Türkmenistanyň halk artisti Töre Annaberdiýew

Töre Annaberdiýewiň ady agzalsa, ilki bilen pälwan türkmen Domrulyň keşbi göz öňünde ör-boýuna galýar. Domrulyň keşbi Töre Annaberdiýewiň terjimehalyndaky ajaýyp setirleriň biridir. Şu keşbi döretmek bilen ol sungat kitabynda öz ukyp-tärini goýmagy başardy. Bu özboluşly artist bilen ol aýatda dirikä taýýarlanan söhbetdeşlik köp kişide gyzyklanma döreder diýen tamamyz bar. 

-    Töre, siz öňem ençeme keşpleri döretdiňiz, ýöne size has uly meşhurlyk getiren “Däli Domrul” boldy. Şuny siziň özüňiz nähili düşündirýärsiňiz?

-    “Gorkut ata” – diýlen eseriň özi bir ägirt eser. Her kim ol eseri men döretdim diýip bilmez. Ol ata-babalarymyzyň dury paýhasynyň önümi. Teýi arassa zadyň üstüni sähelçe ýetirseň, ol üýtgeşik bir uly zat bolýar duruberýär. “Däki Domrulyň” tomaşaçylarymyz tarapyndan gadyrly garşylanmagynyň ilkinji sebäpkäri bizi beýik işlerde ruhlandyran arzylygy garaşsyzlygymyzdyr. Galyberse-de, däp-dessur ýörelgelerimiziň şaýola öwrülmegidir, milli mirasymyza giň ýol açylmagydyr, adamlaryň şu mukaddesliklere teşneligidir, şeýle hem biziň döredijilik toparymyzyň bu işe ýürek bilen ýapyşmagydyr, ykjam çemeleşmegidir. Şonuň üçin “Däli Domrul” teatr durmuşynda-da, biziň adaty durmuşymyzda-da özboluşly bir hadysadyr. Bu meselede “Seňki, meňki” diýen düşünjeler bolmaýar, bu iş biziň tutuş döredijilik toparymyzyň yhlasynyň şirin miwesi. Baş režissýoryň (K.Aşyrow) ähmiýetini-de inkär edip bolmaz. Ol şol oýnuň bütin süňňüni düzen, sünnälän hem syntgylan, timarlan hem taraşlan, ony başdan aýaga öz beýnisinden geçiren adam. Şol oýnuň oýun bolmagynda onuň çeken zähmeti, goşandy uludyr. 

-    Sizi görseler, adamlar ýylgyraýýarlar. Siz sahnadakaňyz, il gyzyl-gyran. Bu tötänlikmi ýa-da!...

-    Bilemok. Daş sypatymda-ha Tagan Sarynyňky ýaly ýa-da Akmyrat Bäşimiňki ýaly göze görnüp duran gülkünçlik ýokmuka diýýärin. Adamlar ýöne meniň oýna keşplerimi ýatlap gülüşýän, ýylgyryşýan bolaýmasalar. Onsoňam, ýene bir zat bar. Käbir adam bir zady aýdanda bir geňsi edip aýdyp bilýär. Käbiri bolsa gülkünç zadyňa işini göräýýär. Öňräk artistleriň birine degişme aýdyp berdim welin, ýarym sagat soň ýanyndan şony özüme gürrüň berip otyr. Menem ýüzümi sallap otyryn. Onsoň oglanlaryň biri: “Töre, senem güläýsene” diýdi. Menem oňa: “Nädip güleýin, jan dogan, ýarym sagat mundan öň özüm aýdyp berdim şuňa şu degişmäni. Ynha indem degişmäniň işini görüp, özüme aýdyp berýär” diýdim. 

-    Beýle bolsa okyjylarymyza-da bir degişme aýdyp ber-dä.

