bu iki başlangyjy öz durmuşynda ýaşaýşyň esasy gönezligine öwürmegi başaran sungat ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Döndi Sapardurdyýewa hem döredijilik ýolunda halkymyzyň söýgüsini gazanan birnäçe keşpleri döredip, milli sungatymyza hyzmat edip gelýär. Biz ykbalyny sungata bagyşlan artistiň teatr sahnasyna gelşi, döreden ajaýyp keşpleri hakynda onuň bilen söhbetdeş bolduk.

—    Döndi gelneje, siz artist hökmünde köp häsiýetli adamlaryň keşplerini döredensiňiz. Belki, durmuşda-da meňzemek islän adamyňyz ýa artistiňiz bolandyr?

—    Ýaş wagtymyz obamyza Aşgabadyň teatrlary gelip, dürli mazmundaky spektakllary görkezerdiler. Biz olaryň birinem sypdyrmazdyk. Soňam spektakllarda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini döreden artistler barada, olaryň hereketleri, gürrüňleri hakynda köp bilýänden bolup, biri-birimize gezek bermän gürleşerdik. Olaryň maşgala durmuşyna, şahsy häsiýetlerine belet bolmak has hem gyzyklydy. Şonda meni Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň hereketleri, sahnada özüni alyp barşy diýseň özüne çekýärdi. Men ony her gezek görenimde «Wah, menem bir wagt şu gyz ýaly sahnada keşp döredip bilermikäm?» diýip, arzuw ederdim.

Ýüregimde beslän arzuwlarym hasyl boldy. Meniň teatra gelmegime-de, Ýelizaweta Garaýewa meňzejek bolşum, onuň bilen gürleşmäge wagt tapmaga synanyşyşym öz netijesini berdi. Amatly pursatda maňa bu ajaýyp aktrisa bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Şonda belli teatr we kino artisti bolup ýetişen aktrisa meniň arzuwlarymy diňledi-de, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet sazly-drama teatrynyň ýanynda ýerleşýän artistleri taýýarlaýan teatr studiýasyna okuwa çagyrdy. 1968-nji ýylda maňa ol ýere okuwa girmek miýesser etdi. Ol ýerde bize Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Çerkezow, meşhur dramaturg Begi Suhanow dagy teatr sungaty, artistlik käri hakynda giň düşünje berip, sungat äleminiň inçe syrlaryna aralaşmaga kömek ederdiler.

Talyplyk ýyllarym halkymyzyň söýgüsini gazanan «Iki aganyň hyzmatkäri» atly spektaklda Klariça atly gyzyň, toparymyzyň diplom işi üçin sahnalaşdyrylan «Batyr Jeren» atly spektaklynda Nabat atly gyzyň keşbini döretdim.

Görşüňiz ýaly, men sahnada-da, durmuşda-da elmydama Ýelizaweta Garaýewa meňzäsim gelýär. Sebäbi, ol diýseň mähribandy, özüniň sungatyň inçe syrlary hakyndaky maslahatlarynam, durmuşda toplan tejribeleri hakdaky maslahatlarynam hiç wagt, hiç kimden gaýgyrmazdy.

—    Siziň pikiriňizçe, zehin bilen yhlasyň nähili arabaglanyşygy bolup biler?

—    Zehin ynsanlaryň ählisine mahsus zatmyka diýýärin. Ýöne onuň ýüze çykyşy her kimde bir hili bolýar. Her bir adamyň belli bir zada, käbir adamyň bolsa, birnäçe zada aýratyn ukyby, başarnygy bolýar. Bu birinjiden-ä, ozaldan gursagyňa guýlan, galyberse-de, nesil yzarlaýan ýagdaýmyka diýýärin. Ikinjiden bolsa, ol seniň ýaşlykda alan bilimiňi, terbiýäňi, göreldäňi kabul edip biliş ukybyňa, bilim-terbiýäniň berlişiniň hiline baglymyka diýýärin. Yhlasa bolsa kämillik ugrundaky göreş diýip düşünýärin. Her ynsanda zehiniň ýüze çykyşy bir hili bolup biler. Emma yhlas — biziň iliňe-günüňe peýda getirip biljek ynsan bolmak üçin ýaltanman zähmet çekmegimize, kämillik ýolundaky gözleglerimiziň netijesine baglydyr öýdýärin.

