Orazdurdy Hojaýewiň DEGIŞMELERI

Türkmenistanyň halk artisti Orazdurdy Hojaýew milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan artistleriň biri hökmünde giňden tanalyar. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Türkmen telewideniýeslnde we radiosynda türkmen hem-de dünýäniň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri esasynda, milli aýdym-saz sungatymyzyň taryhy barada söhbet açýan biri-birinden täsirli tele we radio spektakllary sahnalaşdyryp, köpleriň söýgüsine mynasyp boldy.

Halypa artiste ýurdumyzyň belli sungat ussatlary bilen bile işleşmek miýesser etdi. Orazdurdy aga kärdeşleri baradaky ýakymly ýatlamalary bilen birlikde olar bilen bolup geçen gülküli-degişmeli wakalary hem gürrüň bermegi halaýardy. 

                                                                                                                                                * * *

Bir gezek sungaty öwreniji Akmuhammet Aşyrowyň gowy görýän dostlarynyň biri syrkawlap, keselhana düşüpdir. Akmuhammet hem bir sebäbe görä, ony soramaga baryp bilmändir. Dosty keselhanadan çykandan soňra, Akmuhammede duşup:

— Dost diýjeksiň, näçe ýatdym, «Halyň niçik?» diýip, bir gezek hem keselhana barmadyň — diýip, nägilelik bildirýär. Akmuhammet hem öňki degişgenligini edip:

— Wah, men bir ýerik gitmeli boldum-da, ýöne öýkeleme, indiki gezek nesip bolsa, bararyn — diýip jogap berýär.

                                                                                                                                                 * * *
        Daşkent şäherinde ýerleşýän A.Ostrowskiý adyndaky ýokary teatr-çeperçilik institutynda okaýarkak «Hoja Nasreddin» atly spektaklda bir bölümi sahnada goýmaly bolduk. Şol sahnada Baýram Gurbanow diýen talyp ýoldaşymyz öýe girip, gizlenip ýatan ogryny tapmalydy. Ol penjiräni, soň gapyny açyp, daşaryk seretdi. Düňderilip goýlan kagyz gutynyň aşagyna seretdi, soň düşelgi halyny galdyryp, aşagyny gördi. Bir burçda duran küýzäni alyp, içine seretdi. Mugallym Baýramyň tiz keşbe girenine haýran galyp, hezil edip güldi-de:

—    Baýram, ogry gutyň aşagynda-da, taňkaň içinde-de, ýazylgy halyň aşagynda-da gizlenip bilmez ahyry — diýdi.

Baýram:

—    Ýoldaş mugallym, ogry gyssaga düşse, girmäge deşik tapsa sümüler — diýip, arkaýyn jogap berdi.

                                                                                                                                                * * *

Tagan Saryýew (Annam birgat) telewideniýede režissýor bolup işlän döwründe öz taýýarlamaly gepleşigini alyp barmaklygy ussat artist Taňryguly Seýitgulyýewden haýyş edip, gelmeli wagtyny berk tabşy- ryp, onuň eline-de gepleşigiň edebi esasyny berip goýberýär. Gelmeli wagty golaýlaýar, Tagan näçe garaşsa-da Taňryguly gelenok. Ahyry Tagan maňa: «Oraz, Taňrygulynyň öýüni bilýäň» diýýärler, şolara gidip geleli-le» diýdi. Ol telestudiýanyň golaýjygynda ýaşaýardy. Baryp gapyny kakdyk weli, Taňryguly öý eşiginde daş çykdy.
Tagan oňa:

— Sen heniz geýinmänsiňem-le, bar, tizräk geýin, türgenleşik wagty golaýlap gelýär — diýdi. Ol hem: «Bolýa, geýnip geleýin» diýip gitdi-de, wagty bilen gelmedi. Ahyry ol şol öňki eşiginde içine gowrulan etli kartoşka salnan okarany alyp geldi. Taňryguly:

—    Alyň, men geýinýänçam garbanyň — diýip, yzyna gitjek bolanda, Tagan:

—    Dur, gidip oturma, gepleşigi siziň öýüňizde geçiräýmeli bolduk.       
       Getir, näçe etli kartoşkaň bolsa, başga-da iýer içer ýaly zadyň bolsa getiriber diýip, öýe girdi.
       Taňryguly şeýle giň, äwmezek adamdy.