-    Öňde-de bir aýal üç aýlyjak çagasyny adamsyna taşlap, bazara gidýän bora çemeli. Adamsyna-da: “Gyw, şu çaga turaýsa huwwalaweri” diýýärmiş. Çaga-da näme, ejesi ýanynda bolmasa aglagyç bolýar-da. Bazara baraňsoň beri çaltrak gaýdaweri “haw” diýse, aýaly: “Waý-eý, ýüzugruma hol pylanylara-da baraýyn, olardan çykyp, ol gaýraky pylanylara-da baraýyn, onsoň ol ilerkilere-de degip geçeýin” diýip, gu günde-ertede geljek heleýe meňzemeýän bolarly. “Aý, how, şolardan çykaňsoň bir göni öýe gelgin” diýip, adamsy görgüli – zar-zelil diýýär. Aýaly gapydan çykýa welin, enesiniň ysyny ýitiren çagada başlaýa aglamaga. Sallançagy hernäçe batly üwrese-de çaganyň sesini goýduryp bilmänsoň, ýaňky aýalyň adamsy:

Allan-allan apaýyn, Ýagyrnyňa gorçişnik ýapaýyn. Daňdan giden ejeňi, Men nireden tapaýyn-eý diýip, zowladyberipdir diýýä. Şonda bäbejik kellesini sallançakdan galdyraga-da, “Kaka, ýuwaşrak bolsana-how, ejem ýok wagty beri birsellem ýataly-la” diýäýipdir diýýä.

-    Täsin degişme. Sag bol, Töre, men durmuşda-da, sahnada-da mert  aýallara köp duş gelýärin.

-    “Däli Domrulda” aýal mertligini açyp görkezýän örän şowly bir görnüş bardyr. Domrul bir ýerde küpür gepläp, Allanyň gazabyna duçar bolýar. Şonda taňry taladan buýruk bolup, Ezraýyl Domrulyň janyny almaga gelýär. Domrul Ezraýyla ýalbarmaga başlaýar. Ezraýyl oňa jan alyp, jan berýäniň bir Alladygyny düşündirýär. Soňra oňa Haktagalanyň “Domrul jan ýerine jan tapyp berse, onuň öz jany azat bolsun” diýen emrini aýdýar. Domrul ilki bilen garry ata-enesiniň ýanyna barýar. Olar janyny bermäge razy bolmaýarlar. Ol aýalynyň ýanyna baryp, ýagdaýyny aýdanda, aýaly, “meniň janym seniň janyňa gurban bolsun” diýip, janyny bermäge razy bolýar.

Men durmuşda-da şeýle aýallaryň az däldigine guwanýaryn. Şu gazanan abraýyma, üstünligime aýalymy deň şärik hasaplaýaryn. Döredijilik adamsyna düşünmek aňsat däl. “Däli Domrul” spektaklynyň üstünde işlän mahalym, şol keşbi keşp etmek üçin gatnan mahalym, meniň küýüm-köçäm, ähli pikirim şol keşbim bolupdy. Şu zatlary aýdyp, aýalymam meniň ýarpy göwräm diýjek bolýaryn meniň göwrämiň ýarysy boljak bolsa-da, ep-esli zat bolmaly ol. Aýal adamsyna düşünmeli, diňe düşünmeli hem däl-de, abraýyna-da şärik bolmaly. 

-    Töre, seniň Däli Domrulyň dutar çalşyny görenler “halypaň kim?”  diýib-ä soraýan bolsalar gerek.

-    Saz bilen araň nähili diýjek bolýaňmy? Häzir aýdaýyn, özüňiz düşünersiňiz onsoň, “Harmandäli” spektaklyny goýanymyzda Akmyrat Çaryýew bize saz boýunça maslahatçy boldy. Häli-häzirlerem, “halypam kim?” diýseler, “Akmyrat Çary” diýýän goýberýän. Ýöne halypamyň meniň saz çalşyma bolan garaýşyny aýtsam, gülüp hezil edinersiňiz. Ol maňa “Be, aýdym aýdyp otyrkaň-a gowy, ýöne çalyp otyrkaň weli ýalňyş” diýýär. “men şu sazyň ähli tilsimlerini bilýän welin, maňa seniň ýalňyşyşyň ýaly ýalňyşmak üçin on ýyl dagy wagt gerek bor” diýýär halypa sazandamyz.

 

G.Myradow.