 Meniň artist bolmagyma, şu derejä ýetmegime şeýleräk hadysalar sebäp bolupdy. Agam Amanny Ataýewiň ýazyjy hem şahyr bolmagy, durmuş, dünýe hakynda gyzykly gürrüňleri bermegi, şeýle-de çaga- lygymdan çeper eseri köp okap, dünýäde näçe adam ýaşaýan bolsa şonça-da özboluşly ynsan dünýäsiniň, häsiýetiniň bardygyna akyl ýetirmegim sebäp bolupdy. Kähalatda göwnümize ýaramadyk adamlaryň birini derrew erbet adamlaryň hataryna goşaýýas. Emma özümiziň oňa düşünmek islemeýänligimiz hakynda asla pikir hem etmeýäris.     

Ynsan dünýäsine düşünmek gaty kyn. Ýöne özümiziň dogry, parasatly hereketlerimiz bilen olaryň hem gowy adamlaryň hataryna goşulmagyny gazanyp bileris. Ine, şu pikirler hem meniň sahna gelmegime sebäp boldy. Kärime söýgim, yhlasym bolsa hünärimde şeýle üstünlikler maşgalamda bagty, agzybirligi getirdi. Şonuň üçin men-ä zehin diňe yhlas bilen utgaşdyrylanda hakyky zehine öwrülip bilermikä diýýärin. Şonuň üçin hem ýaş artistlere zehiniňiz näçe ýiti bolsa-da, sahnada näçe erkin, ussat keşp döredip bilýän bolsaňyz hem, barybir yhlasyňyzy, kämillik ýolundaky gözlegleriňizi goýmaň diýesim gelýär. Men talyplyk ýyllarymdan bäri halypalardan gymmatly maslahatlary alyp, öwrenip gelýän. Entegem özümi kämillige ýeten hasap edemok. Sebäp kämilligiň aňyrsyna çykma ýok eken.

— Artist elmydama sahnada hereketde, taýýarlykda bolmaly bolýar. Ýaşyňyzyň birçene baranlygy size sahnada kynçylyk döredenokmy? 

 — Sahnada men bu keşbi oýnajak, ony oýnajak däl ýa-da bu gün işe baryp - bilemok diýip bolmaýar. Sahnaň ruhuny bir kalbyňa siňdireňsoň ol seniň ýaşyňa seretmezden, gije-gündiz erkiňe goýmaýar. Döredýän keşbiňdäki adamyň häsiýetini özüňe alaňsoň, özüň duýmazdan, oňa öwrülýärsiň. Ol sahnada az hereket edýärmi, köp hereket edýärmi, bu zatlar gözüňe ilmeýär. Bu bolsa islendik kynçylygam diňe ruhy dünýäň sagdynlygy bilen ýeňip geçip bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Kähalatlar ýekeje kynçylyk ýüze çykýar. Men ýaramaz häsiýetli biriniň keşbini janlandyrmaly bolsa, bir azajyk kösenýän. Onda-da režissýorymam kömek edýär welin, ýoldaşym Aman Sapardurdyýew hem ep-eslije zähmet çekmeli bolýar. «Ol sözi beýle diýmeli, ol hereketi şeýleräk etmeli» diýip, öýde-de öwretmäge mejbur bolýar. Ahyryn tu- tanýerli zähmetim bilen ol kynçylyklary hem ýeňmegi başarýan.

 Hereket barada aýdanymda bolsa, enteg-ä janym tut ýaly sag. Islendik keşbi hem, köp hereketlidigine garamazdan ýerine ýetirmäge ýagdaýym bar. Hemişe-de ruhubelentlik bilen özümi beýle kynçylyk- lardan gutaryp bilermikäm diýýärin.

—    Sahnada janlandyran keşpieriňiz hakynda aýdaýsaňyz?

—    Men ýaş aktrisa hökmünde ilkinji gezek Türkmenistanyň halk artisti Oraz Hajymyradowyň goýan «Ömrümiň örki» atly spektaklda Maralyň keşbini janlandyrdym. Bu keşbim režissýora-da, tomaşaçyla- ra-da diýseň ýarady. Şonuň üçin ol maňa yzly-yzyna goýan «Güýç» spektaklynda Enejanyň, «Talyp söýgüsi» spektaklynda Gunçanyň, «Bu nähili beýle bolýar?» spektaklynda Züleýhanyň keşbini ynandy.

Sahnada döreden keşplerim barada birnäçe gyzykly zatlary aýdyp biljek. Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdullaýewiň goýan «Para» spektaklynda segsen ýaşly Täjigül ejäniň keşbini döretdim. Şol wagtlar özümem otuz dört ýaşymdadym. Keşp diýseň ýerine düşdi. Hatda kärdeşlerim hem sahna çykamda meni tanamandyrlar. Şondan soň yzly-yzyna gartaşan aýallaryň keşbini döretdim. «Ömrümiň örki» spektaklynda Maral atly gelniň keşbini döredenimde heniz durmuşa çykmandym. Şonuň yz ýany hem duýdansyz durmuşa çykdym. Bu diýseň täsin tötänlik bolupdy. Şeýle-de «Jeza» atly spektaklda Selbi ejäniň hem ýaşlygyny, hem garrylygyny janlandyrdym. Ikisiniň hem juda ynandyryjy bolandygyny diňe bir režissýor däl, köp artistler maňa aýdypdy. Mundan başga-da birnäçe çagalar spektakllarynda hem güýjümi synap görüpdim. Çagalar üçin niýetlenen «Aýazbaba», «Aýazmama», «Karlson» atly spektakllarda birnäçe keşpleri janlandyrdym. Umuman, häzirki günlere çenli sahnada dürli häsiýetli, dürli ýaşly adamlaryň keşbini döretdim.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goýulýan sahna eserlerinde hem adamlaryň ýürek owazlary diýseň buýsançly ýagdaýa eýe boldy. Sebäbi häzirki döwürde her bir raýatymyzyň kalby bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza söýgüden doly.

Häzirki wagtlarda men teatrymyzda sahnalaşdyrylýan «Gülki agşamy» atly aýdymly-sahnaly tomaşada yzygiderli çykyş edip durýaryn.

—    Siz artistler maşgalasy hökmünde tanalýarsyňyz. Diňe bir sahnada däl, öýde-de günüňiz şadyýanlykda geçýärmikä diýýäris?

—    Hawa, ýoldaşym — Türkmenistanyň halk artisti Aman Sapardurdyýewiň diňe bir sahnada däl, öýde-de şol degişgenligi. Ça- galar bilen hem şonuň ýaly. Köplenç beren soragyňa şeýle bir aýlawly gürrüňler tapyp suňşurar welin, onuň näme diýjek bolýanyna ep-esli wagtdan soň düşünip galarsyň. Menem ondan pes oturmajak bolup, degişmesine degişme bilen jogap berýärin. Kähalatlar bolsa, çagalara degşip «Gaýrat ediň, bize ýüz ýaşaýançak serediň. Soň özümiz başymyzy çararys» diýip, olary güldürip goýberýär.

 Asyl-a ikimizem sahnada gülküli, şadyýan keşpleri janlandyrmagy diýseň gowy görýäris. Aman bilen kärimizem bir, tebigatymyzam juda ýakyn. Şonuň üçin maşgalada düşünişmek diýseň ýeňil bolýar.

— Size mundan beýläk hem halkymyzyň göwnünden turaýjak ajaýyp keşpleri döretmegiňizi, sahna äleminde üstünlikleri arzuw edýäris.

—    Sag boluň! Mümkinçilikden peýdalanyp bize şeýle taýsyz bagty, jennet kybap zamany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň elmydama jany sag, ömri uzak bolsun!

Söhbetdeş bolan Ýazbibi Rasulowa.